Täze günleriň ýakymy

Ine, elimde Gurbannazar şahyryň goşgular kitaby. Bu kitap maňa talyplyk ýyllarymy ýatladýar. Onuň sahypalaryny agdaryşdyryp, tas ählisini diýen ýaly ýatdan bilýän tanyş goşgymy gözleýärin. Şahyr ol goşgusynda:
...Sen sanama gara saçyň agyny,
 Sen sag-aman öreniňe monça bol —

diýýär. Näme üçindir, her dogan täze Güni synlap durkam aňymda şu setirler aýlanýar. Kitaby bir gyra süýşürmezden, täze dogan Gün hakynda pikir ýüwürdip başlaýaryn. Täze Günüň dogmagy — dowamat dowam! Täze Günüň dogmagy — barlygyň, galyberse-de, seniň durmuşyň dowam edýändiginiň nyşany. Täze Günüň dogmagy — ýaşaýşyň ýaşyl tugunyň parlap durmagy. Çünki täze Günüň dogmagy bilen täze günler başlanýar. Täze günlerde bolsa ýakym, umyt, bagt bar. Ynsana her täze günüň öňkülerinden has gowy boljagyna pugta ynanmak gerek. Çünki şeýle ynamyň bar ýerinde durmuş gözelleşýär, işlerimizde üstünlik hemramyz bolýar...
Aslynda, biziň hemmämizem zadyň täzesini gowy görýäris. Lybasyňdan başlap, ähli zadyň täze bolsa, oňa ýetesi näme bar?! Islendik täze zada eýe bolmagyň lezzet-ýakymy bar. Hatda dünýäsinde täze bir pikir dörese-de şoňa begenip ýören duýguçyl adamlaryň täzeçilliklere garaýşy diýseň täsin. Şeýle täzeçillikler barada pikir ýüwürdenimde hakydamda bir waka janlandy. Talyplyk döwrümizdi. Okuwa höwes bilen gatnaýan hem bolsak, dynç alyş gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýardyk. Maksadymyz hemişekiden biraz gijräk oýanmakdy. Ýöne o diýeniň bolýarmy näme?! Daň atyp-atmanka goňşy otagdan islendik eseri labyzly okamakda öňüne adam geçirmeýän talyp joramyzyň goşgy okaýan sesi gelip başlardy. Ol Gurbannazar şahyryň goşgularyndan şol gürrüňini eden goşgymyzy okaýardy. Onuň «Sen sag-aman öreniňe monça bol» diýen ýerine hasam bat berip aýtmagy, göýä, ählimize degişli ýaly duýulýardy. Onsoňam, beýle goşgyny diňläňsoň, uzak ýatybam boljak däldi. Ýaňy dogup gelýän Güni synlap, ýüregiň ýaşaýşa bolan söýgüden pürepürlenýärdi. «Günler bir-birine asyl meňzänok. Düýn nähili gündi. Bu gün bolsa nähili gün?» diýip, täze dogan Güni ýüzümize sylýardyk. Şu babatda men her säheri şatlyga besleýän talyp ýoldaşymyzdan diýseň hoşaldym. Ol gündogar dillerini gowy bilensoň, «täze» sözüni köp zatlar bilen baglanyşdyryp düşündirmegi başarardy. Maňa hem Magtymguly atamyzyň Nowruza — täze güne bagyşlanyp ýazylan «Duman peýda» atly goşgusyny gaýtalap-gaýtalap okamagy maslahat bererdi. Ol goşgynyň üsti bilen diňe bir täze dogan Güni däl, eýsem, Zeminiň ýüzündäki ähli täzelikleri görüp, duýup bolýandygyny ussatlyk bilen aýdyp bererdi. Bahar gelende bolsa: «Ine, täzeçillik! Daglaryň dumanyna bak! Baglara, olarda saýrap başlan guşlara bak! Täze günüň — Nowruzyň gelmegi Magtymguly atamyzyň aýdyşy ýaly, bijanlara jan berýär. Täze dogan Güne, täze gelen güne döneýin!» diýerdi. Deň-duşam bolsak, onuň täze günüň gadyr-gymmaty hakyndaky aýdyp berýän gürrüňleri mydamalyk ýüregimde galdy.
Dynç günleriniň birinde ol bizi öýlerine çagyrdy. Ol gün baýram günüdi, ýagny Nowruz baýramçylygydy. Biziň-ä uzakda bolansoň, öz öýümize gidip bilmejegimiz görnüp durdy. Onsoň gyzlar bolup, şol joramlaryňka gitmegi makul bildik.
Iki sagat çemesi ýol ýöräp, olaryň öýüne hem ýetdik. Obanyň şowhunly durmuşy göwnüňi göterýärdi. Ozal görmedik ýerleriň täsin bolup görünýärdi. Çaý-nahardan soň joram bizi uly gazanyň ýanyna alyp bardy. Onuň aşagynda pessejik ot ýanyp durdy. Boýdaşymyň nurana ýüzli ejesi bolsa oňa göz-gulak bolup ýördi. Ol bizi gazanyň golaýynda ýylgyryp garşy aldy. «Ine, şuňa «semeni» diýilýär» diýip, gazanyň gapagyny açanyndan, obada gaýnadýan balgaýmagymyza meňzeş tagama gözüm düşdi. Dogrusy, geňräk hem bolsa, bu meniň semenini ilkinji gezek görşümdi. Muny aýdyp berenimde, daýza: «Bäh, semenini görmedigem bar eken» diýip, gaty geň galdy. Men şonda diňe maldarçylyk bilen meşgullanylýan gum içindäki obamyz barada gürrüň berdim. Daýza höwes bilen diňläp, semeniden dadyp görmegi mürehet etdi. Ýalan sözlemäýin, onuň tagamyna bir bada nähili baha berjegimi bilmedim. Agşamlyk çaýyň başynda-da gyzlaryň «Bal ýaly bolupdyr» diýýän sözlerini sessizje makulladym oturdym.
Gaýtjak bolanymyzda daýza semenisinden herimize aýratyn gaba salyp berdi. Bir gün «Gel, şuny ýaňadan iýip göreýin» diýip, ony bir döwüm çörek bilen öňüme çekdim. Şeýdibem, ol maňa kem-kemden ýarap ugrady. Görsem, juda datlydan ýakymly nygmat. Ondan bäri kän ýyl geçdi. Indi semeni iýesim gelse, göni joramlara tarap ýola düşäýýän. Wagtyň emrine baksana! Käbesine meňzäp, indi onuň özi semeni gaýnadyp ýör. Her Nowruz baýramçylygynda-da ýadyndan çykarman, maňa semeni ýollaýar. Bu bolsa meniň üçin Nowruz baýramynyň buşlukçyşy bolup görünýär. Şol pursatda oňa alkyş aýtmak bilen, täze gaýnadylan semenide täze günleriň ýakymyny duýýaryn. Çünki ol Nowruzyň — täze günüň hatyrasyna gaýnadylýar ahyryn!
Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».