Arkadag — ajap eýýamy dörediji

Şu ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine girişmegine 14 ýyl dolýar. 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda, soňra 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda halkymyz möhüm çözgüt kabul edip hem-de konstitusion hukugyndan peýdalanyp, öz erk-islegini beýan etmek bilen, döwlet Baştutanyny saýlady. 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda bolsa biz geljegimiziň öňünde jogapkärçilik bilen şol saýlawa wepalydygymyzy tassyklamak bilen, öz seslerimizi milli Liderimize berdik hem-de geljek 7 ýyla Prezidentiň wezipesini uly hormat bilen ynandyk. Şol ýylyň 17-nji fewralynda milli Liderimiziň bu belent wezipä resmi taýdan girişmek dabarasy boldy. Bu şanly sene resmi taýdan bellenilýän baýramçylyklaryň senenamasyna girmeýär, ýöne ýurdumyzyň ýyl ýazgysynda aýratyn orny eýeläp, 2007-nji ýylda, soňra 2012-nji we 2017-nji ýyllarda türkmenistanlylaryň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan wajyp çözgüdi ýatladýar. Bu senelerde diňe jemgyýetçilik-syýasy wakalar däl-de, eýsem, onuň üsti bilen halkymyzyň synmaz bitewüligi, raýdaşlyk we milli Liderimiziň ähli başlangyçlaryna bolan uly goldaw öz beýanyny tapýar.
Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylyň fewralynda halkymyz giň bäsdeşlik esasynda geçirilen ählihalk demokratik saýlawlaryň barşynda täze pikir-garaýyşly syýasatçyny — Gurbanguly Berdimuhamedowy iň ýokary döwlet wezipesine saýlady. Munuň özi ozaly bilen, Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk zehininiň, jogapkärli ýolbaşçy wezipelerde toplan baý tejribesiniň halk tarapyndan ykrar edilmegidir. Şeýle hem özleriniň geljege bolan nurana arzuw-umytlaryny milli Liderimiziň iň ýokary döwlet wezipesindäki işi bilen baglanyşdyrýan türkmenistanlylaryň çuňňur hormatlap, hormatly Prezidentimize bütin durklary bilen bil baglandyklarynyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Şeýlelikde, bagtyýar türkmenistanlylar bäsdeşlik esasynda Türkmenistanyň Prezidentligine Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlap, halk hem-de ýurt üçin taryhy ädim ätdiler, çünki tebigy serişdeleriň bollugynda, durnukly syýasy gurşawyň, ägirt uly adam mümkinçilikleriniň jemlenen ýerinde häzirki zaman dünýäsinde mynasyp orun eýeläp bolýar. Halkyň giňden goldamagy bilen, milletiň Lideri gysga wagtyň dowamynda örän kyn, ýöne kemsiz kemala gelen täze demokratik we bazar ykdysadyýetiniň esaslarynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň syýasy gurluşynyň netijeli ulgamyna hem-de ykdysady-durmuş ösüşine itergi berjek syýasy, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrdy. Häsiýeti boýunça düýpgöter täze, möçberi boýunça ägirt uly özgerişler bary-ýogy 14 ýylyň içinde, taryh üçin örän gysga döwürde bolup geçdi. Döwrüň bedew batly şol ösüş-özgerişinde, jemgyýetiň, döwletiň durmuşynyň parahatçylygyň ýoly bilen ösüşinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň görnükli döwlet işgäri, öňdengörüji syýasatçy hökmündäki orny juda ýokarydyr. Şoňa görä-de, döwrümize Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri, ýurduň Baştutanyna bolsa Türkmenistanyň taryhy ýyl ýazgylarynda täze eýýamy aýdyň kesgitlän, türkmenistanlylary ýurduň durnukly hem-de asuda ösüşiniň umumy maksatlarynda jebisleşdirýän Gahryman Arkadag diýilmeginiň özi hem hakykata doly laýyk gelýär.
Dört ýyl mundan ozal, 17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi taýdan wezipä girişmek dabarasynda şeýle diýdi: «Siziň maňa bildiren bu uly ynamyňyza men ýokary baha berýärin. Bu ynamy eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna amala aşyrýan işlerim bilen ödemek üçin, ähli gujur-gaýratymy, bilimimi, tejribämi we ukyp-başarnygymy gaýgyrmajakdygyma sizi ynandyrýaryn!» Bu gün milli Liderimiziň şu sözleriniň hakykat ýüzünde amala aşyp, durmuşymyzyň bagtyýarlyga, döwrümiziň uly üstünliklerdir ýeňişlere beslenýändiginiň şaýady bolýarys.
