Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda
Türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmeli.
2. Türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemeli.
3. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramynyň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.
4. Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmen alabaýynyň baýramynyň dabaraly ýagdaýda bellenip geçilmegine ýardam bermeli.
5. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 25-nji fewraly.