«Dokuzyň üçe ýetýärmi?!»

Gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde dowarlaryň ot-iýme bolan islegi hem artýar. Türkmen çarwadarlarynyň «Dokuzyň üçe ýetýärmi?!» diýen sowalynyň manysy «Dokuz aýda toplanan goruň üç aý dowam edýän gyşdan dowarlary abat alyp çykmaga ýeterlikmi» diýen sowaly aňladýar.
Dowardarçylykda dowarlary dok gyşlatmak, gyşdan başbitin alyp çykmak her bir mal eýesinden ýa-da çopandan iň bir tutanýerliligi talap edýän möwsümdir. Dowarlary dok gyşlatmakda milli we ygtybarly tejribelere daýanylyp, dogry we doly ýerine ýetirilmegi bolsa, öňdäki owlak-guzy möwsüminde alynjak ýaş owlakdyr guzularyň sagdyn bolmagyna oňyn şert döredýär. Dowardarçylykda alnyp barylýan her bir möwsümleýin işlerde milli tejribelere daýanmak örän ygtybarlydyr. Sebäbi ol ygtybarly tejribeler birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda durmuş tejribesinden saýlanylyp alnan işlerdir.
Gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde dowarlaryň ot-iýme bolan islegi hem artýar. Türkmen çarwadarlarynyň «Dokuzyň üçe ýetýärmi?!» diýen sowalynyň manysy «Dokuz aýda toplanan goruň üç aý dowam edýän gyşdan dowarlary abat alyp çykmaga ýeterlikmi» diýen sowaly aňladýar.
Ilki bilen, çopanlar dowarlary gyşlatjak öri meýdanlaryny saýlap alýarlar we kaşarlarynyň, basdyrmalarynyň abatlygyny heniz dowarlar göçürilip eltilmänkä gözden geçirýärler. Kaşaryň ýylgynlarynyň ýykylan ýerlerini söküp, täzeden bejerýärler. Eger-de kaşarlaryň bibat ýerleri bejerilmese, dowarlaryň bölünip daşa çykmagyna ýa-da gijelerine ýyrtyjy haýwanlaryň kaşara girmegine sebäp bolup biler. Gyş möwsümi üçin çopanlar özlerine gerek bolan gyş odunlaryny hem-de gemre (harsaň) ýygnamak işlerini geçirýärler.
Dowarlar gyş kaşarlaryna göçürilip eltilenden soň, her 7-10 günden tehnikalaryň kömegi bilen dersden arassalanyp durulýar. Gyş paslynda dowarlar heniz gün dogmanka, agyldan çykarylyp bakmaga äkidilýär we gün batyp, garaňky gatlyşanda getirilip gabalýar. Dowarlary gyş paslynda suwa ýakmak günaşa amala aşyrylýar. Ygally günlerde dowarlar kaşardan kän uzak äkidilip bakylmaýar, sebäbi howa üýtgäp, apy-tupan turup, mallaryň bölünmegine ýa-da çopanyň azaşmagyna getirip bilýär. Şol sebäplere görä, çopanlar ätiýaçlygy elden bermän, öz kaşarynyň ýerleşýän ýerinde iň beýik depäniň üstünde uzakdan görüner ýaly garantga dikýärler.
Gar ýagyp, doňan ýagdaýynda dowarlara garyň aşagyndaky otlary iýmek kyn düşýär, şol sebäpden hem gyş üçin ýygnalan ot-iým binýadyndan peýdalanylýar. Gyş üçin ot-iým binýady gyş örülerinde kaşardan uzak bolmadyk ýerlerde küde edilip basylýar. Dowarlara ot berlende, iki-üç hatar edilip uzynlygyna ýere dökülip berilýär.
Ýaş mallara gyşda örüden alýan otunyň daşyndan gün içinde 300 gram bede, 100 gram iým berlip, olaryň kadaly ösüşi gazanylsa, peýdasynyň köp bolýandygyny her bir maldar takyk bilmelidir. Ýaş mallara idegiň göwnejaý guralmagy, geljekde önümliligi ýokary mallaryň ýetişmegini üpjün edýär. Gyş döwri bogaz goýunlara güýçli üns berip, olary aýratyn alada bilen gurşap almaly. Ene goýunlar gyşdan orta we ýokary semizlikde çykarylsa, onda olaryň diňe bir özleriniň däl, eýsem, guzularynyň hem sagdyn bolmagy gazanylýar. Galyberse-de, bu guzularyň geljekde ýokary önümli mal bolup ýetişmegini üpjün edýän esasy şertleriň biri bolup hyzmat edýär.
Maldarlar dowarlary gyşlatmak möwsümini üstünlikli tamamlamak bilen, geljekde wajyp möwsümleriň biri bolan owlak-guzy möwsümine taýýarlyk işlerini görýärler. Şeýle işleriň netijeli geçirilmegi mallaryň baş sanynyň artmagyna hem-de olaryň tükel saklanylmagyna peýda berýär. Dowarlary dok gyşlatmak arkaly et we ýüň berýän sagdyn dowarlar kemala gelýär. Sagdyn dowarlaryň kemala gelmegi netijesinde bolsa, olardan alynýan ýüň, et, ýag, süýt önümleri azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşmakda zerur şertleriň özeni bolup durýar. Munuň üçin bolsa, dowarlary dok gyşlatmakda sözümiziň başynda belleýşimiz ýaly, häzirki döwürde «Dokuzyň üçe ýetmeli!»
Agarahmet SATLYKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.