Towşana dogduk depe...

Ümmülmez Garagum uzaklara ýaýylyp gidýär. Bu jelegaýda towşana aw diýip, tüpeň çeneýän adama gözüň kaklyşjak gümany ýok, çünki bu ýerler Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasyna degişli. Paslyň egri dyzdan gara bürenen halaty, ho-ol alaňyň üstünde towşan göründi. Ana, yzy bilen ýene biri towsup çykdy.
Gara bürenen Garagumuň burjy baglan çeti-çerkezli, gandym-sözenli gerşinde dürli haýwanlaryň aýak yzlary mese-mälim bildirýär. Zoolog dostum maňa ol yzlary ýekän-ýekän «okap berýär»: çalja towşandyr ýüwrük keýik, tilkidir şagal, möjekdir garsak, hüwüdir gyrgy, çaýkeldir dazzarkel...
— Ine, towşanyň yzyny yzarlap göreli! — diýip, meniň gürrüňdeşim — «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy Ilmyrat Mommadow ýabany guşlaryň iýmitlenmegi üçin ýantorbasyndaky arpany garyň üstüne sepeläp ýörşüne gürrüň berýär: — Ynha, seret, garyň üstünde dört sany yz bar. Öňdäki iki aýagyň yzy yzdaky iki aýagyňkydan birneme ulurakdyr. Öňdäki aýak yzlary towşanyň yzky aýaklarynyň, yzkylar bolsa onuň öň aýaklarynyň yzydyr. Sebäbi ol yzky aýaklaryna daýanyp, towsup ýöreýär. Artky aýaklary çakganlyga ýardam berýär. Üns beripjik synla, ynha, goýun-geçiniň aýak yzyna çalymdaş yzy görýäňmi?! Ýöne ol keýigiň yzy bolmaly. Inelikgä, itiň yzyna meňzeş yz bolsa şagalyňky — diýip, Ilmyrat aga akja garyň ýüzünde nagyş ýaly bolup görünýän aýak yzlary içgin synlamagyny dowam etdi.
Gürrüňimiz gyzyşdygyça, men onuň towşandan gürrüň açjak bolýandygyny aňdym.
— Towşanyň iň köp ýeri Garagumdur — diýip, gürrüňini ylym adamlaryna mahsus äheňde dowam etdi: — Bu janawar süýdemdirijileriň towşan şekilliler toparyna degişli görnüş hasaplanýar. Suwsuz hem-de gurak ýerlerde ýaşamaga uýgunlaşan towşanyň gorkaklygyny hiç bir haýwan bilen deňär ýaly däl. Öňýeten ýyrtyjy olaryň ganym duşmany. «Towşan öz kölegesinden gorkar» diýlişi ýaly, olar ýelken ýaly galgap duran gulaklarynyň kölegesindenem ürkenlerini duýman galýarlar. Olaryň kürek ýaly gulaklary örän eşitgir. Gulaklary oňa tomsuň jöwzasynda, gyşyň aňzagynda endamynyň gyzgynyny sazlap durmaga peýdaly. Erkegine «ziňňirt», çebşekleýänine «maral» diýilýän towşanlar juda ejizje jandar bolansoň, duşmanlaryndan hemişe gaçyp gutulmaly. Sap atmagy ýa-da bir buljumja ýerde busup ýatmagy başarmaly. Uzyndan ýyndam aýaklary bolansoň, hine girip ýatmagy olar özlerine «kiçilik» bilýärler.
Towşanyň reňki ýaşaýyş şertlerine juda uýgunlaşan bolup, topragyň, Güne ýanyp guran, çalaran ot-çöpleriň reňkine çalymdaşdyr. Ýowşanyň teýinde busup ýatan towşany her bir ýyrtyjy saýgarybam baranok. Ir ertirdir giç agşam, esasan-da, gijelerine otlamagy, aýdylyşy ýaly, ýagydan ýaý boýy saklaýar. Garyň üstünden barýan towşan bir çöpüň düýbüne baraga-da ýatybermeýär. Ýyrtyjylaryň penjesine düşmezlik üçin daňdanyň ümüş-tamşynda ýatmaga ugran towşanlar ýatjak ýerini peýläp, 4-5 gezek ikiýana gatnap, şol ýeri öz aýak yzlaryndan ýaňa torç edensoňlar, iň soňkusyndan göni gündizki ýatýan ýerine böküp düşýärler. Şeýlelikde, gatnawdan ýatýan ýerine çenli towşanyň aýak yzlary bölünýär. Ine, onsoň onuň kastyna çykan ynsan-u-haýwan pirime aldanyp, onuň giden ugruny yzarlap bilmän, aňalyp galýar. Pederlerimiz eger-de towşan aýagy bilen gar peşäp başlasa, ertesi ýene-de garyň ýagjagyna ynanypdyrlar — diýip, Ilmyrat aga ýandepderçesine bir zatlar ýazmaga mübtela boldy.
