Hususy pudagyň tejribesi we gazananlary

nobatdaky gözden geçirilişde aýdyň şöhlelenýär
Düýn Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlady. Onda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerinde mynasyp orun eýeleýän hususy pudagyň işini döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek boýunça gazanylan üstünliklerdir ýetilen belent sepgitler aýdyňlygy bilen açylyp görkezilýär.
Ýörite habarçylarymyz gözden geçirilişe gatnaşyp, dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan hususy eýeçilikdäki düzümleriň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar.

«RYSGAL» PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKY: DÖWREBAP HYZMATLAR
«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan golaýda «Internet banking» atly täze hyzmat ýola goýuldy. Ol müşderä banka gelmezden, internet arkaly özara hasaplaşyk üçin pul serişdelerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Bankyň müşderisi bu hyzmatyň üsti bilen öz hasabyndaky galyndynyň möçberini, karzlaryň hem-de depozitleriň töleg tertibini, daşary ýurt pullarynyň hümmetini görüp bilýär. Onda işgärleriň aýlyk haklaryny geçirmäge-de mümkinçilik bar. Ýeri gelende, häzirki wagtda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müşderileriniň 90 göteriminiň bu hyzmatdan peýdalanýandygyny aýtmak gerek.
«Rysgal pay» programmasy bolsa internet arkaly müşderiniň şahsy QR kodunyň üsti bilen töleg geçirmegiň täze görnüşidir. Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin müşderiniň aýlyk kartyny ýörite programma birikdirilýär. Tölegiň dessin amala aşyrylmagy bu ulgamyň esasy aýratynlygydyr.
«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müşderileriniň arasynda şertnama esasynda bu bankdan uly möçberli karzlary alyp, ýurdumyzyň iri gurluşyklarynda iş alyp barýan telekeçileriň sany has agdyklyk edýär. Olar bankdan alan karz serişdeleriniň hasabyna häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap dolandyryş merkeziniň desgalarynyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyklaryna gatnaşýarlar.

«YNAMDARA» YNAM ULY
Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli sanly özgertmeleriň netijesinde, ilatyň sanly hyzmatlara bolan islegi barha artýar. Söwda ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyp, bu ugurdaky hyzmatlaryň geriminiň giňemegi harytlary onlaýn görnüşde satmaga we satyn almaga mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, internet arkaly söwda hyzmatlaryny hödürleýän onlaýn dükanlaryň işi uly meşhurlyga eýe bolýar. «Ynamdar» ady bilen 2019-njy ýyldan bäri hereket edýän onlaýn söwda dükany paýtagtymyzyň we oňa golaý ýerleşýän etraplardyr şäherleriň ýaşaýjylarynyň isleglerini kanagatlandyryp, müşderileri ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmekde aýratyn işjeňlik görkezýär. Şu güne çenli onlaýn görnüşde harytlaryň 10 müňden gowrak görnüşini müşderilere hödürleýän onlaýn söwda platformasynda gündelik zerur bolan azyk önümlerinden başlap, hojalykda ulanylýan harytlaryň ähli görnüşlerini sargyt etmek bolýar.
Müşderiler harytlary sargyt edip, öýüňe eltip bermek hyzmatyndan smartfondyr kompýuterler arkaly internete baglanyp, «Ynamdar» mobil goşundysyndaky onlaýn söwda dükanyndan ýa-da ynamdar.com internet salgysyndan peýdalanyp bilýärler. Özüňe gerekli harytlary saýlap, olary sebede goşmak ýeterlik. Onlaýn dükanyň operatorlary tarapyndan hasaba alnan sargytlar, görkezilen salga dessine ugradylýar. Harydy öýüňde kabul edip almagyň özüňe amatly wagtyny saýlamak hem-de hasaplaşyklary nagt we nagt däl görnüşde geçirmek mümkinçiliginiň bolmagy bu onlaýn söwda dükanynyň esasy artykmaçlygydyr.
«Onlaýn söwda platformamyzyň iş depgininiň gün-günden ýokarlanýandygy bizi örän begendirýär hem-de halka edilýän hyzmatyň hilini kämilleşdirmek üçin jogapkärçiligimizi has-da artdyrýar. Häzirki wagtda Aşgabadyň çäklerinde hem-de Änew şäheri we Büzmeýin etraby aralygynda harytlary eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýan onlaýn dükanymyzyň geljekde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da söwda nokatlaryny açmagy meýilleşdirýäris. Müşderileriň barha artýan isleglerini nazara alyp, hödürleýän önümlerimiziň, hyzmatlarymyzyň görnüşlerini artdyrmagy göz öňünde tutýarys. Şunda hünärmenleriň sanyny artdyrmak we hyzmat etmegiň medeniýetini yzygiderli kämilleşdirmek arkaly müşderilerden gelýän teklipleriň her birini içgin öwrenip, degişli işleri geçirmek biziň esasy maksadymyz bolup durýar» diýip, «Ynamdar» onlaýn söwda dükanynyň esaslandyryjysy Nurmuhammet Gapurow aýdýar.

