Kenar

«Köpüň dilegi köl bolar» diýleni bihal gürrüň däl.
Amyderýanyň suwuny ýurdumyzyň günbatar sebitine çenli ýetirseň, ummasyz tarp ýerleriň gülzara dönjekdigi hakdaky pikiriň söz ussady B.Kerbabaýewiň baryp geçen asyryň 20-nji ýyllarynyň ortalarynda ýazan «Amyderýa» poemasyndandygyny bu günki uly nesil mekdep ýyllaryndan bäri bilýär. Heniz il içinde bir zady öňünden aňýana «Welimidiň?» diýilmesi bar. Berdi aga weli däl. Ýazyjy. Söz sungaty bilen iş salyşýanyň borjy bolsa tutanýerli, döredijilikli zähmeti bilen diş-dyrnak bolup, jemgyýetiň ruhy, medeni, ykdysady ösüşini üpjün edýän halkyň köňül küýseginiň maňzyny setirlere siňdirip, owazly sözlere çolap, ýene onuň özüne hödürlemek. Ýüreginiň jümmüşinde bir ýerlerde şinelän küýseginiň beýle teswiri ýadynda-oýunda ýok il-gün ony dagdan edinip dakynmaga taýýar. Agyryly aýaga ýyl aşan saryýag çalnan ýaly ýaraýan ýa-da ýumurtga ýapylan kibi şapba ýelmeşýän ol sözler ýüregiň buljum künjeklerine aralaşyp, göwünlere goltgy berip, hyýalyň hyýallykdan hakykata öwrülmegine hemaýatçy bolýar. Sözüň güýji-de şonda.
1962-nji ýylyň maýynda Aşgabada gelen uly suw — Garagum derýasy suw gurluşygynyň Bitdi Ýazmuhammedow ýaly gahrymanlaryny öňe çykardy. Aýdymçy Köpekmyrat Akowyň «Täze sowhoza gideli» diýen aýdymy, şol döwürde atlandyrylyşy ýaly, uly suwuň taýly kenaryndaky tarp ýerlerde döredilen kolhoz-sowhozlara — agrar hojalyklara işe çagyryşdy.
Her gün günortanky «Ýer we onuň eýeleri» diýen radiogepleşikde häli-şindi eşitdirilýän «Pagta ýygýan maşynyma» diýen aýdymdaky:
— Rulum burýan saga-çepe,
Ýygan pagtam bolmaz hapa,
Ýasanýaryn akja depe,
Pagta ýygýan maşynyma —
diýen setirler oba hojalygynyň mehanizasiýalaşdyrylyşynyň tarypy boldy. Il-gün «Suw bar ýerinde durmuş bar» diýipdir. Şeýde-şeýde, säherler suwa salam berýän biziňkilerde onuň her damjasyny eşrepi ýaly tutmak durmuş, güzeran zeruryýetligidir kadasyna öwrülipdir.
Suwuň gadyrynyň bilnişiniň neneňsiräkdigini bolsa B.Kerbabaýewiň «Suw damjasy — altyn dänesi» B.Hudaýnazarowyň «Akar suwuň aýdymy» romanlary, «Haşar» powesti, G.Gylyjowyň «Suw hem arzuw» goşgular ýygyndysy-da tassyklaýar.
Gulaga birbada ýakymsyzrak hem gödekleç degýän «Isrip — haram» sözi-de biziňkileriňki. Ata-babalaryň ol sözleri tebigatyň eçilenlerine, diş-dyrnak bolup gazananlaryňa aýawly bolmagyň, eýeçilik gözi bilen seretmegiň aňlatmasy. Agzalanlar ömürboýy bol suwy arzuwlap gelen bu gadymy halkyň suw bilen bagly taryhyndan deňizden damja diýen ýaly bir zat. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň suw bilen dahylly täze taryhy ekologiýa abadançylygy bilen bilelikde ýazylýar. Gurluşygynyň ikinji nobatdakysy dowam edýän «Altyn asyr» Türkmen köli şonuň mysalydyr. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň içine iş saparlarydyr daşary ýurtlara resmi we döwlet saparlarynyň we daşary syýasatynyň gelip-gelip, tutuşlygyna «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä syrygýandygyny tamamy adamzat jemgyýeti bu gün bilmeli däl.
