Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

AŞGABAT, 24-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň baş şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini utgaşdyrmak we paýtagtymyzyň durmuş düzümini kämilleşdirmäge degişli meseleler milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.
Döwlet Baştutanymyz ir bilen ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde sil suwuny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.
Merjen paýtagtymyz binagärlik keşbi, sazlaşyklylygy we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň birnäçe desgalary binagärlik çözgütlerine eýe bolan özboluşlylygy bilen ençeme gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Wise-premýer Ş.Durdylyýew alnyp barylýan sil suwlaryny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşyk işleri, şeýle hem diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýerleşdiriljek ýerleri, onuň töwereklerini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi hem-de bu işler barada giňişleýin maglumat berýän taslamalary we çyzgylary görkezdi.
Häzirki wagtda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerlerde birnäçe binagärlik toplumlary gurlup, ulanmaga berildi. Bu binalar ýol-ulag düzümine degişli desgalar, seýilgäh zolaklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, şäheriň bu künjeginiň gözelligine gözellik goşýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz dostluga, watansöýüjilige, merdanalyga çagyrýan ajaýyp eserleri bilen dünýäde meşhur bolan Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerine laýyk gelmelidigini belledi.
Şunda bu ýerlerde gurulýan desgalar Köpetdagyň etegindäki tebigy aýratynlyklar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir we olaryň taslamalary taýýarlananda häzirki zamanyň ösen tejribelerinden, milli binagärlik ýörelgelerinden we özboluşly tebigy aýratynlyklardan ugur alynmalydyr, ekologiýa meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewe, gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymowa, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa anyk tabşyryklar berdi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralara beslenýändigini aýdyp, ýerine ýetirilýän işlerde şanly senelere görülýän taýýarlyga möhüm ähmiýet berilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýadygärligiň we onuň töwerekleriniň abadanlaşdyrylyş derejesine, bu ýerleriň gülzarlyga öwrülmegine ünsi çekip, arassaçylyk we ekologiýa ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Milli Liderimiz Aşgabadyň taryhynyň dürli döwürlerinde döredijilik işgärlerini, aýdymçylary we kompozitorlary täze eserleri döretmäge ruhlandyrandygyny belläp, bu ýerde, Giňdiwaryň eteginde Magtymguly Pyragynyň toplumy ady bilen döredijilik işgärleri üçin niýetlenen merkeziň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Aşgabadyň günorta tarapynda ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerine ünsi çekip, desgalaryň daşky we içki bezeg aýratynlyklaryna, toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, desgalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň ýokary hilli bolmagy, olarda reňkleriň özboluşly sazlaşygy we milli öwüşgini emele getirmegi möhüm talap bolup durýar. Şeýle hem häzirki döwürde bu ýerde sil suwlaryny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Şäheriň günorta böleginde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler binagärlik şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy bölegini emele getirýär. Kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilen işler toplumlaýyn esasda amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, sil suwlaryndan goraýjy desgalaryň gurluşygynda ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütler we bu ugra degişli dünýäniň ösen tejribesi işjeň ulanylýar. Şeýle hem bu ýerden geçýän tebigy sil akabalarynyň durky täzelenip, olar häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede döwrebaplaşdyrylýar.
Bu işleriň ýokary derejede amala aşyrylmagy paýtagtymyzyň günorta künjeginde häzirki zaman desgalarynyň, seýilgäh zolaklarynyň we beýleki toplumlaryň gurluşyklarynyň bökdençsiz alnyp barylmagynyň baş şertini emele getirýär. Şunda işleriň ekologiýa derejesi möhüm ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen amala aşyrylýan gurluşyk işlerinde we özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde ekologiýa meselesine uly üns berilýär. Şeýle çemeleşme paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynda ýerine ýetirilýän işleriň netijeli häsiýetini şertlendirýär. Munuň özi tutuş ýurdumyz boýunça dürli maksatly desgalaryň bina edilmegine uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Görnüşi ýaly, häzirki döwürde bu künjekde sil suwlaryny sowujy akabalaryň gurluşygy dowam edýär. Şeýlelikde, bu ýerde umumy uzynlygy 52 kilometre barabar bolan akabalar gurlar. Tebigy sil suw akabalarynyň durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar. Bu ýerleriň sil suw akabalary Garagum derýasynyň demirgazygyndaky suw akabasyna birikdirilýär. Şeýlelikde, jemlenýän sil we ýagyn suwlary bir bitewi ugra birigip, “Altyn asyr” Türkmen kölüne tarap gidýän akaba goşular.
