Zemin güllese, ömür gülleýär

(«Garaşsyzlyk gadyry» atly publisistik toplumdan)
Şu ýerde men sanlyja wagt mundan ozal, Bötendag düzlügine eden saparymy ýatlaýaryn.
Aral deňzi hem-de bu zolakdaky ekologiýa ýagdaý bilen baglanyşykly meseleleri umumy tagallalar arkaly çözmek häzir dünýä üçin möhüm boldy. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän teklip-ideýalary zamanamyz üçin juda wajypdyr. Işlenip düzülen Aral milli maksatnamasynyň konsepsiýasy diýseň gerekli, çözülmegi möhüm meseleleri özünde jemleýär. Onda suw serişdelerini oýlanyşykly dolandyrmak, netijeli peýdalanmak, tokaý zolaklaryny döretmek, biodürlüligi goramak, ilatyň agyz suw üpjünçiligine bolan islegini doly çözmek wajyp ugurlar hökmünde kesgitlendi.
...Türkmenistanyň iň demirgazygynda gündogardan günbatara uzap gidýän Üstýurt juda täsin künjek. Tekizleç gyrlyk bolup gidýän Üstýurduň etekleri birwagtlar oturymly ýurt bolan. Amyderýadan gaýdýan Uzboýuň bir şahasy gelip, Sarygamşa guýupdyr. «Köne derýalyk» diýen at hem şondan galan. Bötendagyň gujagyndaky Bent obasy öz döreýiş taryhyny, adynyň gelip çykyşyny şondan alyp gaýdýan bolmaly. Häzir Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Bent obasyndaky hojalyklaryň sany 200-denem geçdi. Bu obanyň ilatyna elektrik togy bökdençsiz hyzmat edýär, olar «mawy ýangyjyň» hözirini görýärler. Şonuň üçinem tä Sarygamşa ýetýänçäň, giden tokaýlyk döredi. Bu obada düýe çalyny içip göräýseň! Eger-eger, tagamy agzyňdan gitmez, Üstýurduň oty-çöpi üýtgeşik.
...Birden nazaryň ummasyz giň meýdandaky sazak, gandym, çaly, çerkez agaçlarynda eglenýär. Olar eýýäm tokaý bolupdyr. Ol tokaý zolagy hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda Aralyň guramagynyň ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen, Bötendagda döredi. Hawa, bu giden düzlügiň 20 müň gektarynda adam eli bilen döredilen tokaý giňişligi görseň kalbyňy heýjana getirýär.
Ýaşyl zolaklary döretmek, miweli hem saýaly daragtlary ekmek — sagdynlygyň hem bolçulygyň binýadyny tutmak. Munuň ykdysady bähbidi saglyga berýän peýdasy bilen deňeçerdir.
Dünýäniň häzirki zaman ösüşinde dürli agaçlardan alynýan önümleriň görnüşi tas 20 müňe ýetdi. Şeýle uly ykdysady ähmiýetinden başga-da, Zeminiň «ýaşyl altyny» atlandyrylýan tokaýlar biosfera, landşaft üçin wajyp baýlykdyr. Tokaýlaryň bar ýerinde çölleşme hadysasy bolmaýar. Biogeosenoz hökmünde tokaýlar, gür agaçlar janly-jandarlaryň ýaşaýyş mesgeni, ot-iým, iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýär. Şol ýerlere baryp dyz epseň, keýpiň çaglanyp, dynç alsaň, süňňüňe ýeňillik aralaşýar.
Tokaýlar tomsuna gyzgynlygy 8,5 derejä çenli peseldip, gyşyna ýylylygy 2,8 derejä çenli artdyrýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan uzak ýaşaýanlardyr keýpiçaglaryň ýurduna, çagalaryň ähli arzuwlarynyň wysal bolýan Watanyna öwrülýär. Uzak ýaş, keýpiçaglyk, çaga gülküsi bolsa gözel tebigatyň, ekologiýa abadançylygynyň, ynsan bilen daşky dünýäniň ajaýyp sazlaşygynyň netijesi.