Sözi ýazgynyň dowamyndaky aýaw, eýeçilikli garaýyş hakdaky tekrarlamalara syrykdyrmagyň ýeri hasaplap, oňa ýurdumyzyň her günki durmuşyndan müňläp-müňläp mysal getirmek boljakdygyny aýtmak ýerlikli.
Geçen ýylyň 15-nji iýunyndaky dabaralar şonuň ýekeje mysaly. Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde şol güne çenli Gurtly ady bilen ýörgünli kölüň kenarynda adam hemişekilerden köp boldy. Dogry, kölüň kenarynyň tomsuna adamsyz wagty ýok. Şol gün welin, adatdakylardan dabaraly görünýärdi.
Sebäbimi? Onuň bir sebäbi — her kesiň özi hakdaky aladany ýene bir gezek duýasy gelmegi, ikinji bir sebäbi — adam hakdaky alada bilen tutum baryny tutýan döwletiniň özi hakdaky aladasynyň näderejede durmuşylygyny gözi bilen görmek islegi. Dogry, bu kenarda öňler wagtlaýynça jaýjagazlar bolardy. Dynç almaga gelýänler üçin hyzmatyň hilidir görnüşi weli, häzirki bilen deňäniňde, ýer bilen gök ýalydy.
Häzirmi? Häzir ertekiden çykan ýaly göze gelüwli binalar, abadanlaşdyrylan kenar, dünýä ülňülerine gaýry dur diýdirýän üpjünçilikler, kölüň ekologik taýdan arassa suwy bu künjegiň adamsynyň egsilmejekdiginden habar berýär.
Döwlet Baştutany tarapyndan «Altyn köl» ady teklip edilen köle şol gün kimler «Adyňa eýe bol!» diýse, kimler «At gutly bolsun!» diýýär, ýene biri «Mähelläň egsilmesin!» diýýär. Garaz, şol gün alkyş sözleri, dileg, gutlag gatyşyk toýkeýp sesler dumly-duşdan eşidildi durdy. Onça dileg, şonça alkyşa adam bolan donuna sygman, gabarylyberse-de geň däl, ýöne köl — köl bolýar. Ol — köpüň dilegi. Onuň hanasyndan çykyp, kenaryndan agjak işi ýok. Şol bir bolşy. Gaýta tolkunlarynyň üstünden taýýan adaja öwüsgin alkyşdyr dilege ýugrulan gyzgynja sözleri arkada howur alyp ýatan alaňlara tarap äkitjek bolýana meňzeşdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2021 — 2024-nji ýyllarda paýtagtymyzyň demirgazygyndaky «Altyn kölüň» kenarynda dynç alyş zolagy gurlar. Ekologiýa has gowulanyp, kölüň kenary paýtagtlylardyr myhmanlar üçin medeniýetli dynç alynýan ýere öwrüler. Şeýlelikde, bu resminama milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň rowaçlygynyň ýene bir tassyklanmasy boldy.
                                                * * *
Ynha, ýene tomus geler. Ördek-gazy, gaýry guşlarynyň owazydyr tomusky dynç alşa çykan çagalaryň jürrüldisine diň atyp, sen ony köl kenaryna däl-de, ýaşlygyň kenaryna meňzedersiň. Kämilligiň, kethudalygyň kenaryndan durup seretseň, ol kenar seretmezçe-de däl. Özüne çeker, ýakymlydyr, gözüňi aýrasyň gelenok.
Eýsem näme?
Hemmämiz şol kenardan ahyry!
Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW.
«Türkmenistan».