Baharyň hoştap howaly günleriniň birinde, Garagum ýaýlasyna üç-dört bolup, ýeňil ulagda gezelenje çykdyk. Täzelikde çabga ýagyp, sährany suw-sil eden ekeni. Kaklar suwdan dolup, töweregindäki takyrlar köl bolup ýatyrdy.
Birden uzakdan salgym göründi. Ýöne bizi gözümiz aldaman ekeni. Golaý barsak, salgymdyr öýdenimiz suw basan takyr bolup çykdy. Giň giden takyr köl bolup çaýkanyp ýatyrdy. Onuň ortasynda bolsa, bir süri ördekdir gaz ýüzüp ýördi.
— Sarygamşa golaý kak suwlarynda ýyl ygally gelende, ördek, gaz, gotan ýaly suw guşlaryna köp duşmak bolýar — diýip, ýoldaşlarymyň biri aýtdy.
Biz ýagyş suwundan dolup, suwy töweregine ýaýrap giden kakyň belent raýyşynda düşledik. Çöpleme çöpläp, ot ýakdyk. Kakdan tüňçesini doldurmaga baran ýoldaşymyz:
— Heniz bu suw durlanybam ýetişmändir-ä?! — diýdi.
Edil şol wagt biziň ulagymyzy görüp, habar tutmaga gelen çarwa ýigitleriň biri deňimizde saklandy. Ýoldaşymyzyň suw aljak bolup ýaýdanyp duranyny görüp:
— Näme tilkiduz almanmydyňyz?! — diýdi.
— Tilkiduz diýeniň näme bolýar? — diýip, ýerli-ýerden soradyk.
— Garagumda şondan köp zat ýok — diýip, ol ho-ol gapdaldaky baýyrlaç depä elini uzatdy:
— Deňesinden geçen bolsaňyz, şonuň eteginde aýna döwügi ýaly güne ýaldyrap duran zatlar bardyr. Tilkiduz şol. Şondan bir bölejigini alyp, suw gabyna oklarsyň welin, alan suwuň eýläňe-beýläňe seretmänkäň durnaň gözi ýaly bolar. Ýogsam kakyň suwy näçe dursa-da, durlanmaz.
Çarwa ýigit biziň suw meselämizi şeýdip, aňsatjak çözdi oturyberdi. Garagumdaky kak suwlary tilkiduz bolmasa, hiç haçanam durlanmaýan ekeni. Çarwa obalarynda kak suwuny durlamak üçin häzirki döwürde hem tilkiduz ulanýarlar.
Şöhrat ABDYÝEW.