Al-ýaşyl bürenip çykar perisi

Türkmeniň milli lybaslarynyň özboluşly gözelligi göreni haýran edýär. Şeýle nepisligi döredýän türkmen zenany kalbyndaky söýgüsini, arzuw-islegini nagyşlaryna siňdirýär. Sungat derejesine ýetirilen bu ajaýyplyklar gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri. Yhlas bilen ýapyşylan işiň tarypy bolsa, asyrlardan-asyrlara ýetipdir.
Gelin-gyzlarymyz ähli döwürlerde hem gowy lybaslary geýip, iň nepis şaý-sepleri dakynypdyrlar. Bu gözellige haýran galmak bilen seredipdirler. Milli lybaslaryň owadanlygy şahyrlary hem özüne çekipdir. Muňa türkmen edebiýatynyň şamçyragy Magtymguly Pyragynyň:
Al-ýaşyl bürenip çykar perisi,
Kükeýip bark urar anbaryň ysy
— diýen setirleri-de şaýatlyk edýär. Nusgawy şahyrlarymyz gelin-gyzlary, olaryň gelşikli lybaslarynyň gözelligini, dakynan owadan şaý-seplerini wasp edipdirler. Kemine şahyryň: «Ak üstünden ýaşyl geýdiň al bilen» diýen sözlerini ýa-da «Saýatly-Hemra» dessanyndaky: «Gyrmyzy geý, ýarym, wagtyň-da bardyr» kimin şahyrana jümlelerini muňa mysal getirip bileris. Görşümiz ýaly, halk döredijilik eserlerinde — dessanlarda, şadessanlarda türkmen gözelleriniň waspy ýetirilipdir. Bu bolsa halkymyzyň zenan maşgalanyň geýnişine aýratyn üns berendiklerini görkezýär.
«Görk — agyzdan, görmek — eginden» diýen nakyl ýöne ýere döremändir. Döwrümiziň gelin-gyzlary dürli biçüwli, milli nagyşly köýnekleri geýip çykanlarynda, olary hüýr-perilere deňäsiň gelýär. Egni älemgoşaryň nurana reňklerini özünde jemleýän milli lybasly, başlary sary öýmelidir, ýaglykly gelin-gyzlarymyzy näçe wasp etseň hem az ýaly. On barmagynyň gudratyndan dörän milli lybaslarymyz zenanlarymyzyň inçe sungatyň ussadydygyny ykrar edýär. Milli gözellik gelin-gyzlarymyzyň älemgoşar öwüşginli lybaslarynda jemlenipdir.
Häzirki wagtda gözellik diýen düşünjäniň çygry has hem giňedi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň telekeçilige giň ýol açmagy bilen işewür zenanlarymyz gelin-gyzlaryň islegine görä dürli biçüwdäki köýnekleri tikýärler. «Zynat», «Owadan» ýaly hyzmat ediş öýlerinde olar agzybir zähmet çekýärler. El hünärlerini has-da kämilleşdirýärler. Zenan lybaslaryny döwrebaplaşdyryp, dürli biçüwdäki köýnekleriň ýakalaryna täze nusgalary salýarlar.
