Baryňda bagtlydym, käbäm! 

(Oýlanma)
Her gezek eneleriň ady tutulanda, ynsan ähliniň akyl ummanyna haýran galýaň. Eneleriň ýaz ýaly mylaýymlygyndan, Güneş ýaly mähremliginden çen tutup, baharyň ilkinji baýramy bellenip başlandymyka?! Werbena, gargüli, ýazgüli... ýaly ilkinjije janlanýan näzik läleleriň ykbaly bilen baglanyşdyryp, perzentlerine janyndan jan, ganyndan gan, akylyndan parasat, ýüreginden söýgi berýän mähribanlarymyzyň bagtyýarlygynyň şanyna toý tutmagy müwessa bildilermikä?! Bu belli däl, ýöne bir hakykat welin ap-aýdyň. Enelerimizi ýatlanymyzda, ähli melul damarlarymyzyň tars-tars urup, bizi süýjüje ýatlamalaryň kenaryna alyp gidýändigi. Şol pursat bize barlygy bagyş eden käbelerimiz ýagty jahanda ýaşap ýören bolsa, derrewjik sesini eşitmäge, didaryndan doýmaga howlugarsyň. Öz ýerine özüne meňzeşleriň birnäçesini goýup, kiçiligimizden gulagymyza guýşy ýaly, ak leglege öwrülip uçup giden bolsa welin, birsalym hyýalyňda onuň mährem gözlerini, gataňsy bolsa-da, ýag ýaly ýakymly ellerini küýsäp, ýatlamalaryňy dowam edersiň. Hakydalar derýasynyň güzerinde durşuňa, şol agzalýan pursatlaryň ikinjisini başdan geçirýändigiňe hem müňde bir razy bolup, ejeli günlere berlersiň.
Käteler maňa kärdeş ýoldaşlarym: «Gelneje, gaty şahyrana gürleýäňiz, köp okaýaňyz öýdýän?» diýen sowal bilen ýüzlenýärler. Şol pursat dessine siziň şirin sözleriňiz, gelişdirip aýdan jümleleriňiz, ýuwaşja hiňlenen aýdymlaryňyz gulagymda ýaňlanyp gidýär. Entek gaty kiçijekkäm, belki, kän gürleýänligimdendir, meni «billim-bilbilim» diýip söýgülärdiňiz. Onsoň dilime guwanybam ojaga ot ýakýarkaňyz-da, kendirigiň başynda hamyr ýaýanyňyzda-da ýa-da ýüň tüýdeniňizde hem dürli rowaýatlary, hekaýatlardyr ertekileri gürrüň bererdiňiz. Şonda her bir goşgy-gazala döredijilikli çemeleşeniňizi soň-soň bilip galdym. Mellegimizde mäş, noýba ýaly kösükli ekinler kän ekilerdi. Köplenç gyş günleri, tomus paslynda bolsa şeýle ekinler ýaňy bişip ýetişende noýbalyja unaş, mäşewe bişirerdiňiz. Gazanyň başynda kebelekläp ýörşüňize, çagalaryňyzyň biri: «Ene, näme bişirýärsiňiz?» diýip soraýsa dagy, mähribanlyk bilen ýylgyryp, biziň aýdýan «Öweleme-döweleme» sanawajymyzyň başky sözlerini alardyňyz-da, şeýle jogap bererdiňiz:
Öweleme-döweleme mäş bişdi,
Noýbalyja aş bişdi.
Aşy içmäge geliň,
Mahmal biçmäge geliň!
Biz bu gazala monça bolup, derrew atamyz başlyklaýyn agzybirje saçagyň başyna geçerdik. Owkat iýilýärkä «mahmal biçmek» baradaky sowallarymyzy soňa goýdurardyňyz. Soň bir gün welin köneje tikin maşynyňyzy öňüňize alyp, haýsydyr birimize köýnek tikýärkäňiz bolsa, agalarymyzyň gelinliklerine donluk bolar diýip ýygnap goýan gyzylly-ýaşylly mahmallaryňyzy sandykdan çykaryp, orta goýardyňyz. Mahmaldan diňe bir ýeňsapysy ýaşyl, goltugy begeýikli, gapdaly owadan nagyşly donlaryň däl-de, eýsem, myhman-mediwan üçin niýetlenýän ýorgan-ýassyklaryň hem tikilýändigini aýdyp, biçip-tikmek barada düşünje bererdiňiz.
Agtyklaryňyzy hüwdüläniňizde dagy, öňki gazallary gaýtalaman, öz ýanyňyzdan täzelerini düzüp owazlandyrardyňyz. «Baglarymyň bagbany, güllerimiň güldany» diýen setirleriňiz soňra meniňem dilimiň senasyna öwrülipdi. Diýseň bilesigelijidik. «Bagban kim, güldan näme?» diýip sorardyk. Ýaltanmazdyňyz, dessine «Zöhre-Tahyra» ýapyşardyňyz. Bir desse gülüň arasyna salyp, aşygyndan magşugyna hat eltýän bagbanyň kimdigini aýan ederdiňiz. Güldan, şemdan, onluk çyra... ýaly köneje zatlaryň saklanýan jaýymyza girenimizde welin, başga-da ençeme asylgydyr-u bir zadyň üstünde duran galbir, kepgir, çomuç, küýze, tüňçe, kündük... ýaly gadymy esbaplar hakynda hem düşünje alardyk. Şeýde-şeýde, bary-ýogy dört klas bilimiňiz bilenem bize halkymyzyň beýik geçmişini, taryhyny, halk döredijiligini aýan ederdiňiz, eziz käbäm!
