Bagym — barym hem barlygym

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna — 30 million düýp nahal!
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine we şu ýylyň birinji aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalyny ekmek baradaky gol çeken Karary göwünleri galkyndyrdy. Şanly günleriň şanyny beýleki beýik işler bilen birlikde agaç nahallaryny köpçülikleýin ekmek arkaly dabaralandyrmak asylly däbe öwrüldi. Bu däpde geçmişe hormat, şu güne buýsanç, geljege ýagşy arzuw bar.

Toý — parahatçylygyň, asudalygyň hem gaýgy-gamsyzlygyň nyşany. Toý — gowulyk, bagtyýarlyk, şatlyk-şagalaň, gülki-degişme, aýdym-saz. Türkmende bolsa, tüweleme, günde-günaşa toý. Döwlet derejesindäki toý-baýramlaryň gürrüňini etmänimizde-de, her birimiziň şahsy durmuşymyzda hem toýlarymyz goşa-goşadan gelýär. Her bir maşgalada perzent doglanyndan başlanýan toý soňra diş toýy, galpak toýy, gelin toýy, pygamber ýaş toýy bilen dowam edýär. Ýene-de maşgala üçin ähmiýetli bolan jaý toýy, maşyn toýy ýaly şagalaňly, gyzykly toýlarymyz hem bar. Ine, şular we şular ýaly toýlaryň hemmesinde-de uludan saçak ýazylýar. Toý saçaklarymyzy bolsa dürli-dümen ir-iýmişler, miweler bezeýär. Her hili mürepbeler, jemler, şerbetler hem miwelerden edilýär. Bular-a toý saçagynda diýersiň, hatda ýönekeý çaý içişlikde-de çaýyň gapdaly bilen kişde, kişmiş, hozuň ýa erigiň maňzy, igde ýaly dürli-dümen ir-iýmişler bolanda, göwnüňe, çaý has tagamly, çaý içişlik hem gyzykly bolýar, şeýle dälmi?!
Ine, şu nygmatlaryň hemmesi-de baglardan alynýar. Türkmen aga ýöne ýere “Bagym bar — barym bar” diýmeýär. Bagdan alynýan hasyl bazarlarda-da hemişe ýörgünli hem islegli önümler. Bagyň miwesi — guradylan-u-teri iň gowy sowgat. Şu hakda ýaşulularymyzdan eşiden degişme äheňli bir gürrüň gulagymyzda galypdyr. Ir zamanda Arkaçda ýaşaýan bir bagban gumda ýaşaýan dostuna gyşda sowgat diýip kişmiş iberipdir. Dostunyň sowgadyna göwni göterilen gumly çagalaryny daşyna üýşürip, uly saçagyň üstüne ýaýradylan kişmişi çöpüni saýlap iýmelidigini görkezip durşuna, çöp saýlamakdan iren bolarly: “Äl-aýt, arkaçly garyndaşlaryň başga işleri ýokmukan-aý, bularyň hersine bir çöp dürtüp goýupdyrlar” diýip, hüňürdäpdir. “Kişmiş iýseň çöpi bar” diýen aýtgy-da, belki, şular ýaly bir waka bilen baglanyşykly dörändir!
