Döwletli döwrüň berekedi

Garaşsyzlyk diýen düşünje berdaşly daragt deý şaha-şaha ýaýylyp gidýär. Diňe azyk garaşsyzlygynyň özi nämä degmeýär?!
Azyk bolçulygy, azyk howpsuzlygy dünýä derejesinde hem ählumumy howpsuzlygyň wajyp bölegi hasaplanýar. Munuň özi diňe bir ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligi diýmek däldir. Şunda önümiň hili esasy talap bolup, ol iň ýokary gymmatlyk — adam saglygy babatdaky tagallalar bilen baglanyşýar.
Siz eýýäm gürrüňiň öňňin, 25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň badalga bermegi bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda açylan täze ýyladyşhanalara syrykjagyny aňansyňyz. Diňe ýyladyşhanalarmy?! Eýsem, şu döwletli tutumyň özünde milli Liderimiziň halkyň abadan durmuşy, azyk bolçulygy babatdaky köpugurly strategiýasy, şunda hususy pudaga berilýän orun aýdyňlygy bilen açylmaýarmy, eýsem?!
Döwür kimiň döwri — il bähbitli belent maksat tutup, azap alla diýip zähmet çekýänleriň döwri! Halal baýamagyň döwri! Oňarana, azabyndan gaçmaýana ýol hem, mümkinçiligem açyk.
Bazar gatnaşyklary bitewi düşünje bolup, onuň bir ugry şahsyýetiň bilim başarnygy, zähmete ukyplylygy esasynda döwlete dahylsyz ykdysadyýeti döretmek bilen baglydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda hususy pudagyň jemi içerki önümdäki paýy 70 göterime barabardyr. 2021-nji ýylda onuň paýyny 70,6 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýyladyşhanalaryň açylyş dabarasynda sözlän sözünde döwletimiziň hususy pudagy ösdürmekdäki tagallalary barada jikme-jik aýtmak bilen, ýurdumyzyň sebitleriniň öndüriji güýçlerini we önümçilik gatnaşyklaryny doly derejede ulanmagyň baş maksatlarymyzyň hatarynda durýandygyny nygtady.
                                            ***
Täze ýyladyşhanalaryň açylyş dabarasy bilen ugurdaşlykda bu ýerde oba hojalygyna ýöriteleşen hususyýetçileriň öndüren önümleriniň sergisi-de guraldy. Bu tutumly sergi sanlyja gün ozal, has anygy, 17 — 23-nji mart aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň giň gerimli, köpugurly sergisiniň özboluşly dowamyna öwrüldi.
Hatar-hatar önümleri görseň, gözüň, göwnüň dokunýar. Önümleriň aglabasy ýaňy-ýaňylara çenli ýurt aşyp, harajat harçlap getirilen önümlerdendi. “Miweli ülke”, “Ýigit”, “Erkin miweçilik”, “Nurly meýdan”, “Bagdan”... ýaly hojalyk jemgyýetleridir hususy kärhanalaryň önümleri biri-biriniň üstüni ýetirip, bereket sazlaşygyny döredýär.
Il arasynda bolanyňda, ýerli önümleriň daşyndan getirilen önümlerden birjik-de pes däldigi, gaýta köp babatda artykmaçdygy baradaky hoş söhbetlere gonak bolýarsyň. Eýsem, köpüň göwnünden turýan bu ýokary hiliň hikmeti-hümmeti nämedekä?! Elbetde, döwür bilen bile adamlaryň talaplarynyň hem ösýändigi, ösen talaby ödemegiň üstünlik gazanmakda ilkinji şertdigi aýtmanymyzda hem aýandyr. Ýöne aýratyn nygtalmaly zat, ösen talaby ödemek ugrunda çekilen zyýada zähmetiň üsti bilen, bu önümlere Watanyňa söýgi, il-günüň ýagşysyna ýaramak ýaly ýürek ýylysyna ýugrulan ençe-ençe duýgy-düşünjeler hem yhlas siňýär ahyry! Halkymyzda “eýeçilik gözi” diýen düşünje bar. Eýeçilik gözi bilen garalan zadyň arzysy-da, sarpasy-da, berekedi-de başga bolýar!
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan içerki bazarlarymyz mal eti, guş eti, balyk, şöhlat, ýumurtga, süýt we süýt önümleri, del tagamly et önümleri, süýji-köke, miwe şireleri, alkogolsyz içgiler, ir-iýmişler, gök we bakja önümleri, gaplanan gök-miwe we et önümleri, şeýle hem beýleki azyk harytlary bilen bolelin we elýeterli üpjün edilýär.
