«Ynamdar» ynam gazanýar

Baryp birnäçe ýyl mundan ozal hem «onlaýn söwda», «internet dükan» ýaly düşünjeler ildeşlerimiziň köpüsine nätanyşdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy esasynda ýurdumyzda sanly ulgamyň güýçli depginde ornaşdyrylmagy netijesinde türkmen telekeçileri hem işewürligiň täzeçil usullaryny özleşdirip, ilata onlaýn söwda hyzmatlaryny hödürlemegi ýola goýdular. Bizem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzasy, ençeme ýyldan bäri üstünlikli iş alyp barýan telekeçileriň biri bolan Nurmuhammet GAPUROW bilen söhbetdeşlikde onuň esaslandyran «Ynamdar» onlaýn dükanynyň işi bilen tanyşdyk.
— Nurmuhammet aga, «Ynamdar» onlaýn dükanyny döretmäge size näme itergi berdi?

— Bizde heniz talyplyk ýyllarymyzda dünýädäki onlaýn dükanlaryň işleýiş usullaryny, olaryň tejribesini öwrenip, geljekde özümiziň hem hususy işewürlik bilen meşgullanyp, onlaýn dükan dörederis diýen arzuwymyz bardy. Döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgamy ösdürmek boýunça mümkinçilikleri döredip bermegi we ilatyň onlaýn hyzmatlara bolan isleginiň artmagy netijesinde bizem «Ynamdar» onlaýn dükanymyzy döredip, onda halkymyzyň gündelik durmuşynda peýdalanýan harytlaryny ýerleşdirip başladyk.
— Siziň öz onlaýn dükanyňyza «ynamdar» diýen ady we nyşan hökmünde milli nagyşlarymyzyň biriniň şekilini saýlap almagyňyz näme bilen baglanyşykly?
— Biz öz harytlarymyzy ildeşlerimiziň öýlerine eltip berýäris. Nyşanymyzyň her bir adama tanyş we ýüreklere ýakyn bolmagy üçin hem geçmişden bäri öýlerimize düşelýän keçelerde köp duş gelýän milli nagyşlarymyzyň birini saýlap aldyk. «Ynamdar» diýen ady saýlap almagymyz bolsa biziň baş maksadymyzyň müşderilerimiziň ynamyny gazanmak bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr.
— «Ynamdar» onlaýn dükanynda harytlaryň näçeräk görnüşini hödürleýändigiňiz we her gün näçeräk müşderiden sargyt alýandygyňyz barada aýdaýsaňyz...
— Onlaýn dükanymyzyň işe girizilenine bary-ýogy bir ýyldan gowrak wagt boldy. Şol döwürde biz dünýä tejribesini öwrenmek, müşderileriň isleglerini göz öňünde tutmak, harytlaryň hilini we bahalaryny seljermek arkaly dükanymyzyň işini tapgyrlaýyn kämilleşdirip gelýäris. Häzirki wagtda biz müşderilerimize harytlaryň 10 müňe golaý görnüşini hödürleýäris. Şolaryň arasynda azyk önümleriniň, himiýa serişdeleriniň, çagalar üçin harytlaryň, dokmaçylyk önümleriniň we halkymyzyň gündelik durmuşynda peýdalanylýan beýleki önümleriň dürli görnüşleri bar. Biz müşderilerimiziň isleglerini we tekliplerini göz öňünde tutup, olaryň görnüşlerini yzygiderli artdyrýarys. Häzir her günde ortaça 500-e golaý müşderi biziň onlaýn dükanymyzdan özlerine gerek harytlary sargyt edýär.
— Müşderiler onlaýn dükandan sargytlary nädip etmeli?