14 ýyl taryhyň ýanynda uly döwür däl, ýöne şol ýyllaryň dowamynda bolup geçen täzelenişleri hem-de döwrüň aýratynlyklaryny alanyňda, şu geçen döwrüň her bir ýylyny onýyllyklara, belki-de, taryhymyzyň ýüzýyllyklaryna hem barabardygyny hiç bir mahabatsyz bellemäge ýeterlik esas bar. Aýdylanlara delil hökmünde ummasyz köp maglumatlary ýatlap bolardy. Emma diňe soňky maglumatlara ýüzlenmek arkaly-da, olaryň magadyna ýetmek bolar. Bilşimiz ýaly, 12-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Hökümetiň 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi. Şolardan diňe käbirlerine ýüzleneliň! Meselem, 2020-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterime, şol sanda senagat pudagynda 3,3, söwdada 15,1, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy.12 müňe golaý täze iş orny döredildi.
Göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýumlary goýuldy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar, şol sanda meýdany 2 million inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi. Ozallar paýtagtymyzda ýa-da ýurdumyzyň sebitlerinde belent binalaryň birbada diňe bir ýa ikisiniň açylyş dabaralary bolardy. Emma häzirki döwürde başy asmana ýetýän ajaýyp desgalaryň täze toplumlary, giden obalar, şäherdir şäherçeler yzygiderli peýda bolup başlady. Elbetde, döwür özgerdi, adamlaryň islegleri ýokarlandy. Kaşaň-kaşaň binalar, iri senagat desgalary, medeni-işewürlik merkezleri yzygiderli ýagdaýda ulanylmaga berlip başlandy. Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň barşynda milli Liderimiz şu ýyl üçin niýetlenen gurluşyk maksatnamasynyň meselelerine degip geçip, onuň çäklerinde uly işleriň geçirilmelidigini aýtdy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 40 milliard manada golaýlaýar. Bu bolsa zawod-fabrikleriň, hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň we öýleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, mekdepleriň, medeniýet öýleriniň, dolandyryş merkezleriniň, täze şäherçeleriňdir ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny hem-de durkuny täzelemegi öz içine alýar. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden bäri şu ýyl esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýan Aşgabat şäheri boýunça iş saparlaryny amala aşyrýar. Olaryň barşynda paýtagtyň daşky keşbiniň onuň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşynyň, halkara gatnaşyklaryň merkezi hökmündäki derejesine laýyk gelmegi dogrusyndaky işler barada pikir alşylýar. Degişli çözgütler kabul edilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň diňe gurluşyk ulgamyndaky ösüş-özgerişler hem ykdysadyýetimiziň kuwwatyna, has anygy, onuň maddy keşbine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapyp, halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna gönükdirilen maksatnamalar kabul edilýär.
2021-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, milli we halkara derejede dabaraly baýramçylyk çäreleri geçiriler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletliliginiň düýpli esaslaryny döredip, şeýle hem köp babatda syýasy we durmuş-ykdysady ulgamyň gurluşynyň özboluşly nusgasyny durmuşa ornaşdyryp, dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy bolup çykyş edýär. Häzirki zaman dünýäsinde öň düýbünden gabat gelinmedik ykdysady we geosyýasy ýagdaýlar emele geldi, adamzat akylly-başly çözgütleriň kabul edilmegini talap edýän möhüm, täze hadysalar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şu babatda öňdengörüji, oýlanyşykly syýasaty amala aşyrýan döwlet Baştutanymyz sebit we dünýä ähmiýetli köp sanly başlangyçlary öňe sürdi, olaryň ykrar edilmegini gazandy. Bu ugurda häzirki zaman dünýäsinde Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty «deňze suw guýan ýaly» dälde, ol ösüp gelýän daragty suwarýan kysmydyr. Ol — parahatçylyk daragtydyr. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty bir owurt suwy umman, bir döwüm çöregi behişt, abadan-parahat günleri erteki hasaplaýan dünýäniň millionlarça adamynyň bagtyýar geljegini nazarlaýan syýasatdyr.
Şu ýylda — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda beýik Garaşsyzlygymyza 30 ýyl dolýar. Bu taryhy wakany uly dabaralara beslemek barada döwlet Baştutanymyz anyk wezipeleri öňde goýdy. Olaryň netijeleri döwletiň we jemgyýetiň täze üstünliklerini, halkyň bagtyýar we eşretli durmuşyny nazarlaýar. Biz — bagtyýar türkmen halky milli Liderimiziň başlangyçlaryna eýerip, öňde goýan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin ähli güýjümizi birleşdirip, tutanýerli zähmet çekmelidiris. Mähriban halkymyzyň öz Prezidentine — Gurbanguly Berdimuhamedowa belent ynamy ýaşamaga, döretmäge, gurmaga höweslendirýär.
Gahryman Arkadagymyz 2017-nji ýylda resmi taýdan işe girişmek dabarasynda eden çykyşyny:
— Ýaşasyn, türkmen halky!
Ýaşasyn, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!
Ýaşasyn, jan Watanym, Türkmenistan! —
diýen ajaýyp arzuwlar bilen jemläpdi. Biz — bagtyýar türkmen halky bu gün milli Liderimiziň şol arzuwynyň üstüni ýene-de bir alkyş-dileg bilen ýetirdik. Ol örän buýsançly we dabaraly ýaňlanýar:
Ýaşasyn, Gahryman Arkadagymyz!
«TÜRKMENISTAN».