                                            ***
Döwletli işiň beýany özünde bolýar. Statistiki maglumatlar bu ugurdaky netijeli işleri sözsüz subut edýär. Geliň, käbir maglumatlara ýüzleneliň!
Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk we azyk önümleriniň ortaça 92 göterimden gowragy ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine degişlidir. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi geçen ýyl 155,6 göterime barabar boldy. 2020-nji ýylda hususy pudakda ýeralmanyň 37 müň tonnadan gowragynyň ýygnalmagy bu babatda iň ýokary görkeziji boldy. Bakja ekinleriniň, miwe, ir-iýmiş, gök önümleriň, däneli, kösükli ekinleriň önümçiliginiň artyşy babatda-da şeýle guwandyryjy delilleri getirmek bolar.
Geçen ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýetişdiren 37 müň 750 tonna pomidory daşary ýurtlara eksport edildi. Bu bolsa, şondan öňki ýyl bilen deňeşdireniňde, 70 göterim köpdür. Eýýäm şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda bolsa bu görkezijiniň 16 müňe baryp ýetendigi depginiň barha ýokarlanýandygynyň delili.
Onsoň, ýurdumyzyň sebitlerinde birbada alty ýyladyşhananyň açylandygy, ýene-de ençemesiniň gurluşygynyň gyzgalaňly barýandygy geljek ýyllaryň hasylynyň has bitginli, has bereketli boljagyny häzirden ynamly aýtmaga esas berýär.
Ine, şu maglumatlary seriňde saldarlap, täze ýyladyşhanada dürli görnüşli pomidorlaryň nyzamly hatarlaryny synlaýarys. Adatça, gülgüne-sargylt pomidorlar gözüňe del görünýär. Ýöne owalebetinde pomidoryň reňki sary bolupdyr. “Pomidor” sözüniň özi-de italýan dilinde “altyn alma” diýmegi aňladýar. Ýöne bu aňlatmanyň onuň diňe reňki bilen däl-de, gadymlardan şu güne altyna barabar arzysy bilen baglydygy düşnükli. Ha goýultma, ha duzlanan görnüşi, ha nahara goşundy... hökmünde pomidoryň gündelik iýmitde paýy uly. Onuň dünýäde hem indegi-idegi ýetik. Şondan ötri mundan ýetişdiribileniň özüňki. Ine, täze açylan ýyladyşhanalaryň 6-synda hem pomidor ösdürip ýetişdirmekde giň şertler ýola goýlupdyr.
                                            ***
Halkymyz “Ýaz aksyzdan, güýz göksüzden maslahat sorama” diýýär. Bu söz — agyny-gögüni özi üpjün edip, rysgyny topragyndan öndüren halkyň sözi. Türkmen aga iýjek gallasyny, tüwüsini, naz-nygmatyny hemişe özi öndüren halkdyr. Her hojalyk, bolmanda, bäş tanap ýerini ekip, bir ýyllyk ähli hojalyk çykdajylarynam şondan alypdyr, iýjek-içjeginem. Jaýynyň üstüni basyrmak üçin pürslük agaçlary hem bäş tanap ýeriň daş gyrasyna ekip alypdyr.
Özüňden önse — ajaýyp. Öňküleriň “Enemde bolsa dilärin, aýamda bolsa ýalaryn” diýen altyna gaplaýmaly nakyly bardyr. Harydy boluň bazary-da arzandyr. Bazary bol bolan iliň adamlarynyň kanagatly, dokmäde, kalby jomart bolýandygyny has gadymy eýýamlaryň danalary aýdyp geçipdirler.
Bu günki gün ýurdumyzda ornaşdyrylýan döwrebap tejribeler topragyň sahawaty bilen utgaşyp, ak bazarlarymyzyň berekedine bereket goşýar.
Aň edýärsiňizmi, şindi haýsy ýana nesip dartyp, ýola düşseňem, ýol ugrunda ýyladyşhanalara, miweli baglyklara ýygy-ýygjam duşmak bolýar. Asyl, gyzyklanyp görsek, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ulanmaga berlen ýyladyşhanalaryň sany 140-dan geçiberen eken, tüweleme! Olaryň umumy meýdany bolsa 400 gektara barabardyr. Şolarda gök önümlerden başga miweli baglar hem ösdürilýär.
Biziň döwrümizde ýyladyşhana diýmek — häzirki zamanyň iň täze tejribeleri diýmek! Innowasion tehnologiýalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri diýmek! Altyndan arzyly suwuň tygşytly ulanylmagy diýmek! Bol bereket, baý hasyl diýmek!
Soňky wagtlarda banan, sitrus, mandarin, apelsin ýaly del miweleriň biziň topragymyz bilen “dil tapyşmagy-da” şeýle işleriň netijesi.
