MILLI LIDERIMIZIŇ BAŞLANGYÇLARY ROWAÇLANÝAR

1. Dünýäde — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly
«Eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!». Dörediji Liderimiziň baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli peşgeş beren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda beýan edilýän pikir-garaýyşlaryň özen-örküni düzýän şu jümleleriň manysy hakda oýlananyňda, 25 ýaşy arka atan türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk döretmekde toplan tejribesi, Bitaraplygy ganat edinip, dünýä syýasatynyň işjeň gatnaşyjysyna öwrülen ýurdumyzyň daşary syýasatda ýeten menzilleri, yzygiderli hem maksada gönükdirilen halkara başlangyçlary... birin-birin göz öňüňde janlanýar. Geçen ýylda daşary syýasatymyzyň binýatlaýyn esasy bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk ýubileý senesi mynasyp derejede bellenildi. 2021-nji ýyl bolsa türkmen diplomatiýasynyň öňünde ýene bir täze sepgidi — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünlikli geçirmek ýaly belent wezipäni goýýar.
Milli Liderimiziň: «Syýasat täsin guraldyr» diýen jümlesi bar. Gural bolsa öz-özünden hereket etmeýär, haýsy maksat üçin ulanylýanyny bilip, ony özüň hereketlendirmeli, iş bitirmeli. Halkara gatnaşyklar ulgamynda döwletleriň hereketlerini utgaşdyrmagyň, beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň, döwletara gatnaşyklarda we ählumumy syýasatda ýüze çykýan islendik meseläni çözmegiň öz tärleridir serişdeleri, gurallarydyr ýollary bar. Adamzadyň toplan tejribesi, durmuşyň sapaklary Ýer ýüzünde parahatçylygyň we abadan ýaşaýşyň berkarar edilmeginde syýasy-diplomatik usullaryň hem parahatçylyk dörediji gurallaryň daýanç sütüni bolup hyzmat edýändigini ençe ýola subut etdi. Bular baradaky gürrüňi anyk mysallar bilen näçe uzaltsaň, uzaldyp bolar, ýöne biz makalamyzda şeýle gurallaryň diňe biri — Bitaraplygyň türkmen nusgasy we onuň parahatçylyk medeniýetini kemala getirmekdäki täsirli orny hakda söhbet etmekçi.
Geliň, ilki bilen, 2021-nji ýyl bilen türkmen Bitaraplygynyň özara baglanyşygy hem sazlaşygy barada az-kem pikir öwreliň! 2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly. Bu ýylyň dünýä derejesinde şeýle atlandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşykly. Milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak boýunça başlangyç bilen çykyş etdi. Ýurdumyzyň bu başlangyjy Milletler Bileleşigine agza ýurtlar tarapyndan biragyzdan goldanyp, Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasy bilen berkidildi. 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany 73 döwlet awtordaş hökmünde goldady. Munuň özi şu resminamada bellenen wezipeleri ýerine ýetirmäge Türkmenistan bilen deň derejede ýene-de 73 ýurduň gatnaşýandygyny alamatlandyrýar. Ýöne bir zady aýratyn bellemeli: adatça, Baş Assambleýanyň mejlisiniň gün tertibinde goýlan Kararnamalar onuň esasy komitetleriniň 6-sy tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bolsa esasy komitetleriň garamagyna hödürlenilmezden, gurama agza ýurtlaryň ählisiniň goldamagy esasynda biragyzdan kabul edildi. Bu seýrek ýagdaý, şonuň bilen birlikde-de, örän uly jogapkärçilik. Diňe şunuň özi hem hormatly Prezidentimiziň bu başlangyjynyň näderejede ähmiýetlidigini delillendirýär.
Aslynda, näme sebäpden «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama dünýä bileleşiginde uly ähmiýet berilýär?! Oňa düşünmek üçin bu resminamanyň mazmuny bilen tanyşmak ýeterlik. Ozaly bilen, Kararnamanyň esasy ýörelgeleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösüşini üpjün etmek hem-de gapma-garşylyklary diňe parahatçylykly ýollar arkaly çözmek we indiki nesilleri uruş howpundan azat etmek ýaly ynsanperwer maksatlary bilen gabat gelýändigini aýtmak gerek. Onda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek arkaly ýurtlaryň arasyndaky parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, aýratyn-da, syýasy gepleşikler we özara düşünişmek arkaly hyzmatdaşlyk etmek, durnukly ösüşi, raýdaşlygy hem-de sazlaşygy pugtalandyrmak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şoňa görä-de, Kararnama dünýä jemgyýetçiligini parahatçylyga we ynanyşmaga durnukly ösüşi, parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de adam hukuklaryny hormatlamagy üpjün edýän gymmatlyk hökmünde garamaga çagyrýar. 
