Ýaýla ýaraşygy — ýaz

AHALDA
Milli bahar baýramynyň welaýatda geçirilen esasy dabaralary Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyryldy. Welaýatyň häkimligi, jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi tarapyndan guralan “Ahal ýaýlasyna Nowruz gelipdir” atly dabara sebitiň ähli ýerinden bagtyýar ildeşlerimiz gatnaşdy.
Ýaz ýaraşykly, toý donuny geýen giň ýaýlada turuwbaşdan şatlyk-şagalaň höküm sürdi. Esasy sahnada welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň, sahna ussatlarynyň çykyşlary giň gerim aldy. Welaýat medeniýet merkeziniň «Ahal öwüşginleri», Ak bugdaý etrabynyň «Ahal owazlary», «Dürdäne», Bäherden etrabynyň «Bäherdeniň läleleri», Tejen etrabynyň «Lälezar», Sarahs etrabynyň «Sarahs nagmalary» tans-folklor toparlarynyň milli we döwrebap tanslary, mahmal owazly bagşylaryň joşgunly aýdymlary eziz Diýarymyzyň, Arkadagly döwrümiziň, ajaýyp durmuşymyzyň, bahar gözelliginiň we päk söýginiň belent waspy bolup ýaňlandy.
Hatara guralan ak öýleriň töweregindäki döredijilik çykyşlary uly joşguna beslendi. Hormatly Prezidentimiziň gymmatly kitaplaryndan ugur alnyp taýýarlanan döredijilik çykyşlaryny synlamak has-da ýakymly boldy. Ýaýbaňlandyrylan çykyşlar medeni mirasymyzyň, aýdym-saz sungatymyzyň, ajaýyp gymmatlyklarymyzyň, toý däplerimiziň we özboluşly milli ýörelgelerimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze öwüşgine eýe bolýandygynyň beýanyna öwrüldi. Olarda giňişleýin sergileriň görkezilmegi we edebi-sazly kompozisiýalaryň ýerine ýetirilmegi ýakymly pursatlar bolup ýatda galdy. Daýhan durmuşyny açyp görkezýän görnüşlere hem gyzyklanma uly boldy. Muzeý gymmatlyklarynyň, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň, nepis el işleriniň, şeýle-de ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleriniň sergileri «Nowruz ýaýlasyna» ruhubelentlik goşan bu dabara baý many-mazmun çaýdy.
Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).

BALKANDA
Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň ählihalk dabaralary Balkan welaýatynda-da ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Ählihalk toýunyň esasy çäreleri Magtymguly etrabynda — gözel Sumbar jülgesiniň «Düýedaş» diýlip atlandyrylýan dag gerişleriniň alkymyndaky ýaýlasynda uludan tutuldy. Seteran guralan altyganat ak öýler, belentden bat alýan hiňňildikler, açyk asmanyň astyndaky ajaýyp sahna, erkana parlaýan Döwlet tugumyzdyr al-ýaşyl baýdajyklar Sumbar jülgesine aýratyn bezeg berdi. Dilleri senaly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaş nesilleriň, deprekçilerdir tüýdükçileriň, medeniýet işgärleriniň, ýerli ýaşaýjylaryň, bedewlere atlanan şahandaz ýigitleriň gatnaşmaklarynda guralan baýramçylyk ýörişi dabaranyň badalgasyna öwrüldi. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan çykyşlarda türkmen halkyny rowaçlyklara beslän hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.
Günbatar sebitiň ähli ýerlerinden gelen medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary, tansdyr folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary, welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň görkezen sahnalary Düýedaş ýaýlasynda janlandyrylan gadymy türkmen obasyna ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Türkmen daýhanynyň täze hasylyň düýbüni tutmak bilen bagly iş-aladalaryny beýan edýän pursatlar hem özüne çekiji boldy.
Sportuň milli görnüşleri boýunça gurnalan bäsleşiklerdir görkezme çykyşlary, el işlerinden, çagalaryň çeken suratlaryndan, daýhançylyk gurallaryndan guralan sergiler, bezemen gelin-gyzlaryň, dürli ýaşdaky zenanlaryň keçeleri, ýorgan-düşekleri taýýarlamak, gamyş çykamak, ýaýyk ýaýmak bilen meşgullanyşlary hem baýramçylyk dabarasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň şanyna ýokary ruhubelentlikde guralan dabaralara gatnaşan balkanlylar merdana halkyny eşretli durmuşyň eýesi eden Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş aýtdylar.
Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).

