Zemin güllese, ömür gülleýär

(«Garaşsyzlyk gadyry» atly publisistik toplumdan)
El telefonym jyrlady. Aňyrdan durudan ýognas ses eşidildi:
— Salawmaleýkim! Tananam dälsiň, men «Türkmen kölünden» Anna mugallym.
Köne tanşym. Garagumuň özi ýaly giňgöwün, barsaň, derrew söwüş edibilýän, kesesinden tutugrak ýaly görünse-de, göwün «kiltini» açdyrybilseň, bu sähranyň syryny, geň-enaýylyklaryny saňa kitap okan ýaly edip beribilýän adam. Ömrüni mugallymçylyga bagyşlap, Akýaýla, Garaşor töwereklerinde «Türkmen köli» gurlansoň, «Bu mukaddes tutuma gulluk etmekden gowy parz iş bolarmy?» diýip, täze käre ulaşan kişi.
— Garagumuň gyşyny görmäge gelsene, gardaş! Dolak dolanyp, çokaý geýip, ykyrdap ýatan garyň üstünden ýöremegiň keýpini görsediň sen! Bu gar-ygalyň nepini baharda bärlere düşseň, görersiň. Sygyr ýyly bereketli geljek, ygaly ýetdi, mallar gurat...
Soňam şeýle diýdi:
— Men-ä garyň beýdip ýagýanyny, ondan öňem ýyljak ýagşyň gaty ot-çöpleri ýumşadyşyny tebigatyň özgerýänindenmikä diýýän. Ynansaň, gujagynda köl gurlansoň, Garagumda gyşyna garam ýagýar, baharda-da Burkut baba üstümizden gysganman ýagyn guýýar.
Telefony goýamsoň, bu gürrüňçiligiň täsirinden çykybilmän, esli oturypdyryn.
Oglanlykda, ýok, jahyl çykamsoňam gözde galan, görnüşlerdir gulakda galan sözler hakyda doldy. Garaşsyzlykdan ozal «Garyp nämä garyp, odun bilen suwa» diýlenidi. Allowarra bir jelegaýlardan geljek gara kömri gyş gapyňy kakmanka tapybilseň, begenjiňden telpegiňi ýyrtaýmalydy. Obalarda, ylaýta-da, welaýat, etrap merkezlerinden uzagrakdaky ýerlerde güýz ahyrynda guma oduna gitmek zerurdy.
Alymlar bolsa çäge örtügi bozulan, ot-çöpi paýhynlanan, aýdylyşy ýaly, gaýmagy syrylan ýeriň öňki durkuna gelmegi üçin pesinden 10 — 15 ýylyň gerekdigini aýdýarlar.
Edil häzir bolsa okalan, sere siňen, özem hut biziň şu günümize, ertirimize dahylly maglumatlar ýada düşýär. ÝUNEP-niň (BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy) maglumatlaryna görä, her ýyl suwarymly ýerleriň 6 million gektar töweregi ýitirilýär, ýagny hasyllylyk düýpli pese gaçýar. Umuman, Ýer togalagyndaky suwarymly ýerleriň 40 million gektary we öri meýdanlarynyň, suwarylmaýan ýerleriň 3,5 milliard gektary çölleşmek howpundan zyýan çekýär.
Indem Ýer ýüzüniň iň uly sähralarynyň biri bolan Garagumuň gujagynda gurlan «Türkmen kölüniň» ýönekeýje, ähli inçelikleri öz içine alýan peýda-bähbidiniň «çopan hasabyny» çykaryp göreliň. Parallel boýunça 800 kilometre, meridian boýunça 450 kilometre uzalyp, 35 million gektara ýaýylyp gidýän Garagum gujagyna 300 çemesi ululy-kiçili obalary sygdyryp otyr. Göz öňüne getirip görüň! Demirgazygy Sarygamyş çöketliginden gaýdyp, birwagtky akym ugry Uzboýuň hanasy boýunça uzaýan, günortada Köpetdag eteklerine, günorta-gündogarda Garabil, Bathyz belentliklerine ýetýän, günorta-günbatarda Balkan daglarynyň eteklerini syryp gidýän, gündogarda Amyderýanyň mele tolkunlaryna ýuwlup, uzap gaýdyşy baryp, Hazaryň gomlary bilen gujaklaşýan Garagum giň, geň-enaýy, goýny genji-känli, üsti müň dürli ot-çöpli mekan.