Elbetde, tarp ýerden ýyladyşhana gurup, önüm öndürmegiň hem azaby, hasaby ýetik. Ýöne öndüren önümiňi isripsiz ýerlemegiň, saklamagyň hysyrdysy-da hele-müçük däl. Şunda hem soňky ýyllarda giň gerimde gurlan, önümleri terligine yrýasyz-ynjysyz saklap bilýän sowadyjy ammarlaryň belli bahasy ýok. Şeýle desgalaryň ýene-de giden tapgyrynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny bellesek, halkyň rysgal-berekedi bilen bagly işleriň toplumlaýyn-töwerekleýin gidýändigine göz ýetirmek kyn däldir.
Onsoňam, täze açylan ýyladyşhanalarda, meselem, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky ýyladyşhananyň işi bilen ugurdaşlykda önümler üçin dürli ölçegdäki gaplaryň önümçiliginiň hem ýola goýlandygyny aýtmaly.
                                            ***
Bu işleriň hemmesi-de gelip-gelip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmek, eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmak ýaly döwrüň wajyp wezipelerinden ugur alnyp kabul edilen Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär.
Döwletimiziň import-eksport strategiýasyny amala aşyrmakda telekeçilige möhüm ähmiýetiň berilmegini ykdysatçy-hünärmenler birnäçe sebäpler bilen delillendirýärler. Birinjiden, munuň özi häzirki wagtda hususy kärhanalaryň ýurdumyzdaky ähli kärhanalaryň dörtden üç bölegini düzýändigi, şoňa görä-de, hususy ulgamyň ykdysadyýeti pugtalandyrmakda uly güýç bolup durýandygy bilen baglydyr. Ikinjiden bolsa, telekeçilik işi özüniň düzümi-mazmuny boýunça ykdysadyýetde bolup geçýän özgerişlere çalt seslenmäge, tiz uýgunlaşmaga gaýymlygy-gabyllygy bilen bellidir. Ine, şu aýratynlyklar hem importyň ornuny çalyşýan önümçiligi gysga wagtda döretmäge mümkinçilik berýär. Şunda ýeňillikli bank karzlary babatda-da, maýa goýumlar babatda-da, kanunçylyk-hukuk binýady babatda-da... döwlet tarapyndan berilýän ählitaraplaýyn goldaw-hemaýatlar uly ähmiýete eýedir. Muny 25-nji martdaky dabaralara gatnaşan hususyýetçiler bilen gürrüňdeş bolanymyzda, olar tüýs ýürekden syzdyryp bellediler. Munuň üçin olar Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.
Halkyň has-da rowaç ýaşaýşyny, bolelin durmuşyny nazarlaýan şeýle döwletli işler beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyza aýratyn ýaraşyk berýär.

Azyk bolçulygyna hususy pudagyň goşandy: sanlar we maglumatlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden maksatnamalaryna, gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýurdumyzda 750-ä golaý oba hojalyk we azyk maksatly desgalaryň gurulmagy bellenilip, olaryň agramly bölegi işe girizildi, galanlarynda gurluşyk-gurnama işleri üstünlikli dowam etdirilýär.
2019-njy ýylda 31 sany, 2020-nji ýylda 33 sany oba hojalyk we azyk maksatly önümçilikler, şol sanda 6 sany maldarçylyk we 3 sany guşçulyk toplumy, 9 sany döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan ýyladyşhana, 12 sany miweli baglaryň, üzümiň we gök-bakja ekinleriniň ekin meýdany, 3 sany azyk ugurly desga işe girizildi.
Birleşmäniň agzalary tarapyndan 2020-nji ýylda azyk önümleriniň 30-dan gowrak täze görnüşi çykaryldy.
2020-nji ýylda azyk önümlerini eksport etmekde öňki ýyldakydan 25,8 göterim ösüş gazanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabryndaky Kararyna laýyklykda, daýhan birleşikleriniň jemi 111 917,9 gektar ýerleri 70 göterimine döwlet sargydy esasynda bugdaý we gowaça, galan 30 göterimine bolsa öz islegine görä dürli görnüşli ekinleri ekmek şerti bilen hususy taraplara berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 29-njy oktýabryndaky Kararyna laýyklykda, gök-bakjaçylyk daýhan birleşikleriniň jemi 19 383,22 gektar ýerleri gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekmek şerti bilen hususy taraplara berildi. Şol ýerlere miweli baglar, üzüm, ýeralma, sogan, gök, bakja ekinler, şeýle hem däneli ekinlerden şaly, mäş, künji ekilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndaky we 2020-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky Kararlaryna laýyklykda, TSTB-niň 268 sany agzasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere» kompaniýasynyň dünýä meşhur tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak üçin şertnamalary baglaşdylar.
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.