Milli Liderimiziň paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça iş sapary

AŞGABAT — AHAL WELAÝATY 16-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan köpugurly işewür merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde wise-premýer Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimize bu desgada geçirilýän degişli işler, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, köpugurly işewür merkezli myhmanhananyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Täze toplumda myhmanlary mynasyp garşylamak, işewür duşuşyklary we dürli çäreleri, şol sanda halkara ähmiýetli çäreleri geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýerine ýetirilýän işleriň durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatyna doly laýyk gelmegini gazanmagyň zerurdygyny, binalaryň taslamalary taýýarlananda, ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Bularyň ählisi diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, Türkmenistanyň beýleki künjeklerinde hem desgalaryň gurluşygy meýilleşdirilende, esasy görkeziji bolmalydyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Laçyn” seýilgähiniň gurluşygynyň tapgyrlary we ýerleşişiniň aýratynlyklary, onuň çäginde guruljak beýleki desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Wise-premýer Ş.Durdylyýew degişli taslamalar, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar we olaryň ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdi.
Bu seýilgähi Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlap açmak meýilleşdirilýär. Milli Liderimiz myhmanhana-işewürlik toplumynyň golaýynda ýerleşen täze seýilgähiň abadanlaşdyrylyşyna ünsi çekip, bu ulgamdaky öňdebaryjy tehnologiýalaryň, tebigy bezeg babatdaky iň gowy tejribäniň giňden ulanylmalydygyny belledi.
Soňra “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow Aşgabadyň Halkara howa menziline tarap uzalyp gidýän seýilgäh zolagynyň bezeg aýratynlyklary, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilişi, şäherlileriň boş wagtlaryny göwnejaý geçirmekleri üçin seýilgähiň iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrülmegi boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow paýtagtymyzyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda we onuň çäklerinde alnyp barylýan işler, bu ýerde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew täze seýilgähde ekiljek bag nahallary, olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada hasabat berdi. Bag nahallarynyň görnüşleri seçilip alnanda bu ýerleriň tebigy aýratynlyklary nazara alyndy.
Soňra oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew täze seýilgähiň bag nahallaryna degişli derejede ideg işlerini ýola goýmak boýunça ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki döwürde seýilgähde bag nahallaryny ekmek işlerine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýär.
Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, şäherimiziň ekologiýa abadançylygyna, onda adamlar üçin ösen halkara ülňülere laýyk gelýän amatlylyk ýagdaýynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine möhüm üns berilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, şäher gurluşygynda alnyp barylýan işlerde ekologiýa meselesine aýratyn orun degişli bolmalydyr. Bu ýerde bina ediljek seýilgähde adamlaryň dynç almagy üçin has amatly şertler döredilmelidir. Şoňa görä-de, ähli meselelere, şol sanda dürli görnüşli agaç nahallarynyň ekilişine, otly meýdanlaryň hem-de gül aýmançalarynyň döredilmegine oýlanyşykly çemeleşmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz “Laçyn” diýlip atlandyrylan seýilgähiň bezeginde milli öwüşginleriň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, bu desgada alnyp barylýan işleriň ýokary hilini we bellenilen möhletde tabşyrylmagyny üpjün etmäge berk gözegçilik etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda täze seýilgäh toplumlaryny hem-de ýaşyl zolaklary döretmek boýunça görülýän çäreler ilatyň saglygyna oňyn täsir edýän amatly ekologiýa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.
Tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini saklamak we baýlaşdyrmak milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda kabul edilen uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýaşyl zolaklary hem-de toplumlary döretmek we giňeltmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Bu işe tutuş halkymyz işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak meselesine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň, raýatlarymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde aýratyn üns berýär.
