Ýeňijiler sylaglandy

Änew şäherindäki «Bagt ýyldyzy» toý mekanynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi hem-de «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy tarapyndan bilelikde yglan edilen «Dünýäň manysy bar ene sözünde, ene baky bahar Ýeriň ýüzünde» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar we ony guraýjylar, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler ol ýere ýygnanan gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni mynasybetli gutladylar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Çykyşlarda Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen «Dünýäň manysy bar ene sözünde, ene baky bahar Ýeriň ýüzünde» atly döredijilik bäsleşiginiň ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi. Nygtalyşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde yglan edilen döredijilik bäsleşigine gyzyklanma örän uly boldy. Welaýat gazetiniň redaksiýasyna dürli kärdäki we hünärdäki ildeşlerimizden, talyp ýaşlardan gelen eserler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şol eserlerde zenanlarymyzyň ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekdäki ornunyň, maşgala mukaddesliginiň, ene-mamalarymyzdan miras galan, çeper ellerinden, yhlasyndan kemala gelen milli el hünärimiziň aýratynlyklarynyň giňden beýan edilmegi döredijilik bäsleşigiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bäsleşige hödürlenen eserleriň iň gowulary «Ahal durmuşy» welaýat gazetinde çap edildi.
Dabarada bäsleşigiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi hem-de olara degişli baýraklar ruhubelentlikde gowşuryldy. Ýeňijileriň arasynda ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşleri, talyp ýaşlar bar.
Dabara gatnaşyjylar täze taryhy döwürde zenan mertebesini belende göterendigi, mährem enelerimiz, gelin-gyzlarymyz barada uly alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: dabaradan pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.