Elbetde, çöpli gürrüň bu ýerde miwe ýetişdirmek üçinem azabyň gerekdigini aňladýar. Ömründe bir agaç ekmedik adam bag ekip ýetişdirmegi aňsatdyr öýdýär. Herki zada azap gerek. Azabyny etmeseň, ýagny idegini ýetirmeseň, hözirini görmersiň. Bu — durmuş hakykaty, öz-özünden düşnükli zad-a! Onsoň, agaç ekmek ýaly işe aňsatja bir zat hökmünde garamak — bärden gaýtmaklyk bolýar. Oglan wagtymyz obada ýylda iki gezek agaç ekilerdi, bizem oňa gatnaşardyk. Dogrusy, ulular biziň — çagalaryň bu işe gatnaşmagymyza höwes bilen razylyk bererdiler. Diňe rugsat bermek hem däl, bize onuň inçeliklerini hem öwrederdiler. Bag ekmegiň ilkinji şerti-de onuň köklerini sowuga aldyrmazlykdyr. Hatda ýaz aýlarynda janyňa şeýle hoş ýakýan Gün şöhlesindenem kökleri aýamalydyr, ýogsam, Günüň şöhlesi onuň näzijek köklerini guradar diýýärdiler. Ikinji şerti — dyz boýy çukur gazmakdyr. Nahalyň oturdyljak çukury ýalpak bolanda, agajyň düýbi Gün gyzsa guramak bilen bolýar. Çukuryň içine ýumşak gum düşäp, nahaly emaý bilen oturdanyňdan soň, onuň düýbüni daşsyz-damanasyz, elenen ýaly ýumşak gum bilen gömmelidir. Soňam gowy basgylamalydyr, howa girmez ýaly etmelidir. Howa çekip dursa, kök eýikmeýär. Şu işleri edeniňde, gödeklige ýol bermeli däldir, ýagny nahalyň köküne, çybygyna zeper ýetirmeli däldir. Ýene bir şerti — ol hem agajy oturdyp bolanyňdan soň onuň düýbüne hökman bir bedre suw guýmalydyr. Şu işleri edeniňden soň eken agajyň hatasyz gögerer diýip bize öwrederdiler. Elbetde, agaç kök urup, ýer tutandan soňam oňa ideg gerekdir, bu öz-özünden düşnükli. Şulary aýtmak bilen, biz agaç diýilýän närsäni ekmekde özüne ýeterlik hysyrdynyň — azabyň hem bardygyny ýatlatmakçy bolduk.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýyl bag ekmek babatda kabul eden Kararynda ekiljek bag nahallarynyň üç ýaşly bolmalydygy görkezilipdir. Üç ýyllyk nahal — oturdylmaly nahalyň tüýs wagty. Ol nahal eýýäm daşky gurşawa durumly bolýar, aňsat kök urýar we suwy-yzgary ýetende hem-de mal-garadan goralanda, ers-mers gögeriberýär. Onsoň, olaryň ilkinji miwesini görkezip, gözüňi dokundyrmasy ýa yssyda kölegelär ýaly saýa bermegi daşda däldir. Bilýäňizmi, bagban eden işinden haçan lezzet alýar? Bir-ä eken agajy kök urup, ýaprajygyny görkezende, birem onuň ilkinji miwesini ýolup alanda. Takwa kişiler eken agajynyň ilkinji miwesinden getirip, hökman, oba ýaşulularyna dadyrýar. Miwe az bolanda-da, çakgyjygy bilen ony her kime bir bölejikden ýeter ýaly mukdarda dilimläp, hemmelere hödür eder. Ony dadan ýaşulular bolsa el galdyryp, rysgal-döwletiň bol bolmagyny dileg ederler. Şol agaç ýa baglyk uzak-uzak ýyllaryň dowamynda miwesini boldan eçiler durar. Şonuň üçin il arasynda: «Bir agaç ýetmiş ýyllyk ýoldan görner” diýilýär. Ýetmiş ýyl bir agaç üçin uzyn ömür. Onuň uzynlygy-da anyk bir agajyň ýaşyny däl-de, eýsem, şol agajy eken adamyň azyndan ýetmiş ýyllap adamlaryň hakydasynda galjakdygynyň aňlatmasy. Adam 20, 30 ýa 40 ýaşynda agaç ekip, yzynda galdyrsa, ol agaç ony eken adam dünýäden gaýdandan soňam onuň hemişe ýagşylykda ýatlanyp durulmagyna sebäp bolýar. “Pylanynyň ekenidir” diýip, ol adam ýagşylykda ýatlanylýar. Belki, şonuň üçindir, türkmen obalarynda käbir adamlar obadan uzagrakdaky çeşmeleriň, akarlaryň boýunda kölgelär ýaly, köplenç, çynar, bolmanda, il-güne pil sapydyr, orak ýa çalgy sapy bolsun diýip, söwüt ekýär. Zerurlygy ýüze çykanda, eýesinden sorap alybermelidir, saňa “ýok” diýjek tapylmaz. Söwüt diýilýän agaç kän bir ideg talap etmeýär, ony başda ulalýança mal-garadan gorasaň ýeterlik bolýar. Soň özi “gününi görýär”.