Aýdylyşyna görä, Garagumda 20 müň çemesi guýy bolup, olaryň onlarçasy «ýyldyz guýy» diýilýänden. Iň çuň guýular Pendi ýaýlasynda bolup, olar dünýä rekordyna mynasypdyr. Iki guýynyň hersiniň çuňlugy 309 metre, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazylan guýynyň çuňlugy bolsa 311 metre ýetýär. Şeýle çuňlukdaky guýularyň töweregindäki örüler juda sonar, oty-çöpi başga ýerleriňkiden has köp. Bu ymgyr sähranyň gujagynda ýurdumyzdaky dowarlardyr düýeleriň 90 göterimi sonarlap ýör. Bu san entegem köpelmeli.
Bilermenler «Türkmen kölüniň» döremegi bilen, Garagumda goşmaça 1 million 500 müň gektar öri meýdanyny suwlulandyrmaga mümkinçilik dörändigini aýdýarlar. Garaşoruň bäri eteginde — «Türkmen kölüniň» ýakasynda XXI asyra mahsus, ähli amatlyklary bolan küren oba döreýär. Onsoň, neneň seriňe «Ine, Garaşsyzlygyň Garaguma eçilen bagty» diýen pikir pel-pelläp gonmaz?! Gulagyma biri çawuş çakan ýaly boldy: «Kelte gaýtma! Hany, mundan 5-6 ýyl ozal Aşyrmuhammet Seýitnurowyň — Aşyr aganyň aýdan gürrüňlerini, görkezen zatlaryny ýada sal!». Hä-ä, şonda biz tomsuň ortasynda garry Nohurdadyk. Garawul obasyndan çykyp, ir guşlukda ýüzümizi Ypaýa tarap tutup barýardyk. Ýolbeledimizem şu ýerlerde dünýä inen, hem daýhan, hem awçy Aşyrmuhammet Seýitnurowdy. Onuň bu ýerden o diýen bir daş bolmadyk, Garagum derýasynyň gaýra kenaryna golaý, Ak işanyň aramgähiniň bärräginde döreden bagyna baryp görsediň! Şonda «Görogly» eposynda waspy ýetirilip, eşideniňde, agzyňy suwardýan, Harmandäli gyzyň bagyna gaýra dur diýdirjek bagy, onda-da, adyny tutan miweli-miwesiz, başy belent bagçylygy görüp, aňalyp galyberersiň.
Indiki gürrüň weli, häzir dag içinde biten, asyl, soň dörän bag-tokaý hakda.
Dagda gögerýän agaçlar başga ýeriňkiden tapawutly. Gara daşy ýaryp çykansoň, jülge-zawda, ýapgytda, baýyrda biten arça, kerkaw, dagdan, nar, hoz ýaly agaçlar haýal ösýär, haýal ösüşi ýaly-da, uzak ýaşaýar. Özem aglabasy daş ýaly gaty bolýar...
Soňra asly şahandaz, dilewar, joşanda, aýdymam aýdyberýän, goşgy-da düzüberýän Aşyr aga gülümsiredi:
— Hawa-da, içinde gaplaň arlap, şir-peleň yňrananda, sesinden sandyrap, galpyldap durjak agaç däl-de, şo janawarlara kybapdaş agaçlar mynasypdyr bu keremli daglaryň gujagyna. Dag içindäki obalara tebigy gaz çekilensoň, agaç biline palta urulmasy galandyr.
Soňky sözi ýaşy segseni sermeläberen goja daýhan döwre tagzymly labyz bilen aýtdy.
Bir gektar arça tokaýy gije-gündizde 30 kilogram çemesi fitonsid öndürýär. Pürli tokaýda şonuň üçin howa aňrybaş tämiz bolýar. Tokaýlar Ýer togalagynyň ösümlik örtüginiň 82 göterimini tutýar. Bir gektar meýdandaky tokaý her ýyl 50 — 70 tonna möçberdäki tot-tozany özüne siňdirip, ornuna kislorod berýär. Uly ýollaryň ugruna gür ekilen agaçlar, tokaý toplumy sesi-güwwüldini birnäçe esse peseldýär. Orta ululykdaky bir agaç gije-gündizde üç adama ýeterlik kislorody öndürip berýär. Haýran galmaly, bir topbak bolup oturan agaç geçip barýan buludy üstüne ýagdyryp bilýär.