Ak mermerli paýtagtymyzy baglara beslenen şäher diýip atlandyrýarlar. Ýurdumyzyň baş şäheri seýilgähleri we seýilbaglary, ýaşyl baglarynyň köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar. Giň meýdanlarda ýaýylyp gidýän arça, beýleki ýaprakly we pürli agaçlaryň tokaýlyklary Aşgabadyň şäher ýakasynyň hem-de Köpetdagyň eteginiň tebigatynyň aýrylmaz bölegidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip we iş saparyny dowam edip, Ahal welaýatyna bardy we şol ýerde Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan welaýatyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Ýolugra hormatly Prezidentimiz welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň baş meýilnamasynyň çäklerinde bina ediljek Ahal welaýat çagalar merkeziniň ýerleşjek ýerlerini synlady. Bu ýerde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow toplumyň düzüminde bina ediljek desgalar, olaryň aýratynlyklary barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz bagtyýar çagalygyň Watany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda körpe nesilleriň sazlaşykly ösmegi, amatly dynç almagy, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy we çeper döredijilik bilen meşgullanmagy üçin döwlet derejesinde alada edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu toplumda üpjün edilýän mümkinçilikler häzirki döwrüň ösen talaplaryna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuna laýyk gelmelidir. Bu ýerde çagalaryň dynç almaklary üçin bolşy ýaly, höwes edýän hünärleriniň endiklerini ele almagyna ýardam berýän ähli zerur şertler döredilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa degişli tabşyryklary berdi.
Häzirki döwürde Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depginleri barha artýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň derejesi barha ýokarlanýar.
Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwata eýedigine şaýatlyk edýär.
Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine 2019-njy ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda badalga berildi. Täze döwrebap şäheriň gurulmagy hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädimi alamatlandyrýar. Raýatlarymyzyň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmek şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine gelende, milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we Ahal welaýatynyň häkimi garşyladylar.
Ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalar direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazow bu ýerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi hem-de milli Liderimizi täze şäheriň baş meýilnamasy, bu ýerde bina edilýän durmuş we beýleki maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň edara binalarynyň, şeýle hem medeniýet toplumyna degişli desgalaryň, 3 müň orunlyk Ruhyýet köşgüniň şekil taslamalary taýýarlanyldy. Şolarda ähli zerur şertler üpjün ediler.
Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde gurulýan kitaphana we welaýat arhiwiniň binalary häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary, sanly ulgam bilen üpjün ediler. Welaýat drama teatrynyň, muzeýiň binalary täze merkeziň çäginde ýerleşdiriljek “Ahal” binasy hem-de Döwlet baýdagynyň sütüni bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirer.
Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygy üçin bölünip berlen ýerler, şol sanda olaryň ekologiýa ýagdaýy, seýsmik durnuklylygy hem-de beýleki degişli görkezijileri alymlar tarapyndan içgin öwrenildi. Bu ýerde dürli maksatly binalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna durmuş ulgamyna degişli desgalaryň — başlangyç hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň, ýörite sungat we çagalar sungat mekdepleriniň, saglyk öýüniň, 720 orunlyk orta mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň, köpugurly sport toplumynyň, 10 müň orunlyk stadionyň, suw toplumynyň, seýilgähleriň we dynç alyş zolaklarynyň taslamalary hödürlenildi.
Bu ýerde oba hojalyk, maliýe-ykdysadyýet, senagat-kommunikasiýa toplumlaryna degişli binalaryň, “Türkmenistan” we “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banklarynyň welaýat şahamçalarynyň, Merkezi bankyň welaýat dolandyrmasynyň, myhmanhananyň şekil taslamalary görkezildi.
Baş meýilnama laýyklykda, bu ýerde Döwlet sirki, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi, atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, söwda we dynç alyş merkezi, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binasy, 360 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş hem-de “Tiz kömek” merkezleri bina ediler.