                                            * * *
Ekologiýa daşky gurşaw, suw meselesi bilen jebis baglanyşyklydyr. Döwür-döwranlar aýlansa-da, bu hakykat şol bir üýtgewsizligine galýar. Suw altyndan arzyly baýlykdyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri, halkara guramalar geljekde suwuň has gytalmagynyň mümkindigi hakdaky çaklamalary aýdýarlar. Ol çaklamalar howanyň üýtgemegi, Ýer togalagynda aşa gyzgynlyk hadysasynyň döremegi, çölleşmek ýagdaýlarynyň köpelmegi, gurakçylygyň ýüze çykmagy, ekologik bozulmalar, bug gazlarynyň howa has köp siňmegi, ylmy dilde aýdanyňda, köp sanly tebigy hadysalar nazara alnyp, anyk hasaplamalar, takyk ylmy kesgitlemeler esasynda öňe sürülýär.
Türkmenistan arid zonasynda — gurak klimatly guşaklykda ýerleşensoň, suw ýaşaýyş üçin-de, ekerançylyk üçinem iň wajyp, baş zerurlyk bolup durýar. Hut şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suwy tygşytly ulanmak meselesini, bu ugurda dünýä tejribesidir ylmy-tehnologik çözgütleriň iň naýbaşylaryny işe ornaşdyrmagy, şeýdibem, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagy, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmagy, ahyrky netijede, ekologik abadançylygyň kadalaryny berk berjaý etmegi içeri syýasatyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär.
Bu babatda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti nusgalyk mysaldyr. Muňa 2020-nji ýylyň jemleri hem juda anyk şaýatlyk edýär. Ekilen 7300 gektar gowaça meýdanyndan 14600 tonna derek, 17403 tonnadan gowrak «ak altyn» Watan harmanyna tabşyryldy. Bugdaý ekilen 2420 gektar meýdandan 5100 tonna derek, 8223 tonna guşgursak däne öndürildi.
Hytaý Halk Respublikasynyň damjalaýyn suwarýan tehnologiýa esasynda ekin ýetişdirmäge niýetlenen oba hojalyk gurallary ekin meýdanlarynyň bir böleginde synag edildi. Şeýle usulda adaty görnüşde suwarylýan meýdanlardaka garanyňda, «ak altynyň» hasyllylygy 30 göterim ýokary bolýar. Üstesine-de, bu usulda ýetişdirilen ekine harçlanýan suw öňki adaty usuldakydan iki esse azalýar. Bu tehnologiýalaryň ýene bir gowy tarapy, ekinlere mineral dökünler suw bilen bile goýberilýär, suwaryş işleri bolsa doly awtomatlaşdyrylandyr.
Gür baglyga bürenip oturan bu oba tutçulygy bilenem adygan. Pile tabşyrmak meýilnamasy 48 tonna bolsa-da, ýüpek gurçugyndan alnan gymmatly hasyl geçen ýyl 72 tonnadan geçdi. Şeýle hem bu oba diýseň gabaraly, saýasynda bir toýuň märekesi ýerleşibiljek, ýaşy asyrdan aşyp giden güjümleri bilenem adygan ýerdir.
Ekin meýdanlarynda sürümden soň, Türkiýäniň önümi bolan lazer ýer tekizleýjileri arkaly işler takyk geçirilýär. Bu ýer tekizleýjiler meýdanlary suwaryp, ýeriň ýüzüne golaý gatlagyndaky şoruny doly ýuwup aýyrmaga, 100 göterim gögeriş almaga, ösüş suwuny tygşytly ulanmaga uly ýardam edýär. Netijede, beýle usulda tekizleýiş işleri geçirilen meýdanlaryň hasyllylygy ep-esli ýokarlanýar.
Şeýle-de paýdarlar jemgyýetinde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde hem-de ondan ýokary hasyl almakda täze tehnologiýalary synagdan geçirmek, önümçilikde ulanmak işleri hem netijeli ýola goýlan. Bu iş Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarydyr alym-mugallymlary bilen jebis hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Şunda esasy talap ekologiýa meselesidir.
Ynha, gowaçany damjalaýyn hem-de emeli ýagyş usulynda suwarmak işlerinde Türkiýäniň, Eýranyň tehnologiýalary ulanylýar.
Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde ekerançylykda suwy tygşytly ulanyp, ekinlerden bol hasyl almak üçin dünýä ülňülerine laýyk tehnologiýalaryň has köp ulanylýandygyny paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Kamil Rozmetow onlarça mysallar bilen delillendirýär. Damjalaýyn usulda suwarylýan gektarlar barha köpelýär. Şeýlelikde, alynýan hasyl hem barha artmak bilen.
