Iňlis dilinde ugur soramak we salgy bermek

Isle, okuw maksatly ýa-da iş maksatly, ýa bolmasa dynç alyş maksady bilen daşary ýurtlara gidileninde, nätanyş şäherde isleýän ýeriňe azaşman barmak üçin ugur soramak zerurlygy köp ýüze çykýar. Ugur soralanda dogry sözleri ulanyp, diýjek zadyňy düşündirip bilseň, onda salgy berýän kişi hem kynçylyk çekmän sizi şol tarapa gönükdirer. Geliň onda, «Az salym iňlis dili» bölüminiň bu sanynda ugur soramak we salgy bermek üçin zerur aňlatmalary öwreneliň!
1. How can I get to?..
Mysal üçin, siz öz tanyşlaryňyzdan haýsydyr biri bilen Londonyň belli restorany bolan «Ritz»-de naharlanmagy meýilleşdirdiňiz. Belleşilen restoran, belki-de, siziň bolýan ýeriňize ýöräp bararlyk aralykda ýakyn. Emma siz restoranyň anyk nirededigini bileňizok we ýolda kimdir birinden «Excuse me! How can I get to the Ritz restaurant?» diýip sorap bilersiňiz. Bu sözlem «Bagyşlaň, men Ritz restoranyna nädip baryp bilerin?» diýmegi aňladýar. «How can I get to?..» aňlatmasy anyk bir ýere barmak isläniňizde ýa-da barjak ýeriňiziň adyny bilýän halatyňyzda köp ulanylýar. Muňa degişli mysallar aşakdaky ýaly bolup biler:
— How can I get to the railway station? (Men demir ýol menziline nädip baryp bilerin?).
— How can I get to the «Harrids» shopping mall? (Men «Harrids» söwda merkezine nädip baryp bilerin?).
2. Is there a/an... near here?
Kähalatlarda duran ýerimiziň töweregindäki iň ýakyn banka, hassahana, ýangyç bekedine ýa-da azyk dükanyna gitmek zerurlygy ýüze çykýar. Mysal üçin, siz tiz wagtda dermanhana gitmeli bolduňyz we size iň golaýdaky dermanhana zerur. Bu ýagdaýda kimdir birinden «Excuse me! Is there a chemist near here?» diýip sorasaňyz, ol size iň golaýdaky dermanhanany salgy berer. Muňa degişli mysallar aşakdaky ýaly bolup biler:
— Is there a food shop near here? (Şu töwerekde azyk dükany barmy?).
— Is there a post office near here? (Şu ýakynda poçta barmy?).
— Is there a bus stop near here? (Şu golaýda awtobus duralgasy barmy?).
3. Ugur salgy bermek üçin aňlatmalar
Ugur salgy berenimizde ýa-da salgy alanymyzda ulanylýan aňlatmalara düşünmek örän möhümdir. Geliň onda, ugur salgy berleninde, ulanylýan esasy aňlatmalary türkmençe manylary bilen öwreneliň!
— Go straight on! — Göni git!
— Turn right! — Saga öwrül!
— Turn left! — Çepe öwrül!
«Turn right/left» aňlatmasy bilen nireden öwrülmelidigini hem aýdyp bolýar. Mysal üçin, «Turn left at the traffic light!» — Ýolyşykdan çepe öwrül! «Turn right at the next crossroad!» — Indiki çatrykdan saga öwrül!
Salgy berilýän ýeriň ýerleşýän ýerini görkezmek üçin bolsa şu aşakdaky aňlatmalary ulanyp bileris. Mysal üçin, «Is there a bus stop near here?» — diýlip soralan jogaba:
— It’s on the right (Ol köçäniň sagynda).
— It’s on the left (Ol köçäniň çepinde).
— It’s next to the cinema (Ol kinoteatryň ýanynda).
— It’s opposite the cinema (Ol kinoteatryň garşysynda).
— It’s in front of the cinema (Ol kinoteatryň öňünde).
— It’s behind the cinema (Ol kinoteatryň arkasynda).
— It’s between the cinema and the cafe (Ol kinoteatr bilen kafeniň arasynda) — diýlen görnüşlerde jogap bermek bolar.
Şageldi ÝABANOW,
«Nesil».