Milli Liderimiziň garamagyna ähli amatlyklary özünde jemleýän 7 gatly, 28 öýli, 56 öýli, 42 öýli, 9 gatly, 54 öýli, 5 gatly, 30 öýli we 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary hödürlenildi. Şeýle hem bu ýerde welaýatyň çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi gurlar. Şunuň bilen bir hatarda, taslamalaryň çäklerinde ýerüsti geçelgeleriň, yşyklandyryjy ulgamyň, ýol-ulag düzümine degişli bezegleriň dürli görnüşleri görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar bilen içgin tanşyp, gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň hem-de olary bellenen möhletde tamamlamagyň desgalaryň potratçylaryna we buýrujylaryna bildirilýän üýtgewsiz talapdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, bu ugurda geçirilýän işleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Desgalar gurlanda we timarlaýyş işleri geçirilende, ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Şol serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologiýa we bezeg ýagdaýlaryny nazara almak bilen, olaryň berkligi we amatlylygy göz öňünde tutulyp, seçilip alynmalydyr. Binalaryň we desgalaryň keşbinde, içki bezeginde milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykda binagärlik we bezeg ulgamynda gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi ýurdumyzda gurulýan desgalara aýratyn öwüşgin çaýýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Iri möçberli şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi sebitleri senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, hususy ulgamy ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam eder diýip bellemek bilen, milli Liderimiz ekologiýa ýaly möhüm ähmiýetli meselä ünsi çekdi. Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde gurulýar. Şu tebigy gözelligi saklap galmak üçin “ýaşyl” tehnologiýalary giňden ulanmak zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglylykda, sanly tehnologiýalaryň we intellektual ulgamlaryň esasynda kadaly şäher giňişliginiň döredilmeginiň esasy ýörelge boljakdygyny nygtady. Şeýlelikde, munuň özi raýatlarymyzyň ýaşamagy üçin has oňaýly smart siti — “akylly» şäher bolar.
“Akylly» şäherler konsepsiýasynyň öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýandygyny bellemelidiris. Şolaryň kömegi bilen şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyrylmagyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän bitewi ekologiýa ulgamy döredilýär. Bu konsepsiýa tutuş ulgamlary özüne birleşdirýär, mysal üçin, “akylly» jaýlar, bitewi maglumatlar binýady hem-de köpugurly şäher goşundysy ýaly ulgamlary öz içine alýar. Olar ýaşaýjylara taksileri çagyrmaga, tölegleri amala aşyrmaga, dürli maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda hünärmenlerimiziň 15 müňden gowragynyň zähmet çekýändigini aýdyp, olaryň bu ýerde toplan tejribesiniň Aşgabat-sitiniň gurluşygynda hem ulanylyp bilinjekdigini belledi.
Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, degişli ýolbaşçylara meýilleşdirilen işleriň ählisiniň ýokary hilini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Ahal welaýatynyň häkiminiň we beýlekileriň hasabatlaryny diňledi. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk we gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Gurluşyk işlerinde ýokary hiliň üpjün edilmegi hem-de olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy desgalaryň potratçylaryna we buýrujylaryna bildirilýän üýtgewsiz talapdyr diýip, milli Liderimiz belledi we häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymow ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli binagärlik maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary, olaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde şäher ilatynyň oňaýly durmuşyny üpjün edýän, sanly ulgama daýanýan enjamlar ornaşdyrylan merkezleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda täze gurulýan desgalarda we binalarda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän görkezijileriň üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri B.Annamämmedow özümizde öndürilýän gurluşyk serişdeleri, olaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak we bu işlerde ýokary ekologiýa talaplaryny berjaý etmek ugrunda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maýa goýum — gurluşyk toplumynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekip, ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň möçberlerini has-da artdyrmak üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.
Bilim ministri O.Gurbanow häzirki döwürde ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmak, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak, welaýatlarda orta hünär okuw mekdepleriniň gerimini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmakda, maglumat merkezleriniň işini kämilleşdirmekde, “akylly» şäher bilen baglanyşykly tehnologiýalary ösdürmekde ýurdumyzyň bilim ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunda alnyp barylýan işler döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow lukmançylyk edaralaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, Ahal welaýatynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleri ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, welaýatyň lukmançylygynyň sanly ulgam arkaly ösdürilmegini, welaýat çagalar öýüniň merkeziniň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň çäklerinde gurulýan sport toplumlary, olarda döredilýän şertler we umuman, köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara ähmiýetli sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýurduna öwrülendigini nazara almak bilen, täze toplumlarda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen meşgullanmak we dürli ýaryşlary geçirmek üçin zerur şertleriň döredilmegine möhüm üns bermegi tabşyrdy.