DAŞOGUZDA
Milli bahar baýramy demirgazyk welaýatyň tutuş giňişliginde şatlyk-şowhunly bellenildi.
Halklary ýakynlaşdyrýan, dostluga we hoşniýetli gatnaşyklara çagyrýan, göwünlere nur paýlaýan bu ajaýyp baýram mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň her birinde uly wakalara buýsanjyň gözel ruhy duýulýar. Welaýat merkezini aralap geçýän Şabat akabasynyň etegindäki Ýaşlyk kölüniň kenaryna görk berýän dabaralar meýdançasy uludan tutulan toýlaryň merkezine öwrüldi. Il sylagly ýaşulular, mährem eneler, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Gahryman Arkadagymyzy, bagtyýar il-günümizi Milli bahar baýramy bilen gutlap, ýürek sözlerini beýan etdiler.
Toý lybasly meýdançada el işleriniň, dürli görnüşli senetçilik önümleriniň, iş gurallarynyň, ak bahary şekillendirýän suratlaryň sergisi guraldy. Ýüzýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan bu ajaýyp toý mynasybetli welaýatyň sungat ussatlary, M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary, Medeniýet müdirliginiň birleşen tans toparlary baýramçylyk çykyşlaryny taýýarladylar. Sahnada ýerine ýetirilen aýdym-sazlar, tans kompozisiýalary ýurdumyzy läle-reýhana besleýän baharyň, täze taryhy eýýamyň, bagtyýarlygyň waspyny ýetirdi.
Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).

LEBAPDA
Halkara derejede bellenilýän Nowruz baýramy Lebap welaýatynyň ähli oba-şäherlerini-de şatlyk-şagalaňa besledi. Gojaman Jeýhuny etekläp oturan gadymy Lebabyň ýaşaýjylary-da bu nurana baýramy uly dabara, buýsanç bilen garşy alyp, milli däp-dessurlara eýermek bilen, toý saçaklaryny giňden ýazdylar. Milli tagamlar we naz-nygmatlar bilen bezelen saçagyň başynda birek-birege edilen hödür-keremler türkmeniň myhmansöýerlik, göwnaçyklyk we şahandazlyk ýörelgeleriniň täze öwüşginler bilen dabaralanmasy boldy. Milli bahar baýramyny medeniýet we sungat işgärleri bolsa özleriniň belent owazly aýdym-sazlary we tanslary bilen bezediler. Türkmenabat şäherinde baýramçylygyň esasy dabaralary «Çarbag» seýilgähinde başlanyp, soňra «Bitaraplyk» seýilgähinde dowam etdi. Bu seýilgählerde guralan dürli sergiler, türgenleriň görkezme çykyşlary aýdym-sazlaryň owazlary bilen utgaşdy. Nowruzyň däp-dessurlary bu baýramçylyga aýratyn öwüşgin berdi. Onda dürli ýaşdaky ildeşlerimiziň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen milli oýunlardyr ýaryşlar örän gyzykly we täsirli geçdi. Ýaglyga towusmak, göreş, düzzüm, tanap çekmek ýaly milli oýunlar bilen birlikde, çagalaryň arasynda hem çilik, aşyk ýaly oýunlar diýseň özüne çekiji boldy.
Suratkeşleriň tebigatyň gözel görnüşlerini beýan edip çeken suratlarynyň toprakdan alynýan azyk önümleri bilen bile ýerleşdirilen sergileri ildeşlerimizde uly täsir galdyrdy. Bu ýerde ýaňlanan aýdymlarda ajaýyp Diýarymyzyň waspy ýetirildi. Welaýatyň birleşen folklor topary bolsa öz çykyşlarynda Nowruzyň gadymy däp-dessurlaryny açyp görkezdiler.
Welaýat medeniýet merkezinde bolan aýdym-sazly dabarada bolsa sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlaryna giňden orun berildi.
Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).

MARYDA
Rysgal-berekediň, täzelenişiň buşlukçysy bolan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ýurdumyzyň Mary welaýatynda-da giňden bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli welaýatyň ähli etrapdyr şäherlerinde geçirilen dabaralar we medeni çäreler tutumly başlanan toý şüweleňleri bilen utgaşyp, egsilmejek ýokary ruhubelentlik döretdi.
Baýramçylygyň esasy dabaralary Mary — Aşgabat ýolunyň 30-njy kilometrliginde, Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň çägindäki gözel tebigatly giň ýaýlada geçirildi. Bu ýerde ak öýler gurlup, türkmeniň gadymy küren obasynyň görnüşi döredilipdir. Sahnanyň daş-töwereginde ýaýbaňlandyrylan sergide görkezilen zenanlaryň el işleri, amaly-haşam we şekillendiriş sungat eserleri, hünärli ussalaryň elinden çykan zähmet gurallary we öý-hojalyk, muzeý gymmatlyklary toýçy mähelläniň şatlygyny artdyrdy. Welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri halk köpçüligine Nowruz bilen baglanyşykly taýýarlan edebi-sazly kompozisiýalaryny hödürläp, olaryň baýramçylyk şatlyklaryny has-da ýokary galdyrdylar. Tans-folklor toparlarynyň ýerine ýetiren şüweleňli çykyşlarynda milli däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz giňden açylyp görkezildi. Welaýatyň çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary bahar paslynyň, gözel tebigatymyzyň waspyny beýan etdiler.
Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda milli oýunlarymyza, türgenlerimiziň sport-görkezme çykyşlaryna-da giň orun berildi. Mahlasy, Mary welaýatynda geçirilen Milli bahar baýramynyň ilkinji güni ýokary derejede, şadyýanlykda, ruhubelentlikde geçdi. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy arşa göterýän hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylan hoşallyk sözleri birek-birege aýdylan toý gutlaglaryna, joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlaryň hoş owazyna garyşyp gitdi.
Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).
Surata düşürenler Şamyrat AMADOW, Andreý PAKULOW.