Her damjasy eşrepi

Bu goja Zemindäki ýaşaýşy suwsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Aslynda, Zemine jan beren, barça janly-jandaryň, ösümlikleriň döremegine sebäp bolan suw ahbetin! Ýigrimi birinji asyrda, adam aňynyň has ösen döwründe-de suw ezeli ähmiýetini — ýaşaýyş gymmatyny birjik-de peseldenok. Öz akyl-paýhasy bilen Arş gämisini ýasap, ýedi gat asmana çykmagy başaran, köp zatlary kompýuterler arkaly dolandyryp bilýän adam, suwuň öňünde hemişe-de baş egýär. Ençeme aýlap Arş gämisinde ylmy işleri alyp barýan kosmonawtlar üçin zerur bolan iýmiti kiçijik gapjagazdaky emeli goýaltma ýa-da kindiwanja gerdejik bilen çalşyp bilen, başga-da zerur hasaplanan köp zatlaryň oruntutarlaryny döredip bilen adamyň suwy hiç bir zat bilen çalyşmaga, onuň oruntutaryny döretmäge heniz-henizler-ä akyly çatanok. Bu geljekde-de başardar öýdemok. Çünki ähli zatlary döretmekde suw derwaýys bolsa-da, göräýmäge adaty zat hasaplanylýan bu gudratyň oruntutaryny döretmek welin, asla mümkin däl. Dogry, soňky döwürlerde internet saýtlarynda alymlaryň howadan suw almagy başarandyklary ýa-da suwuň külke görnüşini döredendikleri baradaky habarlar gabat gelýär. Ýöne howanyň düzüminde-de suwuň bardygyny ýatlasak, onda howadan suw almak onuň oruntutarynyň döredilendigini aňlatmaýar.
Suwuň külke görnüşi hakynda aýdylanda bolsa, dünýä howasynyň maýlamagy bilen bagly meýilnamanyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň alymlary suwy owuntyk görnüşe geçiripdirler. Olaryň pikiriçe, suwuň külke görnüşe geçirilmegi daşky gurşawy arassa saklamak üçin netijeli gural bolup biler. Emma suw külkesiniň hem bary-ýogy iki goşundydan, ýagny suw we kremnezýomadan (kremniý bilen kislorodyň birleşmesinden ybarat mineral) ýasalandygyny aýtsak, onda suw külkejigi hem onuň oruntutarynyň döredildigi bolmaýar. Sebäbi alymlar ikinji goşundynyň bary-ýogy bäş göterimjigini suwa goşanlarynda, suw külke görnüşine öwrülipdir.
Onsoň, hiç mahal oruntutaryny döredip bolmajak şeýle gymmatlyk ähli zadyň döremegine ýa-da döredilmegine gatnaşýan-da bolsa, hemişe özüne üns berilmegine, aýawly çemeleşilmegine, sarpa goýulmagyna hem mätäçdir. Çünki ýaponiýaly Masaru Emoto, amerikaly Rustam Roý, russiýaly Wýaçeslaw Zwonnikow, angliýaly Julion Kenon, awstriýaly Alois Gruber ýaly dünýäniň ençeme meşhur alymlarynyň ylmy esasda subut edişleri kimin suw asla jansyz zat däldir. Şonuň üçin, dünýäniň akylly-başly ynsanlary suw serişdelerini, daşky gurşawy aýawly saklamak ugrunda göreşýän guramalary suwy hapalamazlyk, zaýalamazlyk, aýawly peýdalanmak ugrunda elmydama göreş alyp barýarlar.
Ýeri gelende, suwuň arassalygy ugrunda dünýäniň käbir alymlarynyň umumadamzat bähbitli açyşlary edýändiklerini ýatlamak hem diýseň ýakymlydyr. Mysal üçin, Wassilios Mamaloukas diýen grek alymynyň deňiz suwuny senagat önümçiliginiň dürli galyndylaryndan, suwa dökülen nebit önümlerinden arassalamak üçin adaty bolmadyk usuly oýlap tapandygyny köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýazýarlar. Ol öz kärdeşleri bilen deňze garyşan nebiti arassalaýan bakteriýany döredipdir. Alymlar, ilki bilen, suwa az mukdarda nebit goşupdyrlar. Soňra bolsa ol suwa bakja önümlerinden alnan, tebigatda çüýräp ýok bolýan ýagy damdyrypdyrlar. Netije garaşylyşy ýaly bolup, deňiz suwy öz-özünden arassalanypdyr. Alymlar geljekde deňzi dürli garyndylardan arassalamakda bu usulyň ähmiýetli boljakdygyny aýdýarlar. Munuň özi dünýä suwlaryny arassa saklamak işiniň köp alymlardyr döwletleri biparh goýmaýandygyna-da şaýatlyk edýär. Onsoň, şeýle oňyn herekete ähli döwletleriň işeňňir gatnaşmagyny halys ýüregiňden isleýärsiň. Çünki bir ýerde suw zerarly tebigatyň ekologik ýagdaýy ýaramazlaşsa, ol dünýäniň beýleki döwletlerine-de erbet täsirini ýetirýär. Aslynda, bu goja Zemin juda bir uly hem däl ahyryn!..
