Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek hem-de “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2021-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.