BELENT HORMATYŇ GÖRELDESI

Ýulduz JUMABAÝEWA, 
agyr atletika boýunça dünýä çempiony:

— Biz, türgenler, hormatly Prezidentimize näçe alkyş aýtsak hem bärden gaýdýar. Iň döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda türgenleşýäris. Biziň üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Olara halkara ýaryşlardaky üstünlikler bilen jogap bermek — biziň esasy borjumyz. Halkara ýaryşlaryň birnäçesinde, şol sanda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda hem muny başarandygyma diýseň begenýärin. Ýurdumyzyň taryhynda agyr atletika boýunça dünýä çempiony bolan ilkinji zenan türgen bolmak, şol ýaryşda ýaşlaryň arasyndaky dünýä rekordyny täzelemek, bu gün bolsa altyn medallary hormatly Prezidentimiziň hut öz elinden almak — ykbalymyň beýik peşgeşi. Gahryman Arkadagymyz «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna-da mynasyp gördi, döwrebap awtoulag-da sowgat berdi.
Öz adymdan, ýurdumyzyň ähli türgenleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyza ýene bir ýola tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn. Halkara ýaryşlardaky üstünliklerimizi eziz Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesiniň beýgelmegine bagyşlamak biziň üçin hemişe-de belent dereje bolar.

Berdi MÄTIÝEW, 
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň «Gaýrat» medalynyň eýesi:

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň sport diplomatiýasy barha dabaralanýar. Sakasynda hormatly Prezidentimiz duran başlangyçlar bilen Türkmenistan sportuň halklary dostlaşdyryjylyk häsiýetini baýdak edinip, Ýer ýüzünde beýik görelde görkezýär. Şeýle bolansoň, bu başlangyçlar we parahatçylyga daýanýan sport syýasaty dünýä halklarynyň ykraryny gazanýar.
Düýn paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde geçirilen dabarada muňa ýene bir ýola şaýat bolduk. Agyr atletikaçy türgen Ýulduz Jumabaýewa dünýä çempionynyň altyn medallarynyň gowşurylyş dabarasyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçylary sport ulgamyndaky nusgalyk başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler. Iki ýyldan gowrak ozal Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmegiň nusgalyk göreldesini görkezen Türkmenistan türgenleriniň halkara ýaryşlardaky üstünlikli çykyşlary bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.
Eger bu gün türgenlerimiz dünýäniň çar künjünde geçirilýän halkara ýaryşlardan medal bilen dolanýan bolsalar, bu olar üçin ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikleriň miwesidir. Ýurdumyzyň sport jemgyýetçiliginiň wekilleri bu mümkinçilikler üçin milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.
Düýnki dabaralaryň çäginde maňa-da Türkmenistanyň «Gaýrat» medalynyň berilmegi çeken ujypsyzja zähmetime berlen ýokary baha boldy. Arkadag Prezidentimiziň bu belent ynamy we hormaty agyr atletikaçy tälimçilerimizdir türgenlerimiz bilen mundan beýläk hem yhlasly işlemäge, halkymyzy, mähriban Prezidentimizi täze üstünlikler bilen begendirmäge ruhlandyrýar.
Mynasyp gören ýokary döwlet sylagyňyz üçin köp sag boluň, Arkadag Prezidentimiz! Il-günüň röwşen geljeginiň, şol sanda türkmen sportunyň nurana ertiriniň şanyna alyp barýan işleriňiz mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!


Meretguly SÄHETMYRADOW,
Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň 
agyr atletika bölüminiň 
tälimçi-mugallymy:

— Bu günki şatlygymy, hakykatdan-da, nähili beýan etjegimi bilemok. Şägirdimiň gazanan halkara üstünlikleri üçin hormatly Prezidentimiziň maňa-da Şa serpaýyny ýapmagy tutuş maşgalamy, kärdeşlerimi, ýakynlarymy begendirdi. Biz ýurdumyzda sporty ösdürmekdäki şeýle uly aladasy üçin Arkadag Prezidentimize çyn ýürekden hoşallyk bildirýäris.
Agyr atletika bilen meşgullanýan türgenlerimiziň soňky ýyllarda halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri ählimizi begendirýär. Bu üstünliklerde Ýulduz Jumabaýewa, Kristina Şermetowa, Aýsoltan Toýçyýewa, Gülnabat Kadyrowa, Polina Gurýewa ýaly zenan türgenlerimiziň hem uly paýy bar. Olardan Ýulduz Jumabaýewa ýurdumyzyň taryhynda agyr atletika boýunça dünýä çempiony bolan ilkinji zenan türgendir, munuň özi geljekde türkmen sportuna has uly üstünlikleriň garaşýandygynyň buşlukçysydyr.
Men Ýulduz barada kän zat aýdyp biljek. Onuň sportdan, öňde duran ýaryşlardan başga zadyň pikirini etmeýändigi, gerek ýerinde özüni has uly ýaryşlara ruhy we fiziki taýdan özbaşdak hem taýynlap bilýändigi aýratyn begendirýär. Ol ýadamaýar, geçirilen türgenleşikler hem netijesiz galanok. Häzirki türgenleşikleriň netijelerine görä, Ýulduz Jumabaýewanyň öz agram derejesinden Olimpiýa oýunlarynda medal alarlyk derejä juda ýakynlaşandygyny aýdyp bilerin. Türgenleşiklerimiz ýene-de dowam edýär. Belki, biziň türgenlerimize ýurdumyza ilkinji Olimpiýa medalyny getirmek hem başardar.
Döwlet sylagy bilen sylaglap, ýaşaýyş jaýyny sowgat berendigi üçin hormatly Prezidentimize maşgalamyň adyndan ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Bu sowgat mundan beýläk has yhlasly işlemäge, milli Liderimizi, watandaşlarymyzy halkara ýaryşlardaky täze medallar bilen begendirmäge ruhlandyrýar. Eziz Arkadagymyzyň jany sag, işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun! 
Ýazga geçiren
Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».