Ýurtlar, döwletler, halklar paýtagty bilen tanalýar. Paýtagt — döwletiň, halkyň ýüzi, beýlekilerden tapawutlandyrýan aýratynlygy.
Mähriban Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat ilkibaşda kiçeňräk gala berkitmesi eken. Geçen 140 ýylyň dowamynda Aşgabat, gör, nähili özgerdi! Birwagtky Aşgabat obasynyň ornunda ajaýyp, döwrebap häzirki zaman şäheri kemala geldi.
Taryhy maglumatlara ýüzlensek, 1885-nji ýylda Aşgabada demir ýol gelýär. Demir ýoluň gelmegi bilen, bu ýere Russiýadan we Kawkazdan iş gözleginde ýörenler hem yňypdyrlar, soňlugy bilen, olar Aşgabatda oturymlylaşypdyrlar. Maglumatlara görä, Aşgabatda XX asyryň başynda dürli milletleriň wekillerinden kyrk müňe golaý adam ýaşapdyr.
Şäherleriň taryhynyň ilki ýyllarynyň bir täsin umumylygy bar: ilkibada adamlar şeýle bir işjeňleşýärler welin, aýdyp diýer ýaly däl, hemmeler täze durmuşyň şanyna gurmak, döretmek hyjuwynda gol çyzgap işleýärler, gerek bolsa, dag göwsüni ýaryp ýol çekýärler, aryk gazýarlar, täjirler hem edil bal ýygnaýan arylara meňzäp, bazarlarda “wyzzyldaşyp” ýörler. Mundan 140 ýyl çemesi öň, Aşgabatda hem ýagdaý şeýle ekeni. Onuň iki sany iri bazary gaýda-gaýmalaşyk, daýhanlar meýdanda ýetişdiren gök-bakja önümlerini, bulduraşyp duran akly-garaly üzümini, agzyňda eräp barýan erigini, içi köz ýaly garpyzyny, baldan datly «waharman» gawunyny irgözin arabalara ýükläp getirip, bazaryň ortasyna döküp, tas deger-degmezine söwda ediberipdirler. Çünki Gündogara mahsus bolşy ýaly, türkmenlerde hem söwdalaşmak aýyp görlenok, gaýtam, munuň öz lezzeti bar, hatda bu, bir baksaň, sogaply iş hem. Açyk asmanyň astynda, bazaryň bir çetinde köwüş ussalarydyr hatdatlar, demirçilerdir ussalar orun alypdyr. Bu ýerde daşary ýurtlardan getirilen harytlardan doly dükanlar hatar tutupdyr. Belli rus ýazyjysy W.Ýanyň «Aziýanyň mawy alyslyklary» diýen ýatlamasynda ýazyşy ýaly, şol döwürde Aşgabatda «London, Pariž otaglary», «Moskwa», «Peterburg» we «Puşkin» atly myhmanhanalar bolupdyr. Pereňli zenan täjirleriň süýji-köke dükanlary işläpdir.
Islendik ösüşiň öňe iterijisi söwda, täjirçilik. Söwda, edil diýersiň, agyr-agyr ýükli, üsti açyk eşelonlary müňzäp öňe äkidýän lokomotiw kysmy, adamzady siwilizasiýa tarap şeýle bir iterýär welin, hoşuňa gelsin! Elmydama gadymy Persiýadyr Hindistan bilen söwda etmegiň arzuwynda bolan rus täjirleri Aşgabada eňipdirler, çünki indi bu arzuwly ülkeler bilen söwda etmek üçin ajaýyp mümkinçilik — gury ýer ýoly açylypdy, onuň iň ýakyn we ygtybarly nokady hem Aşgabatdy. Maglumatlara görä, diňe 1899-njy ýylyň özünde rus topraklaryndan Aşgabadyň üsti bilen Persiýadyr Owganystana, Hindistana 37 müňe golaý düýe, 2 müň 300 ýaby we 25 müňden köp eşek ýükli 1 müňe golaý kerwen ötüpdir. Olar yzyna hem ýükli dolanypdyrlar. Şunlukda, umumy haryt dolanyşygy şol ýyl 4,5 million rus rublundan ybarat bolupdyr.
Diňe 1902-nji ýylda Aşgabatda 42 sany senagat kärhanasy, ýagny pagta arassalaýjy ýag, gön, sabyn kärhanalary, kerpiç, çerepisa zawodlarydyr harazlar gurlupdyr...
* * *
Bu günki Aşgabadymyza syn etseň, şäheriň 140 ýylda şunça özgerişleri başdan geçirendigine ynanmak birbada ýeňil düşenok. Munça möhlet, bir seretseň, o diýen känem däl, haçan-da, şol ýyllardan çawuş çakýan köne, saralyp giden fotosuratlarda ýüzleri güne gaýzygan könekilerimizi synlanyňda welin, kän zatlaryň özgerendigine düşünýärsiň.
Bu gün türkmen paýtagtynda döwrebap durmuş gaýnap joşýar. Müňde bir yşykly ajaýyp şäher agşamlarynyň özüne çekijiligini wasp etmegi diňe ussat şahyrlar başaryp biler.
Hawa, obalar mirasy, hakydany saklaýjylardyr, olar däp-dessurlary geçmişden geljege äkidýärler, şäherler bolsa täze däpleri döredýärler, olaryň ümzügi diňe öňe, diňe öňe. Şäherleriň yza garamaga wagty ýok, çünki olary geljek, kämilleşmek barha özüne dartýar...
* * *
Aşgabat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Paýtagtymyzyň infrastrukturasy gitdigiçe kämilleşdirilýär, ak mermerli Aşgabat bu gün Ginnesiň rekordlar kitabynda 11 gezek orun aldy.
Paýtagta täze, döwrebap ýollardyr köçeler çekilýär. Medeni-durmuş maksatly desgalar bina edilýär. Şäheriň ekologiýasyna aýratyn üns berilýär, Aşgabat bilen Köpetdagyň aralygynda giden bagy-bossanlyk kemala geldi, ol şäheriň ekologiýasy üçin diýseň wajyp hyzmaty bitirýär.
Hormatly Prezidentimiziň 24-nji fewralda tanşan, şähergurluşyga degişli inženerçilik, ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan tutumly taslamalarynyň her biri özbaşyna uly söhbet. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Aşgabat-siti” binagärlik taslamasynyň durmuşa geçirilmegi paýtagtymyzyň keşbine has-da döwrebaplyk, gözellik berer. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň üns-aladasy netijesinde hasyl bolýar.
Kämillige tarap ýoluň rowaç bolsun, Arkadagly Diýaryň göwher gaşy, ak mermerli Aşgabat!
Hemra HUDAÝGULYÝEW.
“Türkmenistan”.