(Bathyz gündeliginden)
Men gyşyň reňkini akdyr öýderdim. Ýöne Bathyzda bu düýbünden beýle däl eken...
Bathyz barada gürrüň açylsa, köplenç, söhbetdeşiň onuň ýazyny ýatlagyç bolýar. Biz — bathyzlylar dostlarymyzyň, tanyşlarymyzyň: «Nesip bolsa, ýazda barjakdyrys, taýýar boluberiň!» diýen ýalyrak gürrüňlerine öwrenişen. Ýadymda. Tanyşlarymyň biri ýazyň tüýs ýaz, Bathyzyň Bathyz wagty bu ýerlerde myhman bolupdyr. Ol şol gezelenjini ýatlap: — Bathyz «Şudur Jennet, meger, Jennet bar bolsa» diýilýän ýer ekeni — diýipdi. Menem şol pikirde.
Siz ýöne Bathyza gyşda hem gelip görsediňiz! Göwnüme bolmasa, gyş Bathyza has irräk gelýän ýaly. Belentlik bolany üçin bolmagy-da ahmal. Keýikdir gulanlar gyşlaýan ýerlerine, esasan hem, Ýeroýlanduza çekilip başlaýarlar. Çarwalar gyş örülerine göçýärler. Uly-uly baýyrlaryň ygyşak tarapynda gurlan kaşarlaryň töwereginde sürüler görnüp başlaýar. Çopan tamkepbelerinden tüsse çykyp ugrar. Bu Bathyza gyşyň gelýändiginiň ilkinji alamatlarydyr.
* * *
Hanha, depesi bulutlara degip duran baýyrlar. Bulutlar bir ýokary galsa, bir aşak düşüp, Asman bilen Zemin aralygynda hallan atyp ýörene ogşaýar. Baýyrlary büräp oturan pisse agaçlary çyga ezilip, göwnüňe bolmasa, aýna bilen gaplanan ýaly. Dyzyňa ýetip duran guran otlardan, gözýetimiňe çenli ýaýlyp ýatan, Zemini mawy-gülgüne reňke boýap oturan ýowşanlardan galan çygyň ysy göwnüňi göterýär. Şol ysdan ýazyň bir zerrejigini «tapyp» bilseň-ä, bar onsoň, keýpiň uzakly gün «ýyldyza toýnak salana» döner...
Baýyrlaryň arasynda aýlanyp ýörşüňe, ýokary galan inçejik tüssä gözüň düşer. «Gündiz tüssä gitme...» diýen aýtgydan habarly bolsaň-da, baýryň ýüzüne gara bulut düşene meňzäp, agaýana otlap ýören sürini görüp, çopanyň ýanyna ýönelersiň. Seni gören itler duşmançylyk bilen däl-de, «Kim sen, dur!» diýip, duýduryş berýän deý, üýrüp başlarlar. Olaryň sesinden üşerilip duranyňy gören çopan oduň başyndan turar-da, itlerine bir zatlar diýip gygyrar. Sen şonda alabaýlaryň biriniň adynyň Peleňdigini, beýlekisiniňem Basardygyny bilersiň. Olaryň atlaryny tutaýsaň-a, alabaýlar dostanalyk bilen guýruklaryny bularlar. Bu olaryň: «Süriniň ýanyna geçiber!» diýip, rugsat berdikleridir.
«Dünýäniň gürrüňini meýdandaky çopan bilen dulda oturan gelinden sora!» diýip eşidipmidiňiz?.. Käsäniň içine atylan gowurdagyň üstüne gyzgyn çaý guýup, çaýçorba edinip oturan çopanyň dymmalygyna beýle bir geň galyp oturmaň! Sähra dymyp düşünmeli. Bu häsiýet çopanlara-da şondan geçýär. Ýöne siz onuň edýän hödürinden ýüz öwürmäň! Çaý başynda sähra adamlarynyň dili açylýandyr. Beriber onsoň näçe sowalyň bolsa! Şonda näme üçin olara dünýeden habarly diýilýändigine düşünersiňiz. Bathyz şemaly bolsa: «Olary men gürrüň berýän» diýýän ýaly, bir eýläňe, bir beýläňe geçer. Elbetde, sen onuň diline düşünip başarsaň!..
