“DOGDY ASMANYŇ ZÖHRESI...”

Ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen «Talyp gözeli — 2021» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. 
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna talyp gözelleriň 21-si gatnaşdy. Olar, düzgünnama laýyklykda, birinji şert boýunça 2021-nji ýylyň şygaryny, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerini, döwletli başlangyçlaryny aýdymdyr goşgynyň, sahna eserleriniň üsti bilen wasp etdiler. Bäsleşigiň ikinji şertine laýyklykda, talyp gyzlar milli Liderimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda beýan edilýän türkmen milli tagamy bolan unaş kesmekde özara bäsleşdiler.
«Hünärim bar — hormatym bar» atly üçünji şerte görä, talyp gyzlar ene-mamalarymyzdan miras galan keşde çekmek boýunça bäsleşdiler.
Bäsleşigiň jemleri boýunça eminler toparynyň gelen netijesine görä, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Gülnäz Ataýewa bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp bolmagy başardy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Merjen Gurbanberdiýewa birinji, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby Aýnur Kuliýewa bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2-nji ýyl talyby Şirin Döwranmyradowa ikinji orny eýelediler. Bäsleşigiň üçünji ornuny birbada talyp gözelleriň üçüsi eýeledi. Olar Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 3-nji ýyl talyby Güljemal Amangulyýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Ogulnabat Şyhmyradowa, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby Gyzylgül Seýisowadyr.
Ýeňiji bolan talyp gözellere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlarydyr sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 
Şamyrat 
MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan».
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.