Ýazlar geler size meňzäp 

Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zenanlaryň 42-si gatnaşdy.
Däbe öwrülen bäsleşik 7 ugur boýunça geçirilip, ol zenanlaryň ýokary guramaçylyk ukybyny, el hünärini dikeltmäge we kämilleşdirmäge goşan goşantlaryny, gadymy ruhy gymmatlyklarymyzy hem-de milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakda görkezen başarnyklaryny, şeýle hem çaga terbiýelemekdäki yhlasly zähmetini, harby we hukuk ulgamynda görkezen işjeňligini, obany ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny, bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşantlaryny açyp görkezdi.
Şeýlelikde, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 23-nji «Dostluk» çagalar bakja-bagynyň usulçy-terbiýeçisi Gülaýym Myhmanowa «Ýylyň işewür zenany», Aşgabat şäheriniň 45-nji orta mekdebiniň gurnak mugallymy Mährijemal Bereketowa «Ýylyň çeper elli zenany», Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky geňeşligindäki II Diregli oba medeniýet öýüniň saz ýolbaşçysy Merjen Manadowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap köpugurly hassahanasynyň Yzgant oba saglyk merkeziniň maşgala şepagat uýasy Aýsoltan Merdangeldiýewa «Ýylyň mährem zenany», Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň psihology Nabat Nurgeldiýewa «Ýylyň watançy zenany», Balkan welaýatynyň Bereket etrap hassahanasynyň reanimasiýa bölüminiň işgäri Merjen Gurbantaganowa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», Mary welaýatynyň Mary etrabyndan telekeçi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň ýanyndaky Işewür zenanlaryň merkeziniň başlygy Aýhan Rejepowa «Ýylyň telekeçi zenany» diýen atlara mynasyp boldular.
— «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany» diýen ada mynasyp bolmagym göwnüme ylham şuglasyny saçdy. Bagtyýarlyk döwrüniň zenanlarynyň kalbyny bahar joşguny, baýramçylyk şatlygy gurşap alýar. Ýurdumyzda zenan mertebesiniň belentde tutulmagy buýsançly başlarymyzy göge ýetirýär. 
Biz — kalplary joşgunly bagtyýar zenanlar bolup hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys — diýip, Balkan welaýatynyň Bereket etrap hassahanasynyň reanimasiýa bölüminiň işgäri Merjen Gurbantaganowa öz ýürek buýsanjyny beýan etdi. 
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli beýik işlerini, zenanlarymyzyň gözel dünýäsini wasp edip okap beren şygyrlary, şeýle-de Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkiş Mätnazarowyň ýerine ýetiren aýdymlary hem oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. 
«Ýylyň zenany» bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolmagy başaran zenanlara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şamyrat MUHAMMETGURBANOW. «Türkmenistan».
Surata düşüren Maksat AKMÄMMEDOW.