Toplumyň gurluşygynyň hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleriniň Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýetine ynanylandygyny bellemek gerek. Häzirki döwürde sil suwlaryny sowujy akabalaryň gurluşygynda tehnikalaryň 900-si ulanylýar. Şolardan 100 tehnika gurluşygy ýerine ýetirýän düzüme degişli bolup, galan 800 tehnika ýurdumyzyň şahsy taraplaryna degişlidir.
Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerini üpjün etmek, türkmen halky üçin oňaýly şertleri döretmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalary utgaşdyrmak milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän tebigaty goraýyş strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki ýerlerde gurulýan sil suwlaryny sowujy desgalaryň ugry bilen akýan suwlaryň “Altyn asyr” Türkmen kölüniň akabasyna goşulyp, Garagumuň jümmüşinde ýerleşýän Türkmen kölüne akdyrylmagynyň ähmiýetini belledi hem-de degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berdi.
Döwlet Baştutanymyza sil suw akabalarynyň gurluşyklarynyň şekil taslamalary, şeýle hem akabalaryň ugrunda ýerleşdirilýän suw saklaýjy desgalar, olaryň geçjek ugurlary, awtoulag we demir ýol köprüleriniň ýerleşjek ýerleri barada maglumat berýän çyzgylar görkezildi.
Wise-premýer Ş.Durdylyýew sil suwlaryny sowujy akabalaryň ugrunda uly göwrümli howdanlaryň döredilýändigi, onda siliň getiren daşlarynyň owradylýandygy, şeýlelikde, sil suwlary süzülip, arassa suw alynýandygy barada giňişleýin maglumatlar berdi. Işler dünýäniň ösen tejribesi ulanylyp alnyp barylýar, ýurdumyzyň alymlary ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul edýärler. Sil suwlaryny sowujy akabalaryň ugrunda jemi suw toplaýjy desgalaryň 10-a golaýy bina edildi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň günortasynda sil suwlardan goraýjy desgalaryň gurluşygyna, şol sanda tebigy akabalaryň ulanyş ýagdaýynyň degişli derejede saklanmagyna ileri tutulýan ähmiýet berilmelidigini belledi. Bu işde halkymyzyň köpasyrlyk tejribesinden ugur alynmagy zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
Paýtagtymyzyňdyr onuň töwerekleriniň abadanlaşdyrylmagy we ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wezipeleri çözmek üçin tagallalar edilmelidir. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň işewürlik hem-de durmuş maksatly desgalar toplumynyň kemala gelýän ýerinde gurulýan binalaryň bir bitewi binagärlik sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeler berdi.
Soňra gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymow gurluşygy alnyp barylýan sil suwlaryny sowujy desgalaryň toplumyndaky işleriň ýagdaýy, onuň çäklerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän suw sorujylaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de olaryň kuwwaty barada hasabat berdi.
Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow paýtagtymyzyň bu künjegini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak, aýratyn-da, bu ýerde ýakymly howa gurşawyny emele getirmäge gönükdirilen ekologiýa syýasatyny işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz desgalar, aýratyn-da, sil suw akabalary gurlanda, taslamalary düzülende, olaryň ýokary hilini, uzak möhletleýinligini üpjün etmek üçin ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden çykýan zeý suwlaryny, şol sanda ýagyn we sil suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenen “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi Garagumda maldarçylygy, dowardarçylygy ösdürmek, öri meýdanlaryň çägini giňeltmek we balykçylyk bilen meşgullanmak üçin zerur şertleri üpjün edýär.
Bellenilişi ýaly, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi Garagum sährasynyň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň has-da baýlaşmagyna oňyn täsir eder. Türkmen kölünde balyklaryň görnüşleriniň 38-e ýetmegi onuň bu ugry ösdürmekde ähmiýetlidiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Şunuň bilen birlikde, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, biologik köpdürlüligi we tebigy aýratynlyklary saklamak, çölleşmä hem-de ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, tokaý zolaklaryny döretmek, ilatyň ekologiýa derejesini ýokarlandyrmak babatda ägirt uly işler dowam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suw akabalaryny giňeltmek, olaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, şeýle hem suw akymyny sazlamak üçin suw sowujy desgalaryň zerur bolan möçberlerini, suw hojalyk desgalaryny, köprüleri gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli dowam edilmelidigini belledi hem-de bu wajyp ähmiýetli işlerde dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň oýlanyşykly ulanylmalydygy we bu desgalaryň gurluşygynyň ylmy taýdan esaslandyrylmalydygy barada tabşyryklar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeler berdi we amala aşyrylýan işlerde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.