ZENANYŇ BAGTY — ZEMINIŇ BAGTY

Baharyň gelşi üýtgeşik bolýar. Ýaz ýagşynyň damjasyna ezilen meýdanlardan dürterilip çykan ýaşyl maýsalar, akly-gyzylly güllere bürenen ýaşyl baglar — ähli zat özboluşly, göze ýakymly. Bu ýyl bahar köp çagaly enelerimiz üçin has-da üýtgeşik geldi.
Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň 250-ä golaýyna, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy. Şeýle-de köp çagaly maşgalalara paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde ýerleşýän döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumyndan ähli amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşuryldy. 
Biz paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda şatlyk-şowhuna beslenip, aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyp giden dabaranyň dowamynda täze jaýdan nesibeli maşgalalaryň birnäçesiniňkide myhmançylykda bolduk. 
Ähli amatlyklary göz öňünde tutulan täze jaýyň otaglarynyň birinde Annabibi ene körpe agtygyny üwräp otyr. Bu gün onuň uly ogly Toýguly bilen gelni Nurjemala Gahryman Arkadagymyzyň sowgady — täze jaýyň açary gowşuryldy. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi bolan Nurjemal Annageldiýewa «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň sorag-jogap bölüminiň 2-nji derejeli operatory bolup zähmet çekýär. 
— Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun! — diýip, Annabibi ene söhbedini buýsançly sözler bilen başlady. — Tüweleme, zähmet çekseň, gadyryň bilinýän, adamyň aladasy edilýän ýurtda ýaşaýarys. Bu gün uluja oglumyň jaý toýunda bagtdan dolup-daşyp otyryn. Hudaýa şükür, 23 agtygym, 3 çowlugym bar. Gelnimize-de bu gün hormatly at dakyldy. Agtyjaklarym daşymda jagylda-jugul. Ulujalary kileň okuwçy. Körpeleri Şatlyk bir ýaşynyň içinde...
Biz Annageldiýewleriň maşgalasyna täze jaýyň toýly jaý bolmagyny, çagalarynyň bagtyna guwanyp ýaşamaklaryny arzuw edip, Sapaşowlaryň maşgalasynyň gapysyny kakdyk.
Jaý toýlaryny tutýan maşgalanyň şatlyk-şowhuny, çagalaryň gülki sesleri belentden ýaňlanýar. «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýesi, täze jaýdan paýly Dünýägözel Sapaşowa bizi gadyrly garşy aldy. Ol ähli amatlyklary bolan otaglar bilen tanyşdyryp durşuna, özüne Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagynyň uly bagtdygyny gaýta-gaýta aýtdy. 
Ýanýoldaşy Kakageldi bilen bäş gyz, üç ogly terbiýeleýän Dünýägözel Sapaşowa körpe ogly Ýusuby göterip durşuna bize çagalar üçin niýetlenen otaglary görkezdi. Çagalaryň körpeleri dürli oýunjaklary oýnap ýören bolsa, uluraklary kompýuteriň başyndady. Kakageldi aga:
— Indi çagalary oýunjaksyz göz öňüne getirip bolmaýşy ýaly, olary kompýutersizem göz öňüne getirip bolanok. Birinji synpa baranlaryndan Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň olara okuw kompýuterlerini sowgat bermegi çagalaryň häzirki zaman tehnologiýalaryndan habarly bolmagyna getirýär — diýip, gyzlarynyň biriniň başyny sypady. 
— Döwlet Baştutanynyň aladasyny duýmak, hormat-sarpasyna mynasyp bolmak bagtdan nyşan. Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda täze jaýyň açaryny almagymyz maşgalamyz üçin hiç wagt ýatdan çykmajak şatlykly wakadyr. Döwletimiz tarapyndan köp çagaly enelere goldaw berilýär, olara ýeňillikli şertler döredilýär — diýip, Dünýägözel gelneje ýürek buýsanjyny biz bilen paýlaşdy.
Hawa, eneleriň bagty — Zeminiň bagty. Çaga gülküsiniň bar ýerinde abadançylyk, agzybirlik bar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda köp çagaly maşgalalara yzygiderli goldawdyr ýeňillikler berilýär. Çagalaryň ylymly-bilimli bolmagy üçin uly tagalla edilýär. Durmuşa geçirilýän ähli işler, ilki bilen, adam hakyndaky aladadan ugur alýar. Goý, mundan beýläk-de ajaýyp döwrümiziň eýeleri bolan mährem enelerimiziň ýüzlerine bagtyýarlyk şuglasy çaýylyp dursun, çaga gülküsi belentden ýaňlansyn, toýlar toýa ulaşsyn!
Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».