Bütin adamzadyň üns merkezinde bolan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty, milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde howanyň, ygallaryň düşýän ýygylygynyň we mukdarynyň üýtgemegi duýulýar. Munuň özi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde sebitiň döwletleriniň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygyny aňladýar. Bu babatda Türkmenistanda uly işleriň amala aşyrylýandygyny bellemek zerur. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňe sürýän oňyn başlangyçlary bolsa, halkara ähmiýetine eýedir.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» geljekde daşky gurşawyň goraglylygy bilen bagly ykdysady çykdajylary azaltmak, durmuş-ykdysady ösüşiň, şol täsirlere durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, zyýanly gazlaryň zyňylmagyny çäklendirmek we howanyň duýulýan hem-de çaklanylýan üýtgemelerine uýgunlaşmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilendir. Döwlet
Baştutanymyzyň tassyklan «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasynyň» we «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde» tebigaty, biodürlüligi we tebigy serişdeleri gorap saklamak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, ýurdumyz bug gazlarynyň çykarylyşyny kemeltmek boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny goldamak bilen, senagat ulgamynda ekologiýa taýdan arassa we serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalary peýdalanmaga yzygiderli geçýär.
Ýurdumyz BMG-niň howandarlyk etmeginde ýöriteleşdirilen gurluşy − Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça sebitara merkeziň döredilmegi ugrunda tagalla edýär. Türkmenistan şeýle merkeziň işlemegi üçin Aşgabatda zerur bolan düzümi hödürlemäge taýýardyr. Bu merkez sebitleýin, şol sanda ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de olar boýunça ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin halkara duşuşyklarynyň hemişe hereket edýän gurallaryny ýola goýmakda esasy orny eýelär. Döwletimiz bu iş üçin zerur bolan syýasy-diplomatik, guramaçylyk we tehniki şertleriň ählisini dünýä bileleşigine hödürlemäge taýýardygyny beýan edýär. Mundan başga-da, Türkmenistan BMG-niň çäklerinde howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde tebigy howa şertleri meňzeş bolan döwletleriň tejribesini öwrenmek boýunça yzygiderli we köptaraplaýyn gepleşikleriň ýola goýulmagyny maksadalaýyk hasaplaýar. Munuň özi umumy tagallalaryň has täsirli we aýdyň bolmagyna, olary ýokary derejä çykarmaga ýardam eder.
Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň iýun aýynda ýurdumyz BMG-de Meýletin Milli Syn bilen çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan iri halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk esasynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara derejede öňe sürýän teklipleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýandygynyň aýdyň güwäsidir.
2019-njy ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar Ykdysady forumynda Hazar deňziniň giňişliginde suw serişdelerini bilelikde we toplumlaýyn dolandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryny we BMG-niň tebigaty goramak baradaky Konwensiýalaryny amala aşyrmak, «ýaşyl diplomatiýa» ýörelgelerini ösdürmek hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga gönükdirilen Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin maksatnamany işläp taýýarlamak we başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy.
Şeýle hem, 2020-nji ýylyň ýanwarynda Germaniýanyň Berlin şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň, Owganystanyň hem-de Germaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly halkara maslahaty geçirildi. Forumyň maksady howanyň üýtgemegi we onuň umumy howpsuzlyga ýetirýän täsiri bilen bagly meselelere seretmekden ybarat boldy.
Geçen ýylyň 19 — 23-nji oktýabrynda paýtagtymyzda wideoaragatnaşyk arkaly Howanyň üýtgemegi boýunça üçünji Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi. Bu halkara forumynda esasy ugurlar hökmünde pandemiýa şertlerinde howanyň üýtgemeginiň netijeleri, bu babatda alnyp barylýan ylmy barlaglar we çemeleşmeler, howanyň üýtgemegi ulgamyndaky maglumatlary alyşmak hem-de bu ugurdaky çäreleri maliýeleşdirmek boýunça pikir alşyldy. Forumyň jemleri boýunça kabul edilen Jemleýji resminama häzirki wagtda ýüze çykýan täze şertlerde howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň umumy sebitleýin nukdaýnazarlarynyň kemala gelmegine esas döredýär.
Şeýlelikde, ýurdumyzda howanyň üýtgemeginiň öňüni almakda we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde netijeli işleriň giň gerimde alnyp barylýandygyny ynamly aýtmak bolar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bu babatda öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen şertlendirilendir.
Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.