TÄZE ÖNÜMÇILIK: «ÝELKENIŇ» ELDE TAÝÝARLANAN AÝAKGAPLARY
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, lebaply telekeçi Arslan Möwlamow «Ýelken» haryt nyşanly aýakgaplary bilen bu sergä ilkinji gezek gatnaşdy. Özi-de ol aýakgaplar hut elde taýýarlanan aýakgaplar! Iň kämil tehnologiýaly önümçilik kärhanalarynda öndürilen aýakgaplardan daşky görnüşi babatda-da, hili babatda-da birjik-de pesde durmaýan önümçilik sehinde ýaş oglan-gyzlaryň 23-si zähmet çekýär. Olaryň tutanýerli zähmeti bilen, bu ýerde her günde «Ýelken» haryt nyşanly aýakgaplaryň 45 — 50 jübüti öndürilýär. 100 göterim deriden taýýarlanan aýakgaplar elde tikilýär, bu olaryň esasy aýratynlygydyr. Häzirki wagtda «Ýelkeniň» pasla görä taýýarlanan, zenanlardyr erkekler, çagalar üçin niýetlenen aýakgaplary haryt saýlamakda tebigylygy we rahatlygy ileri tutýan müşderileriň isleglerini doly kanagatlandyrýar.
Elde taýýarlanan aýakgap önümçiligine başlamaga nämäniň itergi berendigi bilen gyzyklananymyzda, telekeçi Arslan Möwlamow öz ýaşaýan obasy bolan Astanababada has irki döwürlerde aýakgap tikýän ussalaryň bolandygyny, olaryň kesp-kärini dowam etdirmegi maksat edinendigini aýtdy. Telekeçi açylanyna şu ýylyň aprelinde 1 ýyl dolýan önümçilik sehiniň işini täzeçe guramagy maksat edinip, geljekde täze kärhanany gurmagy, onuň bilen utgaşyklylykda, çaga oýnawaçlarynyň önümçiligini hem ýola goýmagy meýilleşdirýär.

«NUR ÝÜPEK»: MAKSAT — ZENANLARYŇ ISLEGINI KANAGATLANDYRMAK
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli guralan sergide «Nur ýüpek» söwda belgisi bilen zenanlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan gülýüpek matasy hem görkezildi. Täze söwda dükany açylyp, dürli görnüşli gülýüpek matalaryň satuwynyň ýola goýlanyna bary-ýogy 6 aý geçen «Nur ýüpegiň» al-ýaşyl reňkli gülýüpekleri gözelligiň gözleginde gezip, geýinmekde milli lybaslary saýlaýan gelin-gyzlarymyzyň iň islegli harytlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ol harytlar diňe paýtagtymyzyň çäginde däl, eýsem, welaýat merkezlerinde hem müşderilere elýeterli bahadan hödürlenilýär. Gülýüpekleri internet arkaly görüp, sargyt etmek mümkinçiligi müşderileriň sanyny artdyrmakda we olaryň wagtyny tygşytlamakda uly ähmiýete eýedir.
«Nur ýüpegiň» paýtagtymyzda ýerleşýän söwda dükanynyň gapdalynda ýörite tikinçilik öýüniň bolmagy satyn alnan matany zenanlaryň isleg bildirýän görnüşinde dessine tikip bermäge mümkinçilik döredýär. Türkiýeden we Hytaýdan getirilýän gülýüpekleriň bir reňkli görnüşine-de, gülli görnüşlerine-de isleg örän ýokary. Milli biçüwde we döwrebap görnüşde ýüpek ýaly gülýüpeklerden tikilen lybaslar sergä gelen gelin-gyzlaryň hiç birini-de biparh goýmady.