Ine, meniň öňümde şeýle ýazgy bar: «Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň maglumatlaryna salgylansaň, oba hojalygy, şol sanda balykçylyk we tokaý hojalygy ýaly ugurlar, esasan, tebigy serişdeleriň hasabyna ösdürilýär. Şeýlelikde, bu ugurlar Ýer ýüzüniň umumy ilatynyň 40 göteriminiň ýaşaýşy üçin zerur bolan mümkinçilikleri döredýär. Hut şoňa görä-de, azyk we oba hojalyk pudaklary «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek boýunça tagallalary amala aşyrmakda möhüm orny eýeleýärler. Şeýle hem azyk howpsuzlygy we iýmitleniş bilen bagly meseleler aýratyn ünsi çekmeli ugur bolup galýar».
Şu ýerde, gepiň gerdişine görä, «ýaşyl» ykdysadyýet diýlen düşünjäniň wajyplygyna, zamanabaplygyna ünsi çekeliň! «Zamanabap» diýýänim, bu adalga häzire, ýagny XXI asyra has muwapykdyr. Anyk aýdylanda, juda zerurdyr. «Ýaşyl» ykdysadyýet bu gün umumadamzat ösüşiniň ähli meselelerine dahyllydyr. Ilkinji nobatda, ekologiýa bilen juda-juda baglanyşyklydyr. Düşnükli dilde aýdanyňda, «ýaşyl» ykdysadyýet ekologiýa taýdan howpsuz önümçiligi döretmekdir.
Türkmen aga «Eşideniňe ynanma, göreniňe ynan» diýýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gurlan, işe girizilmegi meýilleşdirilýän, taslama işleri amala aşýan senagat-industrial, önümçilik desgalary hakda-ha gürrüňem ýok, şähergurluşyk, medeni-durmuş maksatly binalarda hem iň ýokary ekologik talap berk ornaşdyryldy. Bu meselä barha uly üns berilýär. «Ýaşyl» ykdysadyýetiň dünýä ülňüleriniň derejesinde berjaý edilendigi üçin Gyýanlydaky polipropilen we polietilen öndürýän topluma, Garabogazdaky karbamid zawodyna, Ahalda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän kärhana bu ugra ýöriteleşdirilen halkara derejedäki ylmy merkezler tarapyndan berlen güwänamalary ýada salyp görüň!
Türkmenistan elektrik togy babatda iň howpsuz, ygtybarly, ekologiýa taýdan juda arassa önümçiligi ýola goýan ýurtdur. Tebigy gaz bilen işleýän elektrik stansiýalary dünýäde iň kämil, daşky gurşawa hiç hili ýaramaz täsir ýetirmeýän görnüş hasap edilýär. Mary Döwlet elektrik stansiýasynda gurlan tehnologiýa — utgaşykly dolanyşykda işleýän toplum dünýä nusgalykdyr. Utgaşykly dolanyşyk esasyndaky önümçilik her ýylda 1,1 milliard kubmetr tebigy gazy tygşytlamaga, daşky gurşawa aralaşýan zyýanly galyndylary 3,1 million tonna möçberde azaltmaga ukyplydyr.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany ösen senagat-industrial ýurda öwürmek konsepsiýasynda «ýaşyl» tehnologiýa kadalaryny ilkinji talap hökmünde öňe sürmegi dünýä tarapyndan ulanylmaly başlangyçdyr. Ekologiýa hiç hili zyýansyz önümçilik — bu geljegiň, nesilleriň bagtyýar ýaşamagynyň, ekologik howpsuzlygyň berk kepilidir. Ekologlar «Tebigy gurşawyň bozulmagynyň öňüni almakda paýhasly çemeleşiş esasy çözgütdir» diýýärler.
Dünýä statistikasy çak boýunça Ýer togalagynda ýaşaýan ilatyň sanynyň 2050-nji ýyla çenli 9 milliarda ýetmeginiň mümkindigini aýdýar. Ösen aňyýetiň, tehnologiýanyň, diýseň kämilleşen önümçiligiň hasabyna azyk howpsuzlygyny üpjün etmegem, ýaşaýyş-durmuş şertleri üçin täze giňişlikleri tapmagam mümkin bolar. Iň esasy zat, senagat-industrial önümçiligi kämilleşdirmeli hem kadalaşdyrmaly bolar.