Bir gezek bag oturtmak hakda gürrüň çykdy welin, türk kärdeşim gep arasynda: “Ýeşillik ýaşlygy üretiýor” diýdi. Umuman, düşnükliräk bolsa-da, delräk söze üşerilenimi gören kärdeşim sözüni düşündirdi. “Ýeşillik” diýeni-hä — ýaşyllyk, ýagny tokaýlyk, “ýaşlyk” diýýäni-de ýaşly, ýagny ýagyş-ýagmyrly. Hemme zat düşnükli — gök tokaýlaryň rysgyny — ygalyny tebigatyň özi ýetirýär.
Bag — dünýäniň bezegi. Bag ekip, bakylyga ýetilýär, ýagny ýagşy işlere ýaran bolunýar. Ýagşylyk eden adamy bolsa il-gün hiç wagt unutmaýar. Bäherden etrabynda ýaşan Orazmyrat aga diýen bir ýaşuly ömrüni daýhançylyk edip, esasan-da, galla ösdürip ýetişdirip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşmak bilen bir hatarda, agaç ekmeklige-de uly üns berer eken. Bir gezek Orazmyrat aga ýoldaşlary bilen Deşt obasynyň ýokarsynda Emir Süleýman diýen öwlüýäniň golaýynda çynar, söwüt ýaly saýaly agaçlary ekipdir. Otuz ýyl mundan öň ekilen şol daragtlar häzir uzakdanam seleňläp görünýär hem-de şol ýere gelen zyýaratçylara tomsuň tüp yssysynda saýa salýar. Elbetde, olaryň kölegesinde saýalanlar şol agaçlary eken adamlara hem hökmany suratda iman baýlygyny dileýärler. Ýagşylykda ýatlar ýaly bir iş edip, dünýäden ötmek — dirilere parz. Bu ata-babadan gelýän wesýet. Wesýetem amal edilse ýagşy.
Çopançylyk nire — bagbançylyk nire, hersi bir kär, şeýle-de bolsa bag ekmek ýaly ýagşy görelde ekin-dikinden, bagbançylykdan daşdaky adamlara hem oňyn täsir edýär eken. Orazmyrat aganyň ogly Allanazar biregne 30 ýyl bäri dowar bakýar. Esasy öri meýdany hem Keletdagdaky “Gury jar” diýen ýerde. O ýyl Allanazaryň goşunda bolanymyzda, ol bir ýeri görkezip, şol ýerde daşyny aýlap, bag, esasan hem, miweli bag ýetişdirmek meýliniň bardygyny aýtdy. “Goý, bizden ýadygär galsyn!” diýdi. Belki!
Bag ekmek hakyndaky gürrüňe gutarma ýok. Bir agaç ýetmiş ýyllyk ýoldan görünýän bolsa, bir düýp bag hakdaky gürrüňem ýetmiş ýyla ýetse gerek. Bag — zähmet hem bolçulyk. Bag — ekologiýa. Bag — arassa howa we ýaşlar üçin terbiýe. Bag, ony ekmek, ösdürip ýetişdirmek hakda halkymyzda parasatly sözler, nakyllar az däl welin, hytaýlylarda hem bu hakyndaky pähimli sözler kän eken. Ine, olaryň şu nakyly maňa has ýarady: “Bag ekmegiň iň gowy wagty mundan ýigrimi ýyl öň bolupdy, indiki iň amatly wagt — şu gün”.
Şeýle bolýan bolsa, hormatly adamlar, bag ekmek üçin iň amatly güni duşumyzdan geçirmäliň!
Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.