ÝALKYM SAÇÝAN AK BINALAR NESILLERE MIRAS GALAR

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyran, hakydalara hemişelik keşdelenen şatlykly wakanyň bolup geçenine entek köp wagt geçenok. Okyjy meniň haýsy wakanyň gürrüňini edýändigimi bilesi gelip, geçen günleri aňynda aýlaýandyr. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni şatlykly, ýatdan çykmajak wakalara beslenýär. 
Meniň gürrüňini edýän şatlykly wakam gaty köp maşgalanyň öýli bolmak, onda-da ähli amatlyklar döredilen jaýlarda ýaşamak hakyndaky arzuwlarynyň wysaly, ýagny gözel paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň açylyp, ulanylmaga berlen gününiň şowhuny, öýli bolan ildeşlerimiziň buýsançly sözleri, bagtyýar bakýan gözleri hakynda. Teleýaýlymlaryň üsti bilen ençeme gezek açylan binalar hakyndaky gepleşikleri synlan hem bolsam, «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýen pähime uýup, öz gözüm bilen görüp, Beýik Binagäriň — Gahryman 
Arkadagymyzyň çyn yhlasyndan dörän gözelligi ýakyndan synlasym geldi.
13 belgili awtobus bilen täze, ak mermerli binalara beslenen aýna ýaly ýoluň soňuna çenli synlanymy-da az görüp, pyýadalap her bir binany içgin synlap başladym. Türkmen telekeçileriniň zähmeti bilen bina bolan 12 gatly jaýlaryň iki ganatyny bezeýän köpöwüşginli mozaika pannolarda ýurdumyzyň sährasy, binagärlik sungaty, milli şaý-seplerimiz, halydyr keçelerimiz, palas we beýleki dokma önümlerimiz şeýle ökdelik bilen şekillendirilipdir welin, binalary synlanlarda «Bu jaýlaryň daşy şeýle bezelen bolsa içki bezegi nähilikä?» diýen pikirleriň dörejekdigi ikuçsuzdyr. Ýanýodalar, giň hem aýna ýaly tekiz ýoldan gaýyp barýan ulaglardyr awtobuslar halkymyzyň bagtyýarlyk mukamynyň heňine öz owazlaryny goşýan ýaly. Her jaýyň gabadynda sport bilen meşgullanmaga, çagalaryň oýnamagy üçin, adamlaryň oturyp, dynç almaklary üçin döredilen mümkinçilikleriň waspyny diňe görenler aýdyp biler diýen netijä geldim. Jaýyň bir ganatyny bezäp, geleniň-geçeniň ünsüni özüne jemleýän, alyp boýnuňa dakaýasym gelen milli şaý-seplerimizi — gülýakadyr tumaryň täsin gözelligini synlap, jaýyň girelgeli tarapyna ýöneldim. Ajaýyp binanyň öňündäki sport meýdançasynda futbol oýnaýan oglanjyklaryň şowhunly sesi bagtyýarlygyň mukamy bolup, al-asmana göterilýärdi. Men olary synlap, iň ýagşy arzuwlaryň wysal bolýan ýurdy bolan ata Watanymyzyň ýagty geljeginiň eýelerine sagdyn bolmaklary, bagtyýar ýaşamaklary üçin döredilen mümkinçilikleriň ýene bir gezek şaýady boldum. Sport meýdançasyndan azajyk aňyrrakda çagalar oýnamak üçin gurlan oýun meýdançasynda agtygyny sallançakda üwräp duran enäniň bagtyýar ýylgyryşy töwerek bilen şeýlebir sazlaşýardy welin, öz suratçy bolmandygyma ökünenimi duýman galdym. Gyzjagazyň jedirdäp, enesine berýän gürrüňine päsgel bermejek bolup ýene-de uly ýoluň ugruna çykdym. Ýoluň aýlawynda daş-töweregiň asudalygyny gorap duran ýaly edilip ýasalan alabaýyň heýkeli öz mähriban garaýşy bilen maňa: «Ýagşyny görmek jennet» diýleni çyndyr görseň!» diýip, habar gatan ýaly duýgulary bagyşlady. 