Hem alym, hem tejribeli daýhan, guramaçy ýolbaşçy hökmünde Kamil Rozmetow emeli ýagyş ýagdyrylanda, suwy ekin meýdanlarynyň üstünde deň ýaýratmaga mümkinçilik döredip bolýandygyny, şunda suwuň topraga endigan siňmeginiň ekilen ýeriň suw siňdirijiligine hem-de ýagşyň ýagýan mukdaryna baglydygyny esasly düşündirýär. Ýagşyň damjalary ownuk bolsa, ol topragyň gatlagynyň üstüni bozmaýar, ýagýan ýagyş hem topraga endigan siňýär. Emeli ýagyş usuly ekinlere zyýan bermezden, suwarmagyň ähli kadalaryny dürs berjaý edýär, bir damja suw hem isrip bolmaýar. Suwy ekin meýdanlarynyň üstüne ýaýratmak üçin artykmaç harajat talap edilmeýär, suwuň howada bugaryp gidýän mukdary azalýar. Ýapdan suwarylanda, suwuň tebigy ýitgisi 25 — 30 göterime golaýlaýar. Emeli ýagyş ýagdyrylanda, suwuň topraga siňşi ýeriň üsti bilen suwarylanda suwuň topraga siňiş tizliginden örän tapawutlanýar. Birinjiden-ä, suw topraga hiç hili agramsyz siňýär, ikinjiden, ol 10 — 15 santimetr basyşyň täsiri astynda, has takygy, gidrostatik usulyň täsiri bilen siňende siňňitli bolýar.
Oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti suw tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçiriji getirtmek üçin bankdan 1 göterim bilen 10 ýyla çenli möhletli karz aldy. Ony Türkiýäniň «Jan» kompaniýasynyň önümi bolan damjalaýyn suwaryş gurnamasy üçin harçlady. Agzalan gurnama 107 gektar gowaça meýdanynda önümçilige ornaşdyryldy. Damjalaýyn suwaryş gurnamasy suwy 50 göterim tygşytlaýar. Bu usul traktor bilen kultiwasiýa we geriş çekmek işlerini doly aradan aýyrýar. Mineral dökünler gowaça suw bilen turbajyklar arkaly ergin edilip berilýär. Bu bolsa 1 gektar meýdandan 50 — 60 sentner hasyl almaga mümkinçilik berýär.
2014-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasyndan bugdaý ýetişdirmek üçin «Faýýaz» kompaniýasynyň önümi bolan suwy tygşytlaýan 2 sany emeli ýagyş ýagdyrýan suwaryş gurnamasy getirilipdi. Bu tehnologiýa 90 gektar gowaçaly hem-de bugdaýly meýdanda ulanyldy. Bugdaý meýdanlaryna dökün, bugdaýda döreýän kesellere garşy himiki serişdeler hem ýörite ýagyş ýagdyryjy enjamyň kömegi bilen berilýär. Ýetişdirilen bugdaýyň gektaryndan 45 — 50 sentnerden hasyl alyndy. Mundan başga-da, bugdaýyň hasyllylygyny has-da artdyrmak üçin, traktora tirkelýän 6 sany suw tygşytlaýjy enjam satyn alyndy. Bu enjamlar 300 gektar bugdaý meýdanynda önümçilige ornaşdyryldy.
...Kamil Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň önümi bolan, ýerleri emeli ýagyş usulynda suwarýan desganyň getirilip synagdan geçirilenini, hem-de önümçilige ornaşdyrylanyny ýatlaýar.
Dünýä öňe gidýär. Şonuň bilen baglylykda, täze tehnologiýalar, nou-haular, ylmy çözgütler döreýär. Şolaryň düýp özeninde bolsa hökman ekologiýa abadançylygyny berjaý etmek, azyk howpsuzlygyny döretmek, senagatlaşmak esasynda umumadamzat ösüşini çaltlandyrmak meseleleri bar.
Zeminiň abadançylygy bagy-bossanlykdyr.
Zeminiň abadançylygy damjasy zere deňelýän suwuň eşrepi dek ulanylmagydyr.
Zeminiň abadançylygy ynsan zähmeti hem aň-paýhasy bilen tebigatyň bitewi sazlaşygydyr.
Zemin güllände, ynsan balasy gülýär. Bu bolsa bagt hem barlykdyr.
Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.