— Munuň üçin akylly telefon ýa-da kompýuter arkaly Internete baglanyp, «ynamdar.com» salgysyndaky ýa-da «Ynamdar» mobil goşundysyndaky onlaýn dükandan özüňe gerekli harytlary saýlap, olary sebede goşmaly. Siziň saýlan harytlaryňyz onlaýn dükanyň operatorlary tarapyndan hasaba alynýar. Soňra olar öz beren salgyňyza ýetirilýär. Onlaýn dükanymyzda müşderileriň öz isleglerini we tekliplerini bize bildirmekleri üçin ýörite bölüm bolup, biz olary seljermek arkaly dükanyň işini kämilleşdirmek ugrunda yzygiderli iş alyp barýarys. Şeýle hem müşderilerimiziň sargyt eden harytlary üçin nagt ýa-da nagt däl görnüşde hasaplaşyp bilýändiklerini bellemek gerek.
— «Ynamdar» onlaýn dükanynyň eltip bermek hyzmatlary haýsy çäklerde amala aşyrylýar?
— Onlaýn dükanymyzyň işiniň täzelikde ýola goýlandygy sebäpli häzirlikçe buýurmalary Aşgabat şäheriniň çäginde we Ahal welaýatynyň Änew şäherine çenli eltip berýäris. Emma ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň merkezlerinde hem şeýle hyzmatlary ýola goýmagy şu ýyldaky esasy maksatlarymyzyň hatarynda kesgitledik.
— Onlaýn söwdanyň artykmaçlyklary barada näme aýdyp bilersiňiz?!
— Adaty söwdadan tapawutlylykda onlaýn söwdada bazara ýa-da dükana gitmek we gerek harytlaryňy gözläp tapmak üçin serişde hem-de wagt sarp etmek zerurlygy aradan aýrylýar. Üstesine-de, islendik ýerden we islendik wagtda söwda etmek mümkinçiligi bar. Bazarlar we söwda merkezleri diňe kesgitli wagt aralygynda işleýär. Onlaýn dükanymyz bolsa gije-gündiziň bütin dowamynda buýurmalary kabul edýär. Eger siz iş wagtyndan soň sargyt etseňiz hem, operatorlarymyz sargydyňyzy tassyklap, satyn alan harytlaryňyzyň size oňaýly wagtda ýetirilmegini üpjün ederler. Soňky wagtlarda müşderilerimizden alýan elektron hatlarymyzda olaryň ozal söwda etmäge sarp edýän wagtlaryny indi öz işlerine ýa-da maşgalalary bilen bilelikde geçirmek üçin sarp edip bilýändiklerine hoşallyk bildirýärler.
— Nurmuhammet aga, bize mälim bolşy ýaly, «Ynamdar» siziň ilkinji taslamaňyz däl. Siz ýokary hilli önümleri bilen meşhur bolan «Hoş zaman» hususy kärhanasyna hem ýolbaşçylyk edip, telekeçilik işinde ençeme ýyldan bäri üstünlikli iş alyp barýarsyňyz. Siz telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlara we bu ugurda täze işe başlan kärdeşleriňize nähili maslahatlary berip bilerdiňiz?!
— Telekeçi bolmak — diňe bir peýda gazanmak däl. Ýokary hilli önümleri öndürýän we hyzmatlary hödürleýän her bir kärhana ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna goşant goşýar. Hut şonuň üçinem, hormatly Prezidentimiz bize — telekeçilere «Ýurdumyzyň altyn gaznasy» diýip, uly ynam bildirýär we üstünlikli işlemegimiz üçin giň mümkinçilikleri döredip berýär. Şol belent ynamy ödemek üçin her bir telekeçi halallyk, tutanýerlilik hem-de yhlas bilen işlemeli, elmydama döredijilikli pikirlenmeli. Munuň üçin bolsa köp okap, hemişe täzeçillikleriň gözleginde bolmaly. Iň esasysy-da, ynsaply we halal işlemeli. Hormatly Prezidentimiziň paýhas ummanyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde hem bu barada köp sanly rowaýatlardyr tymsallar arkaly çuňňur düşünjeler berilýär.
— Gyzykly gürrüňleriňiz üçin size köp sagbolsun aýdýarys we işleriňizde ýeneki üstünlikleri arzuw edýäris!
— Sag boluň!
Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».