Maral towşan awçylaryň nazaryndan sypmaz. Ýadyňyza düşýän bolsa, köki örän gadymyýetden gözbaş alýan «Şasenem — Garyp» dessany beýleki dessanlardan tapawutlylykda, Diýarbekir ýurdunyň patyşasy Şaapbasyň we onuň weziri Hasan weziriň aw awlamaga çykyşy, olaryň ikisiniňem awda bogaz towşana gabat gelip, aýallarynyň göwrelidigi ýatlaryna düşüp, towşany goýberişleri hakyndaky gürrüňden başlanýar. Her bir janly-jandara rehimli garamak çyn ynsanlykdandyr.
Şeýle oýlara gümra bolup oturşyma, ömrüni Pendi ýaýlasynda mal yzynda geçiren Çary çopanyň sözleri ýadyma düşdi:
— Şu möjegiň bir edähedi bar. Şonam bilip goýan ýagşy. Möjek aç bolsa-da, hergiz, çebşeklejek towşana degmeýär. Gaýtam, urbap-ýaýrap, çebşekler ulalýança, olara göz-gulak bolup, tilkidir şagaldan goraglap gezýär. Niçikmi, ulalansoňlar olary ýeke-ýekeden tutup iýýär.
— Bir gezek çomuçly alaňda ösümlikler bilen gyzyklanyp ýörkäk, ýowşanlygyň arasyndan böküp çykyp, bize tarap gaçyp gelýän towşana gözümiz düşdi. Onuň gulajyklary keýerip, gözleri hanasyndan çykaýjak bolýardy. Bökjekläp gelşine gorky-ürküsiz golaýymyzda üýşüp duran goş-golamlarymyzyň arasyna kürsäp urdy — diýip, Ilmyrat aga gürrüň berýär: — Hemme zat göz açyp-ýumasy salymyň içinde bolup geçdi. Towşanyň bolşuna geň galyp, onuň ters yzyny çalanymyzda ynha, guýrugy sübse ýaly tilkä gözümiz düşdi. Men tilkini ürküzmek niýeti bilen topulanymam şoldy welin, onýança-da, oňa tazynyň gözi düşüp, söbügine mündi. Tazyny görse, tilkiniň döwi asgynlaýýar. Ol yzyna garaman gaçdy.
Soňra towşanyň ýanyna öwrülip geldik. Janawaryň erte-birigün çebşeklejekdigi bildirýärdi. Aman galan towşanjygy goraghanamyzdaky malhana eltdik. Dogrudanam, 3-4 günden soň çebşekledi. Çebşejikler gününi sanap ulalansoňlar, biz olary ýene-de erkinlige goýberdik...
Tebigatyň dürli derman we beýleki ot-çöpleri bilen iýmitlenýän towşanlaryň örän tagamly etini iýip görenler, ony hiç wagtam ýadyndan çykarmasa gerek. Goýmatly Gazakbaý agany gürletseň:
— Towşanyň etini palawa atsaň, şireliräge-de, ýumşaksy palaw bolar welin, iýip doýup bilmersiň — diýer.
Goja taryhyň çuňlugyna aralaşyberseň, towşan hakynda täsin maglumatlara gabat gelýärsiň. Orta asyr lukmanlary bu jandaryň etiniň içiňi arassalaýandygyny, şeýle hem semizlige garşy ulanylýandygyny belläpdirler. Diş agardyjy serişde hökmünde bu aw haýwanynyň kelle süňküni ýakyp, onuň külüni saralan dişlere çalypdyrlar. Onuň küli saç düşmesini azaltmak üçin hem peýdaly hasaplanypdyr. Damar çekme keselinden saplanmak üçin towşanyň beýnisini gowrup iýmek has ýörgünli bolupdyr.
Haýwanlaryň atlary bilen baglanyşykly dörän ýer atlaryna ylmy dilde «zoonimler» diýilýär. Ýurdumyzyň çäklerinde «Towşanly», «Towşanly gyr» diýlip atlandyrylýan ýerler hem bar. Ol atlar jandarlaryň toparlanyşyp ýaşaýan, mesgen tutan ýa-da häli-şindi duş gelýän ýerlerini anyklamaga mümkinçilik berýär. Towşanyň ady haýwanlaryň atlary bilen ýöredilýän senenamada ýyllaryň birine dakylypdyr. Towşan ýylynda doglanlaryň esasy aýratynlygy olar rahat, arkaýyn, etjek işlerini «ýedi ölçäp, bir kesýän» diýlip häsiýetlendirilýär. Geçmişde diýseň üşükli, synçy pederlerimiz kimdir biriniň doglan ýylyny bilmekçi bolup, onuň oturyşyny-turşuny kemsiz synlap: «Hä inerçäm, özüň-ä, bars oturyşly, towşan turuşly ekeniň welin, sen şol iki ýylyň sepgidinde doglan bolmaly» diýip, kesgitläp bilipdirler...
Her bir jandar tebigatyň synasynyň sazlaşygydyr. Olar tebigatyň gaýtalanmajak özboluşlylygy bolup, ýaşaýşyň sazlaşygyna uly peýda getirýär. Muňa her birimiz gowy düşünmelidiris we olara aýawly çemeleşmelidiris. Milli Liderimiziň sargyt edişi ýaly, türkmen tebigatyny, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap, ony indiki nesle miras galdyrmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Öwezmyrat GELDIBAÝEW.
«Türkmenistan».