Öz nobatynda, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinde seýilgähler döredilende, bu ýerleriň toprak-howa şertlerini nazara alyp, degişli bag nahallarynyň seçilip alynmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu künjegiň ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýeti bolan seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň çäklerinde ekiljek bag nahallarynyň seçilip alynmagyna ylmy esasda çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň çäklerinde bina edilýän Halkara ahalteke atçylyk ýokary okuw mekdebiniň we ylmy-önümçilik merkeziniň enjamlaşdyrylmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz gurluşygy meýilleşdirilen bu toplumlaryň ýurdumyzda atşynaslygy we milli atçylyk sportuny ösdürmekde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, toplumyň desgalarynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagyna, olarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew welaýatyň täze edara ediş merkezinde bina edilýän desgalarda aragatnaşyk hyzmatlaryny ýola goýmak hem-de häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde “akylly» şäher, “akylly» öý ýaly düşünjeleriň barha işjeň häsiýete eýe bolýandygyny nazara alyp, “akylly» şäherler konsepsiýasyny ösdürmek, şeýle hem köçelerdäki yşyklandyryş ulgamynda gözegçiligi ýola goýýan enjamlaryň işini ýola goýmak, bu usullary milli binagärlik ulgamynda işjeň ulanmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy G.Akmämmedow welaýatyň täze edara ediş merkezinde häzirki zaman ulaglarynyň sazlaşykly hereketini ýola goýmak, ekologiýa talaplaryny berk berjaý etmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri ylmy esasda ýola goýmagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz elektromobilleriň hereketi, awtoulaglary goýmak üçin niýetlenen “akylly» awtoduralgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere ylmy esasda çemeleşmek barada görkezme berdi.
Soňra Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy D.Hudaýberdiýewe söz berildi. Ol türkmen telekeçileriniň ähli ugurlarda bolşy ýaly, gurluşyk ulgamynda hem barha işjeňlik görkezýändigini belledi we işewürlik düzüminiň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin Arkadag Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdy.
Milli Liderimiz hususy gurluşyk kompaniýalarynyň dürli maksatly binalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýandygyny belläp, gurluşyklarda ýokary hiliň üpjün edilmeginiň we olaryň bellenilen möhletlerde gurlup gutarylmagynyň esasy talapdygyny aýtdy we bu işlere sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine möhüm üns bermegi tabşyrdy.
Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalar direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazow bu ýerde gurluşyk işlerinde sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek we täzeçil usullary ornaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda dünýä tejribesinde sanly ulgamyň, Gün we ýel batareýalarynyň, ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin gözegçilik we ýangyna garşy göreş enjamlarynyň, şäher arassaçylygynda zerur hasaplanylýan täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ulanylýandygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnologiýalaryny, ylmyň gazananlaryny, sanly ulgamy we ýurdumyzyň bu ugurda ýeten derejesini giňden wagyz etmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa häzirki döwürde milli parlamentde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, täze döredilýän döwrebap obalaryň we şäherleriň düzüm birliklerini kesgitlemek, ony kanunçylyk taýdan tassyklamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde kanunçylyk ulgamynyň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi we bu işleri döwrüň talabyna laýyk derejede guramagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan işlere, hususan-da, ýerine ýetirilýän gurluşyklara hemmetaraplaýyn gözegçilik etmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz bu ulgamda ýerine ýetirilýän işleriň döwrüň talabyna we hereket edýän kanunçylyga laýyklykda alnyp barylmagynyň wajypdygyny belläp, degişli gözegçilik işlerini işjeňleşdirmek babatda wise-premýere, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurluşyk işlerini sanly ulgam arkaly işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezinde ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunda gurluşygyň hil derejesi we ekologiýa ýagdaýy esasy talap hökmünde kesgitlenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow milli bilim maksatnamasyna häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýany ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmalydyrlar, olaryň