Adyň alyslarda aýdym, Aşgabat

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Ajaýyp binalaryň hem-de ak şäherimiziň ähli köşgi-eýwanlarynyň, belent jaýlarynyň depesinde pasyrdap, halkyň ýürek buýsanjyny äleme buşlaýan türkmeniň ýaşyl Tugy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli, adyl hem ynsanperwer syýasatlaryndan ruhlanýan halkymyzy ýeneki beýik işlere, belent sepgitlere sary alyp barýar. Goý, türkmeniň dünýäde iň belent Baýdagy asuda asmanymyzda baky parlasyn!
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz şu ýylyň 25-nji maýynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň paýtagty ak mermerli Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny giňden we dabaraly ýagdaýda belläp geçer. Ýurdumyzyň baş şäheriniň täze taryhy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň berkarar edilen senesinden — 1991-nji ýyldan başlanýar. Şu geçen tegelek 30 ýylyň dowamynda bitirilen ägirt uly işleriň netijesinde Aşgabat ajaýyp binagärligi, köpugurly şertleri, täsinligi bilen dünýäniň ösen şäherleriniň hataryna goşuldy. Paýtagtymyzyň dürli ýyllarda gurlan binagärlik desgalarynyň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Ak şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň täsin desgalaryna bagyşlanan gyzykly makalalary yzygiderli gazetimizde çap etmegi makul bildik. Mähriban okyjylar, gazetimiziň şu sanynda bolsa mukaddes Tugumyz dogrusynda söhbet ederis.
Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda türkmen paýtagtynyň günorta böleginde, Garaşsyzlyk we Arçabil şaýollarynyň kesişýän ýeriniň golaýynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen dünýäde iň beýik hasaplanylýan baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet Tuguny belende galdyrmak dabarasy boldy. Beýikligi 133 metre barabar bolan bu baýdak sütüninde parlaýan Döwlet Tugumyzyň agramy 420 kilograma barabardyr. Onuň uly we täsin göwrümi (52,5x35 metr) köpleri haýran galdyrýar.
Bu täsin görkeziji paýtagtymyzda bolan, degişli güwänamany gowşuran Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň wise-prezidenti Greýg Glendeý tarapyndan bellige alyndy. Şeýlelikde, Türkmenistan bu görkeziji babatda öň bu kitapda bellige alnan Iordaniýadan we Birleşen Arap Emirliklerinden öňe geçip, dünýäniň bu ugurdaky täsinligini täzeledi. Şol döwürde bu döwletlerde baýdak sütünleriniň beýikligi, degişlilikde, 132 we 123 metre barabardy.
Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Döwlet Baýdagy türkmen halkynyň erkin, Garaşsyz Watan baradaky belent arzuwlaryny özünde jemläp, bu gün belentde buýsançly pasyrdaýar. Ol döwlet özygtyýarlylygynyň hem-de milletiň ruhubelentliginiň, halkymyzyň milli özboluşlylygynyň, onuň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgeleriniň aýdyň dabaralanmasydyr.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy hem-de Türkmenistanyň Döwlet Senasy bilen birlikde, Döwlet Baýdagy döwletiň resmi nyşany bolup durýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy yglan edilen badyna täze Döwlet Tugumyzda taryhy we milli aýratynlyklarymyzy şekillendirmek babatda umumymilli bäsleşik yglan edildi. Ýurdumyzyň täze taryhynda möhüm orun eýeleýän bu döwletli işe belli suratkeşlerimiz, dizaýnerlerimiz, döredijilik toparlarymyz gatnaşdy.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda milli parlamentiň mejlisinde tassyklanyldy. Şunda ýaşyl baýdagymyzyň ýüzünde döredilen düşündirişsiz okap bolýan, her bir şekilindäki milli mukaddesliklerimizde çuň many bar. Baýdagyň ýaşyl reňki ýaşaýşy, topragy, al-ýaşyl öwüsýän ýaýlalary, abadançylygy we parahatçylygy alamatlandyrýar. Ýarym aýyň şekili bagtyýar halkymyzyň arassa, abadan asmanyny aňladýar. Bäş burçly ýyldyzlar bolsa bäş welaýatyň nyşanydyr. Baýdagymyzda milli gymmatlygymyz, enelerimiziň döreden täsin sungaty, haly gölleriniň şekilleri ýurdumyzyň welaýatlarynyň jebisligini alamatlandyrýar.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň yglan edilmegi bilen baglylykda «Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy hakyndaky» Kanuna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şonuň netijesinde Döwlet Baýdagynyň aşaky böleginde zeýtun agajynyň şahalarynyň şekili peýda boldy.
Mähriban halkymyzyň hoşniýetli erk-islegini, parahatçylyk söýüjiligini hem-de ynsanperwerligini alamatlandyrýan Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara guramalaryň binalarynda, şeýle hem dünýäniň beýleki döwletlerinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň köşgünde, Milli Geňeşiň, Ministrler Kabinetiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, beýleki döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik, konsullyk we beýleki wekilhanalarynyň binalarynda buýsançly parlaýar.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen beýikligi 100 metre barabar bolan baýdak sütünli şeýle meýdançalaryň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň edara ediş merkezlerinde peýda bolandygyny bellemek has-da ýakymlydyr. Şoňa görä-de, bu gün kalby eziz Watanymyza söýgi we buýsanç duýgusyndan püre-pür türkmenistanlylar hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Tugumyzy belende galdyryp, beýik ösüşleriň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýar.
Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýuna çenli gazetimizde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna hasaba alnan täsinlikler dogrusynda yzygiderlilikde gyzykly makalalar yzygiderli çap ediler. Gazetimiziň geljek sanynda bolsa paýtagtymyzyň gözel künjeginde gurlan täsin Oguzhan suw çüwdürimler toplumy dogrusynda söhbet ederis.
Jumanazar GARAJAÝEW,
«Aşgabat» gazetiniň syýasy synçysy.