Suwy zaýalamazlyk, ondan aýawly peýdalanmak hakda aýdan mahalymyz, süýji suw hakynda-da gysgaça durup geçmegi möhüm hasaplaýaryn. Çünki gürrüň süýji suwa syryganda, mesele has-da ýitileşýär. Süýji suw ýurdumyz boýunça alanyňda-da, dünýä boýunça alanyňda-da juda aýawly garalmaga, goralmaga mätäçdir. Sebäbi dünýä suwunyň jemi mukdary 1,4 milliard kub kilometre barabar bolsa-da, onuň 97,5 göterimi ummanlaryň we deňizleriň duzly hem dürli derejede minerallaşan suwlarydyr. Umumy suwuň diňe 2,5 göterimi süýji suwdur. Şol süýji suwuň hem 68,9 göterimi müdimilik doňup ýatan buz hem-de gar halyndadyr, 30,8 göterimi bolsa toprakda yzgar we ýerasty suw görnüşindedir. Onsoň, süýji suwuň diňe 0,3 göterimi derýalarda we köllerde ýerleşip, adamzada elýeter haldaky suwlar bolup durýar.
Galyberse-de, bu goja Zeminiň ähli ýerine süýji suwuň deň-derman bölünmändigini-de aýtmak gerek. Bu barada akademik Agajan Babaýew hem «Çölleriň we çölleşmegiň meseleleri» (Aşgabat — 2012) diýen kitabynda: «Ýer şarynyň gury ýerine garanyňda, suwuň eýeleýän giňişliginiň artykmaçlyk etmegi, bu durmuş üçin möhüm resursyň egsilmezligi hakynda hyýaly bir düşünjäni döredýär. Şeýle-de bolsa, tebigat suw gurşawyna diýseň adalatsyzlyk bilen çemeleşipdir. Polýar we tundra zolaklarynda suw diýseň köpdür, çölleriň zolagynda bolsa onuň ýetmezçiligi ýiti ýagdaýda duýulýar» diýip ýazýar. Görnüşi ýaly, Ýer togalagynyň birnäçe ýerlerinde süýji suw meselesi iň ýiti meseleleriň biri bolup ör-boýuna galýar. Agyz suwunyň ýetmezçilik etmegi zerarly, bu günki gün dünýäniň käbir döwletleriniň ilaty deňiz suwuny arassalap içmäge mejbur bolýarlar. Saud Arabystan Patyşalygy ýaly baý döwletler bolsa, özüne gerek içimlik suwuň köp bölegini daşary ýurtlardan satyn alyp getirýärler. Singapurda we başga-da käbir döwletlerde süýji suwuň ilata bellenen tertipde ölçeg arkaly paýlanýandygy hem bellidir. Şu zatlaryň özem tebigatda süýji suwuň möçberiniň çäklidiginiň netijesidir.
2008-nji ýylda «Ylmyň geljegi» diýen at bilen Wenesiýada geçirilen Bütindünýä konferensiýasynyň maglumatyna görä, soňky ýüzýyllykda dünýä boýunça süýji suwuň ulanylyşy iki esse artypdyr. Bu san şondan soňky geçen ýyllarda-da köpelmese azalanok. Şeýle bolansoň, häzirki döwürde dünýäniň otuza golaý ýurdunda ýaşaýan adamlaryň bir milliarddan gowragy suw ýetmezçiliginden kösenýär. Şoňa görä-de, birnäçe döwletde ýüze çykýan hassaçylyklaryň 80 göterimi arassa suwuň gytçylygy bilen bagly bolup durýar. Aýratyn-da, Afrika döwletleriniň köpüsinde suw ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygy hakynda dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýazýarlar.
Dogry, Birleşen Milletler Guramasy arassa agyz suw ýetmezçiliginiň öňüni almak, barha artyp barýan bütindünýä teşneligini, iň bolmanda, azda-kände ýeňilleşdirmek maksady bilen, öňden bäri dürli çäreleri, forumlary geçirýär. BMG-niň ýigriminji asyryň 80-nji ýyllarynda halkara suw onýyllygyny yglan edendigi-de suw bilen gyzyklanýan adamlaryň ýadyndadyr. Şonda onýyllygyň ahyryna çenli Zeminiň ýaşaýjylarynyň ählisini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ýaly ynsanperwer maksatdan ugur alnypdy.
Ýeri gelende aýtsak, suwuň hapalanmazlygy, tygşytly ulanylmagy, Zeminiň ähli ynsanlaryna elýeter bolmagy üçin Birleşen Milletler Guramasy soňam suw onýyllygyny yglan etdi. BMG-niň 2005 — 2015-nji ýyllar üçin kabul eden «Suw ýaşaýyş üçindir» atly onýyllyk hereketi onuň aýdyň mysalydyr. Bu onýyllyk hereketiň esasy wezipesi hem suw üpjünçiligini gowulandyrmakdan, onuň aşa hapalanmagynyň öňüni almakdan we tygşytly ulanmakdan, şeýle hem, beýleki suw meseleleri boýunça halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini höweslendirmekden hem-de tagallalary birleşdirmekden ybaratdyr. Eger-de her bir ýurt süýji suw meselesine bagyşlanan şeýle forumlarda aýdylan umumadamzat ähmiýetli pikirlere, öňe sürülýän başlangyçlara, oňyn hereketlere kembaha garaman, bu meselede döwlet derejesinde oýlanyşykly hereket edip, ýaşaýşyň dermany bolan suwy eşrepi ýaly görüp, tygşytly peýdalanmagy ýola goýsa, suwlaryň wagtlaýyn bähbitler üçin çakdanaşa hapalanmagynyň öňüni alsa, onda daşky gurşawyň arassa bolmagyna mynasyp goşant goşup, şu günki hem geljekki nesiller üçin amatly ekologik şertleriň saklanylmagyna ýakyndan ýardam ederdi...
Döwrangeldi AGALYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.