* * *
«Gyşyň güni kyrk tüýsli...» diýilýär. Göwnüňe bolmasa, Bathyzda ol kyrkdan köp ýaly... Gün ýaşyp gelýän uçurlary. Howa mylaýymdyr, maýyljakdyr. Uzakly gün şöhlesini bolluk bilen saçan Gün günbatara tarap sallanyp başlar. Birdenem, ýeri-gögi tutup gelýän ak duman tozan ýaly bolup, baýyrdan aşak iner. Günüň öňüni tutar. Ýok, ol ýöne bir duman ýa-da tozan däldir. Ilki bir dym-dyrslyk bolar. Soňra-da aşyr-aşyr bolup gelýän sörtük şemal öwsüp başlar. Çopanlar derhal mallaryny kaşarlara tarap sürmek bilen bolarlar. Ýöne olary sürmek bir gerekmikä?! Haýwan duýgusy bilen olar eýýäm goşa tarap sozanguýruk bolup barýandyr.
Az salymdan sowuk howa akymy öňündäki ähli zatlary syryp-süpürip barşyna senem öz goýnunda gizlär. Dünýäni tümlük gaplap alar. Ýöne onuň reňki gara däl-de, akdyr. Geň eşidilse-de, şeýle bolanda, tümlügiň reňki ak bolýar. Ileri nire, gaýra nire, saýgarar ýaly bolmaz. Özem şeýlebir sowukdyr welin, hakyt içiňden geçip gelýär diýlenidir.
Üsti ýapyk kaşarlara gabalan mallar bolsa özlerini goragly ýere atandyklaryna begenýän ýaly, birek-birege gysmyljyraşyp, arkaýyn gäwüşäp ýatandyrlar. Olaryň burnundan çykýan bug tutuş endamlaryny gyrawa çolar. Ir bilen baryp görseň, mallaryň üsti duw akdyr.
Tamkepbäniň içinde ýakylan pejiň turbasyna giräýjek bolup, uzak gije urnan ak harasadyň sesi daňa golaý köşeşer. Gijesi bilen şöwür çekip çykan çopanlar, alabaýlar şondan soň ynjalarlar. Sebäbi şeýle harasat möjekleriňem tüýs diýýän howasydyr. Häzirjek bolaýmasaň, ulukjyn açdyrmaklary ahmal!..
* * *
Gar galyň ýaganda, çarwalar mallaryny kaşaryň ýanyndaky açyk meýdana çykaryp, öňlerine gury ot dökýärler. Uzyn hatarlaryň aralaryny ep-esli açyk goýup, küdeleri gowy edip pytradýarlar. Soňam çopan çolugy bilen ota gelen mallaryň arasynda aýlanyp, olaryň baslykmazlygyna esewan edýär. Eger şol döwre çenli gök örüp ýetişenliginde, mallar gury ota beýle bir işdämenlik bilen ýapyşmazlar. Meýdana tarap dyzar durarlar.
Gar näçe galyň düşse-de, çarwalar sürini her gün öri meýdana çykararlar. Bu mallaryň bedeninde gan aýlanyşygyny geçirmek üçin zerurdyr. Gardan sähel saýlanyp duran ýowşanlary, iri ot-çöpleri mallar hezil edip çürterler. Mallaryň toýnagy degen ýerleriň gary eremek bilen bolar. Ýaşuly çopanlar: «Goýun-geçiniň toýnagy ýitidir, ol degen ýerinem awundyryp goýýandyr» diýýärler.
Gar diňe özleri üçin ýagan ýaly, alabaýlar bolsa ikiýana ylgap, öz oýunlary bilendir. Şeýle howada şolardan hezil edýäni ýok. Towşan ýa-da tilki göräýseler-ä, bar onsoň, ata-baba awçylyk duýgulary oýanyp, onuň yzyndan «at salarlar».
* * *
Bulutlar syrylyp, meýdanda ýatan garyň üstüne ýaşyp barýan Günüň şöhlesi düşen çagty, pisse agaçlarydyr ýowşanly meýdandan asmana üýtgeşik öwüşgin galýar. Ol agşam şapagy bilen garyşyp, mawy reňke boýalýar. Şonda gözüňi deşip gelýän ak garam mawy öwüsýär. Ol tä Gün batýança şeýle bolýar. Gyş diýilse, mawy meýdanyň ýadyma düşmegem şondan...
Ine, häzir Bathyzyň belentli-pesli baýyrlyklaryny, sährasyny garyşma-garyş söküp ýören «Bathyz şemaly» ýadyma düşýär. «Günüň güni öwsüp duran şemaldanam ýadadyk» diýeniň-de, «Beý diýme. Şemalam bolsa öz şemalymyzdyr» diýip, öwüt berýän Aşyr agany ýatlaýan. Çomuçlardan sakyz çöpleýän çarwalar göz öňüme gelýär. Guýudan çykan ýylyjak suwuň ysyny alan goýunlaryň seslerini eşiden ýaly bolýaryn. Aňymda tilkidir ýabany pişikleriň hüşgärlik bilen seredişleri janlanýar. Men ýene şolary golaýdan görmegiň höwesinde. Ýakyn günlerde ýola düşsem gerek...
Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».