Görnükli syýasatçy, Singapur döwletiniň öňki hökümet başlygy Li Kuan Ýu «Geljekki dünýä meniň garaýşym» atly kitabynda howanyň üýtgemeginiň meselelerine hem degip geçýär.
Howanyň aşa maýlamagy-gyzmagy uly howsala döredýär. Alymlar, ekologlar bu meselede aşa industriallaşmak, umuman, adam faktory bilen döreýän meseleleri ilkinji orunda goýýarlar. Bu dogrudyr. Ýöne Ýer togalagynyň öz fiziki, astronomik kanunlaryny hem degşirip görmeli. Ene Ýer 4,5 milliard ýyl bäri adamzada hyzmat edip gelýär. Şeýlelikde, «garramak» hadysasyny unutmaň! Senagat önümçiliginde döreýän iki okislenen uglerodlar hem täsir edýändir. Howanyň gyzmagy dowamly häsiýete geçýär. Äpet buzluklar gözümiziň alnynda ereýär. Birwagtlar Demirgazyk-Günbatar geçelgesi, ýagny Demirgazyk Buzly ummanyň Kanada, Alýaska we Russiýa kenarlary basyrylyp ýatan buzluklardy. Indi erän buzluklaryň arasynda dörän «täze ýol» tomus nawigasiýasy üçin ulanylýar.
Howanyň gyzmagy tutuş adamzat jemgyýetçiligini ynjalykdan gaçyrýar. Şeýlelikde, dünýäniň ähli ýurtlarynyň tagallalarynyň bir ýere jemlenmegi zerur. Ilkinji nobatda bolsa, atmosfera siňýän gazlara, galyndylara berk çäk goýmak gerek. Ylaýta-da, Ýewropa ýurtlary howanyň üýtgemegi sebäpli has köp howsala düşýärler, «ýaşyl» ykdysadyýet, ekologiýa taýdan arassa önümçilik üçin täze ugurlary we ylmy-tejribe çözgütlerini gözleýärler.
«Ikinji Jahan urşundan soň men dört ýyllap Beýik Britaniýada ýaşadym — diýip, ýokarda agzan awtorymyz ýatlaýar: — Şol döwürler bu ýurduň adalarynda, Ýewropanyň beýleki ýerlerinde hem deňagramly, hem ajaýyp howa bardy. Gyşy gyş, ýazy ýaz ýerindedi. Indi nähili? Ortaýer deňzinden başlap, tä Skandinawiýa çenli aralykda suw joşmalary, çapgyn ýeller, tomsuna görülmedik jöwza adaty ýagdaýa öwrülip barýar. Şonuň üçinem Ýewropa Bileleşigi ýurtlary howanyň üýtgemeginiň öňüni almaga çynlakaý çemeleşýärler. Şu meselede esasy çykalga elektrik energiýasyny, gazy, suwy diýseň tygşytly ulanmaga gelip direýär. Sebäbi şol tygşytlylyk atmosfera düşýän gazy azaltmagyň esasy girewidir».
Dünýäniň Ýaponiýa ýaly ösen ýurtlary bu babatda subsidiýanyň — ýeňillikli tölegiň ýüzlerçe ýyllyk tejribesiniň görkezişi ýaly, özüni ödemändigini tekrarlaýarlar. «Töleg tygşytlylygyň gönezligidir» — ine, ýörelge! Haçan-da islendik adam artykmaç ýakan elektrik togy, biparh ulanan tebigy gazy, äwmezlikden akdyran suwy üçin «jübüsine elini sokmaly» boljagyny bilende, derrew tygşytlylyk hakda pikir edip ugrar. Dana türkmen ýönelige «Arzanyň arzysy ýok» diýen däldir. Edil häzir energiýa tygşytlylygy bilen ekologiýany abadan saklasak, milli ykdysadyýeti berkitsek, tygşytlylyk medeniýetini öwrensek hem-de çagalarymyza öwretsek, biziň özümiz üçin bähbit, ömrümiz üçin haýyrdyr.
(Dowamy bar).
Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.