«Takyk ekerançylyk»

«Takyk ekerançylyk» ulgamynyň düýp manysy — oba hojalygynda tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ösdürilmegi pudaga hil taýdan täze önümçilik derejesine ýetmäge, oba hojalygynyň öndürijilerine daşary ýurt kärhanalary bilen bäsleşmäge mümkinçilik berýär.
Oba hojalygynda tygşytlaýjy tehnologiýalaryň esasy elementlerinden biri «takyk ekerançylyk» ýa-da takyk oba hojalygydyr. «Takyk ekerançylyk» medeni ekinleriň ösýän ýerleriniň meýdan üýtgeýşini göz öňünde tutup, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrýar. Munuň esasy maksady oba hojalygynyň önümçiligini kadalaşdyrmak, ykdysady we tebigy baýlyklary tygşytlamak bilen, girdejileri köpeltmekden ybarat bolup durýar. Bu bolsa ýokary hilli önüm öndürmek we daşky gurşawy goramak üçin giň mümkinçilikleri berýär.
Daşky gurşawy goramakda oba hojalyk ekinleriniň tohumlary, dökünler we himiýa serişdeleri ulanylanda, meýdanda bir-biriniň üstünden düşmeginiň hem-de ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almaga kömek edýän kompýuterler ulanylýar. Dürli aýratynlyklar boýunça sanly (sifrowoý) meýdan kartalary, her bir ýer üçin dürli dökün goşundylarynyň möçberini hasaplaýan, meýdanyň ýagdaýyna uzak aralykdan gözegçilik etmäge ýardam berýän emeli hemralar ulanylýar. Simsiz howa datçikler, ekin meýdanlarynyň ýylylygyny, çyglylygyny, basyşyny we beýleki onlarça görkezijilerini kesgitleýär. Maglumatlary seljermäge, resminamalary saklamaga we ykdysadyýeti netijeli dolandyrmaga kömek edýän kompýuterler, smartfonlar we amaly programmalar ulanylýar we täzelenýär.
Halkara tejribesiniň görkezişi ýaly, bu çemeleşmeleriň has uly ykdysady bähbidi bolup, iň esasy zat, topragyň hasyllylygynyň artmagyna we oba hojalyk önümleriniň ekologiýa taýdan arassalygynyň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Oba hojalygynyň hünärmenleri döwrüň öňdebaryjy tehnologik dolandyryjylaryny ulanmak bilen, ýokary netijeli dolandyryşy gazanýarlar. Bu mesele häzirki wagtda giňden ýaýran takyk oba hojalygynda täze ugur bilen çözülýär. «Takyk ekerançylyk» geografiki ýerleşiş maglumat ulgamlaryny, hasyly bahalandyryş we uzakdan duýýan tehnologiýalary öz içine alýan, oba hojalygyny dolandyrýan ulgamdyr.
Bu ýagdaýda önümleri gaýtadan işlemek bilen, daşky gurşawa az zyýan ýetirip, ulanylýan serişdeleriň umumy sarp edilişini azaldýar. Iň möhüm meseleleriň biri hem dökünleri we himiki serişdeleri ekin önümçiliginde ulanmagyň iň amatly derejesini tapmakdan, şeýle hem olaryň ulanylyş möçberlerini kesgitlemekden, topraga, ösümliklere we daşky gurşawa ýetirip biläýjek ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmakdan ybarat bolup durýar.
«Takyk ekerançylyk» tehnologiýalaryny ulanmak sarp edilýän serişdeleriň netijeli ulanmagyny kadalaşdyrmaga, (çykdajylary azaltmak), oba hojalyk önümleriniň hasyllylygyny we hilini, topragyň gurplulygyny ýokarlandyrmaga şert döredýär.
«Takyk ekerançylyk» düýpgöter täze, ýokary täsirli we ekologiýa taýdan arassa tehniki hem-de agrohimiýa serişdelerine esaslanýan, hil taýdan täze oba hojalyk tehnologiýalaryny özünde jemleýän ugurdyr.
Rozygeldi HALLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň müdiri.