Halk häkimiýetliliginiň dabaralanmagy

Düýn ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasynyň agzalarynyň saýlawlary boldy. Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek göni däl saýlaw hukugy esasynda geçirilen bu saýlawlar halk häkimiýetliliginiň mizemez ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen saýlawlar işjeň häsiýetde boldy.
Aşgabat şäherinde bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre «Mekan» köşgünde geçirildi. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary çärä baýramçylyk ruhuny çaýdy. Bu ýerde guralan sergide hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän eserlere, şeýle-de şekillendiriş we amaly-haşam sungatyna degişli önümlere giň orun berildi.
Soňra saýlawçylar, ýagny Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalary saýlaw toparynda hasaba alyndy. Olar işjeň ýagdaýda ses berdiler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe demokratiýanyň ýene-de bir aýdyň ýüze çykmasy bolan bu jemgyýetçilik-syýasy çärä milli synçylar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar.
— Hormatly Prezidentimiziň milli parlamenti iki palataly ulgama geçirmek baradaky başlangyjy ähli halkymyz tarapyndan gyzgyn goldaw tapdy. Bu babatda halkdan gelýän teklipler öwrenilip, degişli işler alnyp baryldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilen şu günki möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de döwletimiziň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar edilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler ýolunda ýene bir ähmiýetli waka boldy.
Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzdan 17 adam dalaşgär boldy. Olardan sesleriň köplügini alan sekiz dalaşgär Milli Geňeşiň Halk Maslahaty palatasynyň agzalygyna saýlanýar. Saýlawa işjeň gatnaşan Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalarynyň 12-siniň zenanlardygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gender deňligi boýunça halkara hukuk kadalarynyň hem üstünlikli berjaý edilýändigini görkezýär — diýip, Aşgabat şäher halk maslahatynyň başlygynyň orunbasary Gurbannazar Ataýew gürrüň berdi.
Ahal welaýatynda hem saýlaw möwsümi yglan edilen gününden başlap, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, degişli işler alnyp baryldy. Has takygy, möwsümiň çäginde Ahal welaýat saýlaw topary tarapyndan syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik guramalaryndan, raýatlar topary tarapyndan milli synçylaryň 61-si hödürlendi. Merkezi saýlaw toparynda bellige alnan milli synçylara dabaraly ýagdaýda şahadatnamalar gowşuryldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlaryna taýýarlykly barmak we ony ýokary guramaçylykly geçirmek üçin saýlaw toparynyň agzalary bilen okuw maslahatlary geçirildi, dalaşgärleri hödürlemek çärelerine aýratyn ähmiýet berildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasynyň agzalygyna Ahal welaýatyndan dalaşgärleriň 21-si, şol sanda welaýat halk maslahaty tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň 3-si, şäherdir etrap halk maslahatlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň 18-si Merkezi saýlaw toparynda bellige alyndy we olara degişli şahadatnamalar gowşuryldy. Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary ýokary derejede geçirildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýat boýunça 8 mandatyň her biri üçin 2-3 dalaşgär bäsleşdi.
Saýlawlar welaýat merkezindäki Medeniýet öýünde döredilen saýlaw uçastogynda geçirildi. Medeni ojagyň öňündäki giň meýdança ir bilen baýramçylyk ruhuna beslendi. Saýlawçylar 21 dalaşgäriň has mynasyplaryna öz seslerini berdiler. Saýlawlaryň açyklyk hem aýanlyk esasynda, kanunçylyga laýyklykda geçirilmegine milli synçylar gözegçilik etdiler.
Balkan welaýatynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasynyň agzalarynyň saýlawlary ýokary işjeňlik we ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Bu syýasy waka ata Watanymyz Türkmenistanda demokratiýanyň ýörelgeleriniň barha pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Çäräniň başynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlarda, folklor we tans toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda milli Liderimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda ähli ulgamlarda, şol sanda türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslaryny pugtalandyrmakda gazanylýan ösüşler wasp edildi.
Welaýatda dürli kärlerde zähmet çekýän dalaşgärleriň 21-sinden iň mynasyplaryň 8-sini saýlamak amala aşyryldy.
— Ýokary guramaçylyk derejesinde geçen bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolan demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar. Saýlawlaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy toýlanylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilýändigi hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Saýlawlarda üstün çykanlaryň Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň geljekki ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna pugta ynanýarys. Hormatly Prezidentimize il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işlerinde mundan beýläk hem rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw edýäris — diýip, Balkan welaýat halk maslahatynyň başlygy Maýsagül Annataganowa buýsanç bilen gürrüň berdi.
Daşoguz welaýatynda hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasynyň agzalarynyň saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Saýlaw uçastogynyň ýerleşýän ýeri bolan welaýat kitaphanasynyň öňündäki dabaralar meýdançasy bahar paslynyň bu nurana güni baýramçylyk lybasyna beslendi. Açyk asmanyň astynda milli öwüşginler bilen bezelen giň sahnada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, gülläp ösýän ýurdumyzy, Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän hoş owazly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Milli ýörelgelere daýanýan, halkara hukugyň umumy ykrar edilen esasy kadalaryna kybap gelýän, açyklyk we aýanlyk esasynda geçirilen saýlawlar türkmen jemgyýetiniň demokratik sütünlerini berkitmekde uly ähmiýeti bolan möhüm syýasy çärä öwrüldi.
— Ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açýan, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda aýratyn ähmiýetli syýasy çäre bolup, täze derejede geçirilen saýlawlara gatnaşmak hem ses bermek bagty miýesser etdi. Milli kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilmeginde saýlawlarda welaýatdan hödürlenen 18 dalaşgäriň iň mynasyplaryny saýladyk — diýip, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň S.Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Myrat Guljykow aýdýar.
Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasynyň saýlawlary welaýat kitaphanasynda geçirildi. Welaýat halk maslahatynyň agzalary görkezilen 18 dalaşgäriň arasyndan iň mynasyp 8-sini saýlap almak üçin ses berdiler. Dalaşgärler Türkmenabat şäher we etrap halk maslahatlaryna wekilçilik etdiler. Welaýat boýunça bellige alnan 18 dalaşgäriň dördüsi zenanlardyr. Dalaşgärleriň arasynda bilim, oba hojalyk, senagat, ulag, hukuk goraýyş ulgamlarynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar.
Möhüm syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Saýlawçylar bilen duşuşyklarynda dalaşgärler öz maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Saýlawçylar ses bermäge işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak dalaşgärleri goldadylar.
Mary welaýatynda hem saýlawlar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda sekiz mandatly bir okrug boýunça döredilen saýlaw uçastogynda geçirilen bu çärede aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy.
Saýlaw uçastogy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine laýyklykda, degişli resminamalar, enjamlar, saýlaw gutusy hem-de ýörite kabinalar bilen doly üpjün edildi. Saýlaw toparynyň agzalaryndan degişli saýlaw býulletenlerini alan saýlawçylar hödürlenen 17 dalaşgäriň iň mynasyplaryna ses berdiler.
Saýlawyň guramaçylykly geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň, demokratik ýol-ýörelgeleriň barha rowaçlanýandygyny hem-de dabaralanýandygyny ähli aýdyňlygy bilen görkezdi.
(Öz habarçylarymyz).
Surata düşürenler A.ŞEKEROW, A.PAKULOW, Ş.AMADOW.