Alabaýyň heýkelini synlap durşuma, Gahryman Arkadagymyzyň badalga bermeginde 2020-nji ýylyň maýynda döredilen «Halkara türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň türkmen alabaýlaryny yzygiderli köpeltmek, halk seçgiçilik usulyny hem-de milli itşynaslyk mekdebini giňden peýdalanyp, halkara derejesine ýetirmek ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri hakynda oýlandym. Milli 
Liderimiziň başlangyjy bilen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň hem-de Änew şäherinde weterinariýa bejerişhanasy we öý haýwanlaryny saklaýan dünýä ölçeglerine laýyk gelýän toplumyň gurlup, ulanylmaga berlendigi biziň ýadymyzda. Täze heýkeli synlaýan her bir ynsanyň hormatly 
Prezidentimiziň görkezmesine laýyklykda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk bölüminiň weterinar lukmançylygy kafedrasynda täze hünär — kinologiýa hünäriniň açylandygyny hakydalaryna ýazylan buýsançly wakalary täzeden ýatlanjakdygy bigümandyr.
Meniň hakydamda «Aşgabat 2017-niň» oýunlarynyň nyşany hökmünde saýlanylyp alnan, sport ýeňişleriniň tumary bolan Wepalynyň keşbi janlandy. Hyýalymda gözellige teşneleri 6 metre barabar alabaýyň şekilini, 9 metre barabar postamenti bilen bilelikde, jemi 15 metrlik heýkeli, onuň töwereginde ak guwlary ýatladyp, başyny asmana diräp duran 12 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-syny hem-de 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-syny özünde jemleýän gözellikler toplumyny synlamaga çagyrdym. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda 5 müňden gowrak ynsanyň kalbyna şatlyk duýgularyny bagyş eden, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň 1008 maşgalasynyň mukaddes öýli bolmak arzuwynyň wysal bolan ýerini doly aýlanyp çykmak üçin müňlerçe ädim ädip, ençeme kilometri paý-u-pyýada geçsem-de, bedenimde ýadawlyk duýmadym. Sebäbi asmana gol bulaýan belent jaýlar ak geýnen gelin kimin töwerege ýalkym salýardy. Setir duran gözellikleriň birini alyp, beýlekisini goýar ýaly däl. Jaýlaryň töwereginiň abadanlaşdyrylyşyny görmän, beýan etmek mümkin däl. Paýtagtymyzyň bu künjegi Beýik Binagäriň — Gahryman Arkadagymyzyň çyn yhlasyndan kemala gelen paýtagtymyzyň bagtyýarlyk kompozisiýasynyň bir bölegine meňzeýär. 
Gözüm bilen görüp, hakydama keşdelän gözelliklerimiň üstüni «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkeziniň ajaýyplyklary bilen ýetirdim. Bu ýerde ýerleşen söwda nokatlary, toý zallary, restoranlar, dükanlardyr marketler halkyň hyzmatynda. Meniň ünsümi çeken ýene-de bir ýer özünde çagalaryň 300-sini kabul edip biljek dürli attraksionlary öz içine alýan dynç alyş we şüweleňler zolagy boldy. Men bu ýerdäki attraksionlary synlanymda, bagtyýar çagalaryň şowhunly sesleri, özleriniň ähli arzuwlarynyň wysal bolmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza «Arkadaga alkyş bolsun, şan bolsun!» diýip aýdýan alkyşlary ýaňlanan ýaly boldy. Bu alkyşlar diňe bir çagalaryň däl-de, eýsem, ähli amatlyklary «akylly öý» ýörelgesi boýunça enjamlaşdyrylan jaýlardan öýli bolan ildeşlerimiziň dilleriniň senasydyr. Bu öýleriň amatlyklary hakynda ýeneki makalalarymda ýazaryn diýen belent ynam bilen uly ýoluň gyrasynda durup, gözellige bürenen binalardyr alabaýyň heýkelini täzeden synladym. Näçe synlasam-da, bu gözelliklerden gözüm ganmady. 
Nesip bolsa, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň uludan bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ýene täze-täze binalaryň açylyş dabarasyna şaýat bolarys. Bu bolsa  gözellikleriň dowamly sazlaşygyny emele getirer.
Bu sazlaşyk Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz Aşgabady ajaýyp şähere — täze eýýamyň nyşanyna öwrüp, ony agtyklarymyza we çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys» diýen sözleriniň subutnamasy bolup, paýtagtymyzyň görküne görk goşan gözelliklerdir. Bular barada ýene kän makalalar ýazylar. Paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi, kaşaň binalary şygyrlarda wasp ediler. Munuň şeýle boljakdygyna, bu gözellikleri synlamaga ýene-de geljekdigime bolan belent ynam bilen ýola 
düşdüm...
Gülälek MERETMYRADOWA,
«Adalat».