«TÄÇ HIL» TÄZELIGIŇ GÖZLEGINDE
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Täç hil» hususy kärhanasy indi birnäçe ýyldan bäri, polietilen haltalaryň we ýuwujy serişdelerdir çygly süpürgiçleriň önümçiligi bilen ýurdumyzda giňden tanalýar. Dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, kärhanada zyýansyzlandyryjy serişdeleriň dürli görnüşleriniň önümçiligi hem ýola goýuldy. Şu güne çenli suwuk we gel görnüşli antibakterial serişdeleriň 15 görnüşi öndürilip, olar ulanylyş usullary, daşky bezegi we ysy bilen biri-birinden tapawutlanýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanyp guralan sergide hem zyýansyzlandyryjy, hem ys beriji häsiýete eýe bolan antibakterial serişdeleriň täze görnüşleri halk köpçüligine hödürlendi.
Ýeri gelende bellesek, golaýda «Täç hil» «Aura» atly atyrlaryň önümçiligini hem ýola goýdy. Munuň özi ilkinji nobatda, müşderileriň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmak üçin ädilen anyk ädimdir. Täze ugurda önümçilige başlamak maksady bilen, ilkibaşda kärhananyň hünärmenleri ilatyň atyrlara bolan isleglerine seljerme geçirdiler. Şunlukda, zenanlardyr erkek adamlaryň iň köp gyzyklanma bildirýän atyr görnüşleriniň 20-si saýlanyp alyndy we olaryň ýokary hil derejesini gazanmak üçin degişli işler amala aşyryldy. Häzirki wagtda «Täç hil» hususy kärhanasynyň «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly hoşboý ysly atyrlaryny ýurdumyzyň içerki bazarlaryndan we söwda nokatlaryndan satyn almak mümkinçiligi bar.

«AÝLY ÝAZDA» DIŇE TEBIGY ÖNÜMLER
Daşoguz welaýatynda iş alyp barýan «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýeti 2014-nji ýylda hususylaşdyrylyp, öz öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri bilen ýurdumyzyň çar künjeginde uly meşhurlykdan peýdalanýar. Ilkibaşda pomidor goýultmasynyň önümçiligi bilen işe başlan kärhana bu günki gün gaplanan önümleriň 24 görnüşini ilata hödürleýär. Esasan, çüýşe gaplarda satuwa çykarylýan pomidor goýultmasydyr üwmeçler, miwe suwlarydyr şerbetleriň, tebigy şireleriň dürli görnüşleri ekologiýa taýdan arassalygy we ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýar.
«Aýly ýaz» hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda öz önümlerini «Aýly sähra» we «Teri» haryt nyşany bilen ýurdumyzyň içerki bazarlaryna ýaýradýar. Hormatly Prezidentimiziň hususy pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, kärhanada öndürilýän pomidor goýultmasy goňşy Owganystana yzygiderli iberilip başlandy. «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýetinde ýylda gaplanan önümleriň 1,5 milliony öndürilip, olaryň düzüminde himiki goşundylar asla ýok diýen ýalydyr. Hut şonuň üçin-de bu kärhananyň gaplanan miweleridir gaýnadylan pomidor önümleri hyrydarly harytlaryň hatarynda ornuny barha berkidýär.
«Aýly ýazyň» hünärmenleri hemişe täzeligiň gözleginde. Bu gün olar öz önümlerini onlaýn söwda dükanlarynda-da satuwa çykarmak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Kärhanada ýakyn geljekde alma şiresiniň we pomidoryň kişdesiniň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Pomidory guradyp, nahardyr işdäaçarlar taýýarlananda peýdalanmak halk arasynda ir döwürlerden bäri hem ýörgünlidir.
Aýgül RAHYMOWA, Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan». Surat düşürenler Ýuriý ŞKURIN, Maksat AKMÄMMEDOW, Ilaman ÇÜRIÝEW.