Üns berip görseň, bu Kararnamanyň türkmen Bitaraplygynyň ileri tutýan ýörelgeleri bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýändigini, «bitaraplyk» hem «parahatçylyk» diýen düşünjeleriň, hakykatdan-da, bölünmezdigini aýdyň görmek bolýar. Diýmek, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň parahatçylyk döredijilikli ýörelgeleriniň barha ilerledilmegi hem-de milli Liderimiziň daşary syýasatdaky «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygarynyň logiki dowamydyr diýsek, öte geçdigimiz bolmasa gerek. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň çärýek asyrlyk tejribesine ser salyp, bir hakykaty anyk aýdyp bileris: 2021-nji ýylda — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen Bitaraplygynyň özenini düzýän ynsanperwer ideýalar nobatdaky gezek dünýä ýaýylar, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmekde Bitaraplygyň eýeleýän orny hakynda dünýä jemgyýetçiliginiň habarlylygy has-da ýokarlanar. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň: «Ählumumy tolgunmalaryň hem-de artýan ynanyşmazlygyň döwründe biz çözülmedik meseleleri aradan aýyrmak we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň gymmatlyklaryny goldamak üçin köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmalydyrys» diýip, dünýä bileleşigini köptaraplaýyn diplomatiýanyň netijeli guraly hökmünde özüni görkezen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny goldamaga çagyryş bilen çykyş etmegi hem ýurdumyzyň bu başlangyjynyň durmuş ýüzünde üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynamy berkidýär...
Häzirki zaman dünýäsinde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlar, milli bähbitleri araýan çaknyşyklardyr gapma-garşylyklar halkara gatnaşyklar ulgamyna, döwletleriň arasynda ylalaşykly gatnaşyklary ýola goýmaga oňaýsyz täsirini ýetirýär. Bu bolsa, öz gezeginde, Ýer ýüzünde parahat hem asuda ýaşaýşy üpjün etmek, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň oňyn çözülmegi hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly wezipeleriň amal edilmegini bökdeýär. Şunuň özi-de «özara ynamyň pese düşen» eýýamynda ýurtlaryň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň kemala getirilmeginiň möhümdigini orta çykarýar. Bu ýerde-de dünýä bileleşigi täsirli gural hökmünde Bitaraplygyň türkmen nusgasyna bil baglaýar. Ynam bildirilýän bolsa, diýmek, hemişelik Bitaraplygymyzyň bu ugurdaky mümkinçilikleri hem artykmaçlyklary döwrüň synagyndan geçipdir. Geçen ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen halkara maslahatda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz: «Biziň Bitaraplygymyzyň döredijilikli iş bolup, onuň täze taglymlar hem-de iş ýüzündäki tejribeler bilen baýlaşdyrylýandygy, üýtgäp durýan ýagdaýlara, ýüze çykýan wehimlere uýgunlaşýandygy onuň möhüm aýratynlygydyr» diýmek bilen, adamzadyň öňünde duran ählumumy wezipeleriň çözülmeginde türkmen Bitaraplygynyň çärýek asyrda bitiren hyzmatlaryny ähli ugurlar boýunça jikme-jik beýan etdi. Olaryň hemmesini ýeke-ýekeden sanap oturmagyň zerurlygy ýok bolsa gerek. Aý dogsa, älem görýär. Bu gün ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy syýasat, ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden adalatly peýdalanmak, bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara kömek bermek ýaly ählumumy gün tertibiniň derwaýys meselelerini çözmekde netijeli gural hökmünde ykrar edilýär. 
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk ýubileýiniň giňden dabaralandyrylan günlerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegini munuň anyk mysallarynyň biri hökmünde görkezmek bolar. Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasy esasynda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, BMG-niň ýanynda häzirki wagtda 20-den gowrak döwleti özüne birleşdirýän parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň öňbaşçysy bolan ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň mümkinçilikleriniň köptaraplydygyny ýene bir ýola äşgär edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi parahatçylyk döredijilikli ýokary wezipedir, parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly ýurdumyzyň dünýä we sebit derejelerinde ýüze çykýan ähli meseleleriň çözülmegine gatnaşmaga taýýardygydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýyl ýurdumyzyň wise-başlyklyk edýän 75-nji mejlisinde öňe süren başlangyçlary hem tutuşlygyna türkmen Bitaraplygynyň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen baglydyr. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň ýanynda döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň işini işjeňleşdirmek, BMG-niň halkara meseleleri kadalaşdyrmakda Bitaraplyk ýörelgelerini netijeli ulanmak boýunça kadalar toplumynyň işlenip taýýarlanylmagy, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, şu ýylda Aşgabatda halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek... ýaly teklipler şolaryň esasylarydyr.
Geçen ýylyň 11-nji dekabrynda Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň meselelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda göz öňünde tutulan çäreleri mynasyp derejede geçirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrligine degişli meýilnamany taýýarlamak boýunça tabşyryklary berdi. Üstümizdäki ýylyň 29-njy ýanwarynda bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dabaraly çäre guralyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagyna resmi taýdan badalga berildi we ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň «Ýol kartasy» kabul edildi. Wekilçilikli maslahata onlaýn usulda gatnaşan diplomatlardyr bilermenleriň hormatly Prezidentimiziň öz wagtynda öňe süren bu başlangyjyna örän ýokary baha bermekleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäreleriniň syýasy gepleşiklerdir özara düşünişmegiň hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy esasynda parahatçylyk medeniýetini berkitmegiň täzeçe usullarynyň we gurallarynyň kemala getirilmeginde möhüm ädime öwrüljekdigini ynamly aýtmaga esas berýär.
Dünýä syýasatynda ýörgünli ulanylýan «Diwar däl-de, köpri gur!», «Uruş däl, sungat döret!» diýen jümleler parahatçylygyň Ýer ýüzüniň ähli künjeginde-de bibaha gymmatlyk bolandygyna güwä geçýär. Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi türkmen Bitaraplygynyň esasyny düzýän hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň üçünji müňýyllykda ösüşiň baş şertine öwrülýändigini tassyklaýar. 
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».