ylmy işlerini peýdalanmak üçin zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow täze edara ediş merkezinde söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini ýola goýmak, telekeçileriň alyp barýan işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň işewür düzümleriniň gurluşyk senagatynda netijeli iş alyp barýandyklaryny belläp, telekeçileriň işlerinde häzirki zamanyň ösen tejribelerini, sanly tehnologiýalary ulanmaklaryny üpjün etmek boýunça zerur tagallalary görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow täze edara ediş merkezinde ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli düzümleriň işini talabalaýyk ýola goýmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz dünýäniň iň gowy tejribesiniň işjeň ulanylmagynyň hem-de döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtap, iň täze usullary ornaşdyrmaga uly üns bermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezinde seýilgähleri we tokaý zolaklaryny döretmek meseleleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösmegi, ilatyň saglygynyň berkidilmegi üçin ekologiýa wezipeleriniň çözülmeginiň wajypdygyny belläp, bu ugurdaky işlere jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny jemläp, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň şäher medeniýeti babatda hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan hem nusgalyk bolmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde, umuman, ähli ýerlerde “akylly» şäherler konsepsiýasyna möhüm üns berilmelidigini, şäheriň çäklerinde ekologiýa taýdan arassa ulaglaryň hereketiniň ýola goýulmagy, Gün we ýel batareýalarynyň işi, yşyklandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, halkymyza edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini we derejesini artdyrmak bilen baglanyşykly wezipelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda “Tiz kömek” hyzmatlary häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmelidir, bu hyzmatlara gelip gowuşýan sargytlar we olaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly wezipeler sanly ulgam arkaly dolandyrylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Tiz kömek” gullugynyň 03 belgisine jaň edilende, näsagyň ýerleşýän ýerini takyklap bolmaýandygyny aýdyp, bu babatda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan 112 ýa-da 911 belgini synag edip görmek barada aýtdy. Hususan-da, 112 belgä jaň edilende, degişli gulluk kömege mätäç adamyň ýerleşýän ýerini kesgitläp biler, lukmançylyk edarasy bolsa ony hassahana ýerleşdirende, näsagyň lukmançylyk kitapçasyny alyp bilýär. Munuň özi lukmançylyk hyzmatynyň şu görnüşiniň netijeli häsiýete eýe bolmagynda, gelip gowuşýan sargytlaryň ähmiýetini we onuň derejesini kesgitlemekde has-da möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli kämilleşdirmekde döwrebap sanly hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün etmekde hem-de şäher düzümini, ýangyn howpsuzlygy ulgamlaryny, köçeleriň yşyklandyrylyşyny döwrebaplaşdyrmakda degişli ygtybarly maglumat binýadyny döretmek hem-de tehniki enjamlaryň işleýşine talabalaýyk gözegçiligi ýola goýmak zerurdyr.
Milli Liderimiz şäherlerde we ilatly ýerlerde arassaçylygyň berjaý edilmeginiň wajypdygyny belläp, “akylly» şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, zir-zibiller üçin “akylly» gaplary ornaşdyrmak baradaky pikiri aýtdy. Sebäbi özüniň gurluşy boýunça zir-zibil gaplar dolan wagtynda hapa ýygnaýjy gulluklara habar gönderýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işiň häzirki zaman sanly ulgam arkaly dolandyrylmagyna ähmiýet berilmelidigini aýtdy.
Häzirki wagtda zir-zibil galyndylarynyň dünýäde uly mesele bolup durýandygyny nazara almak bilen, bu babatda dünýäniň ösen tejribesinden ugur alyp, galyndylary gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Munuň özi ekologiýa meselesiniň oňyn çözülmegine hem-de şäher abadançylygynyň baş şertini emele getirer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz ýokarda aýdylanlary jemläp, bularyň ählisiniň köp derejeli şäher ulgamyny döretmäge, şäher gulluklarynyň ählisine sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga ýardam etjekdigini aýtdy we bu işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.
Türkmenistan oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gidip, “akylly» şäherler konsepsiýasyny hem durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň täze şäher medeniýeti babatda hem, ekologiýa nukdaýnazaryndan hem nusgalyk bolmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz iş saparyny tamamlap, hemmelere öňde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.