Gaty işjanly hem galdawdyňyz. Biz özümizi bilip, ýeke gezegem siziň: «Ýadadym, ýaltandym, bir ýerim agyrýar» diýen sözüňizi eşitmedik. Ýolda ýöräniňizde dagy aýaklaryňyz ýere degmezdi. Haýsydyr bir işe ýetişjek bolup ylgardyňyz. Gyz maşgalanyň işeňňir, çus, ter bolmagy barada häli-şindi aýdardyňyz. «Etegiňiz bilen aýaklaryňyzy ýapyp oturyň, ýaýrap oturmak gyz-gelne gelişmez», «Agzyňyzdan diňe ýagşy söz çyksyn, il-halk ýamanyň bizarydyr. Süýji sözli boluň!» diýerdiňiz. Haýsydyr bir zenan maşgalanyň saçlarynyň gyňajynyň aşagyndan çogup çykyp durmagyny hiç halamazdyňyz. Ol döwürlerde gol doly maşgala bilen häzirki ýaly goşa-goşadan köýnek tikinmäge hem ýagdaý ýokdy. Şeýle-de bolsa siziň mydam üst-başyňyz arassaja, eşikleriňiz syrdam-bitin bolardy. «Nahar bişirip, hamyr ýugurýarkaňyz, ýanyňyz elmydam desmally bolsun! Ýogsa köýnegiňiziň iki gapdaly garagäz bolar» diýerdiňiz. Goňşy daýzalar bilen toý-märekä gideniňizde, aýnanyň öňünde oturyp, özüňize timar berşiňiz häzir hem göz öňümde. Saçyňyzy maňlaýyňyzdan dik ikä bölüp darardyňyz. Iki örüp saçbag bilen mazaly berkidip, yzyňyza atardyňyz. Kelläňize pesräk börük geýerdiňiz. «Gyrkmaseçek» ýaglygy epläp-epläp owadanlap, maňlaýdaňy edinerdiňiz. Ol döwürlerde «ýüzi pobedaly» diýilýän öýmeler oranylardy. Ýekeje täze öýmäňiz bolansoň, köplenç, sadaka-beýlekä gideniňizde, bir reňke boýalan hülleleri atynardyňyz. Olary ýüň boýamazdan öň reňkläp, gyzylly-ýaşylly edip, ýüpe serip guradardyňyz. Häzirlerem siziň şol oranan öýmäňize meňzeş gyňaja gözüm düşäýse, kalbyma gozgalaň aralaşýar. Ah, käbäm, elimiz iş, agzymyz aş tutan wagty arman siz ýok-da. Ýogsa özüm oranman, öýmeleriň iň owadanyny sowgat ederdim diýip, ahmyr edenimi duýman galýaryn. Täzeje zadyňy aýap, toýa goýmagy, gelinleriňe niýetläp sandygyň düýbüne atmagy hem özüňiz öwretdiňiz, mähribanym! Şol döwrüň gyňaçlaryndan ― siziň eliňiziň degip, arzuwlaryňyzyň siňen ýüň gyňaçlaryndan diňe ýekejesi maňa ýadygärlik galypdyr. Şeýle gyňaçlaryň dürli reňklerinden jübüt-jübütläp, gelinleriňiziň dokuzlaryna salardyňyz. Ýekejesini hem aýal doganym durmuşa çykanda bukjasyna atypdyňyz. Düşegi ak, parça-parça gyzyl gülli bu gyňajy soňra aýal doganym pahyr agyr syrkawlanda maňa ýadygärlik beripdi: «Uýam, sen ulugyz çykaňda, enem pahyr sökelligi sebäpli saňa hiç zat edip bilmedi. Menem çül çagaly boldum. Ýeňňeňem ýaş bolup düşünmedimi ýa-da düşünse-de düşünmezlige saldymy, bilmedim sen sepsizje durmuşa çykmaly bolduň. Şu gyňaç elmydama saňa bizi ýatlatsyn!» diýipdi ol. Şondan bäri «Enemiň we aýal doganymyň elleriniň yzy bar» diýip, şol gyňajy aýap ýörün. Hudaýa şükür, gyňaçdan, ýaglykdan kemimiz ýok. Ýöne şeýle-de bolsa, şol ak ýüň gyňajyň gymmatyna barabar meniň üçin hiç zat ýok.
Mähribanym! «Ýagşy aýal ýanýoldaşyndan göwni galanda öýüň törüne ylgar. Ýaman aýal gapa çykar, jalamana-jar bolar». «Är-aýalyň urşy ― ýaz gününiň ýagşy» diýipdirler köneler. Ärdir ― söýerem, käýärem, gahary gelende gök ýaly gübürdäp gürlärem. Şeýle pursatlarda birdem özüňize ygtyýar etseňiz, gahary geçer gider. Birsalymdan ýaz ýagşy ýaly, derrew diňerler. Ýanýoldaşyňyzy diňdirjekden, dyndarjakdan, güldürjekden boluň!» diýen sözleriňiz ömürboýy durmuş şygarymyza öwrülipdir. Şeýdip döwletli-döwranlara, sowulmaz ýazlara ýetdik. Gol doly maşgala eýe bolduk. Sag bol, mähribanym, aýdan öwüt-ündewleriňiz, beren edep-terbiýäňiz üçin. Siziň ýüreklerimize çaýan ýagşylyk nuruňyz elmydama biziň durmuş ýolumyzy ýagtyldýar.
Ogulbeg JUMAÝEWA,
"Nesil".