«El hünäri il gezer» diýen ene-mamalarymyz il içinde päk zähmeti, el hünäri bilen abraý alan zenanlary nusga hökmünde görkezip, ýaşlary hünäre ugrukdyrmagy başarypdyrlar. Ene-mamalarymyzdan nesillere nusga galan el keşdelerimiz, ak gaýmalarymyz döwrebap nusgalar bilen sepleşip gidýär. Işine ezber, on barmagyndan dür dökülýän gelin-gyzlar il arasynda uly abraýa eýe. Olaryň ýanyna iş öwrenmäge ýa-da dürli biçüwdäki egin-eşikleri tikdirmäge gelýänleriň yzy üzülenok. Milli lybaslarymyzy gözellerimiziň köňül islegine görä taýynlap bermekde iş bar. Çünki her kimiň islegi başga, olaryň göwnüni tapyp, birkemsiz «ýylanyň damagyndan çykan ýaly» diýen derejä ýetirmek aňsat däl. Üýtgeşik nagyşly geýimler, nepis tikilen egin-eşikler, owadan keşdeler göreniň höwesini artdyrýar. Esasan hem, häzirki döwürde ene-mamalarymyzyň ürç edip geýen ýanly köýneklerine uly isleg bildirilýär. Sanjakdyr begeýikler bilen bezelen, gadymy ak gaýma nagyşly, ýakasy alaja bagjykly ýanly köýnekler zenanlarymyza gelşik berýär. Ene-mamalarymyz öňler ýanly köýneklere ýagyrniçlik tikipdirler. Ýagyrniçlik ýanly köýnekleriň iç ýüzünden gursagyna we ýagyrnysyna, çit we nah matalardan tikilipdir. Ýagyrniçlik köýnegiň arkasyna der çykyp, solmazlygyna ýardam edipdir. Öňki döwürlerde köýnek tikiljek mata çykmasa, ýaşuly aýallar arkasyna başga matadan urupdyrlar. Oňa «ýagyrnurna» diýlipdir. Ýagyrnurnany zenanlaryň gyňajy ýapypdyr we onuň başga matadandygy-da bildirmändir. Ýaşajyk gyzlaryň köýneklerine ýagyrnurna edilmändir. Ene-mamalarymyzdan miras galan biçüwler, keşdeler, gaýmalar hiç haçan öz ähmiýetini ýitirmän, barha ýoň bolup barýar. Zenanlarymyz owadan panbarhat we älemgoşar öwüşginli ketenileri täze biçüwde tikinýärler. Bu olaryň gözelligine gözellik goşýar. Türkmen ketenisi bolsa, özüniň owadanlygy bilen dünýäni haýran edýär. Egin-eşiklerdäki millilik zamanabap geýinmek medeniýeti bilen sazlaşanda, lybaslaryň gözelligi has-da artýar. Bu sazlaşyk türkmen zenanynyň ajaýyp dünýäsini, edebini, näzik duýgularyny, belent mertebesini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabynda: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly» diýip, Ogulabat ejäniň gyzlaryna keşde çekip, gaýma gaýamagy, jorap örmegi ýaşlykdan öwredip, ene-mamalarymyzyň milli el işlerini dowam etdirmegi ündändigini ýatlaýar.
Lybas, egin-eşik geýmegiň özi bir sungat diýsek ýalňyşmarys. Çünki ol her bir ynsanyň içki dünýäsini açmakda özboluşly açardyr. Psiholog alymlar her kimiň saýlaýan reňki, geýýän lybasy onuň häsiýetini açyp görkezýär diýip çaklaýarlar. Açyk reňkli lybaslary halaýanlar ruhubelent, açyk göwünli, ynanjaň adamlar hasaplanýar. Dok, goýy reňkli eşik geýmegi halaýan bolsa, maksada okgunly, nepisligi duýup bilýän, durmuşdan özüne geregini edinen adamlar hasaplanýar. Geýen egin-eşiginiň üsti bilen adamyň keýpini hem aňlap bilipdirler. Görşümiz ýaly, lybas adamyň durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi hasaplanýar. Emma bir zady aýtmagymyz ýerlikli bolsa gerek. Goý, ol iş geýimi bolsun, toý köýnegi ýa-da gündelik öý eşigi tapawudy ýok, sadadan sypaýy hem tämiz bolsa, ony geýen adam hemmäniň gözüne gelşikli hem owadan görner.
El işlerine ussat ene-mamalarymyz nagyşlaryň nusgalaryny, köýnek biçip-tikmek usullaryny apalap, öz gyzlaryna, gelinlerine öwredip, häzirki nesle ýetiripdirler. Ene-mamalarymyzyň ýürek ýylysy siňen şol gözellikleri, ajaýyp nusgalary ýitirmän, geljekki nesillere miras galdyryp, olara gadymy, sadadan asylly milli egin-eşikleri tikmegi öwretmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Türkmen zenanlarynyň zähmetsöýerlik, asyllylyk, sadalyk, sypaýylyk ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän ene-mamalarymyzyň nusgalyk göreldesi her birimiz üçin bagtyýar durmuşymyzda ýol-ýörelge, uly mekdep bolup durýar.
Şasenem HEKIMOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.