Arkadagyň ulag diplomatiýasy: Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginden dünýä ösüşlerine tarap

Hormatly Prezidentimiz ählumumy gün tertibiniň energetika, ulag we suw meselelerinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny nygtap, olary Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitledi. Bu gün daşary syýasatda ulag, energetika we suw diplomatiýasy boýunça netijeli gepleşikleriň başyny başlap, ýurdumyz özüniň tebigy baýlyklaryny, geosyýasy, geoykdysady mümkinçiliklerini we artykmaçlyklaryny sebit hem-de dünýä ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak bilen, bütin adamzadyň hyzmatynda goýýar. sebitde parahatçylyk dörediji we ylalaşdyryjy döwlet hökmündäki ornuny dürli ugurlar boýunça berkidip, iri ulag-logistik merkeze öwrülýär.
Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýän ulag diplomatiýasynyň baş maksady asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, ýurtlaryňdyr halklaryň hyzmatdaşlyk köprüsine öwrülen gadymy Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap ulag ugurlary boýunça gaýtadan dikeltmäge hem-de ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilendir. Häzirki zamanyň howply wehimine öwrülen koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, ýurtlaryňdyr halklaryň ýaşaýyş-durmuş we ykdysady derejesiniň kadaly ýagdaýda saklanmagyny üpjün etmekde ulag ulgamyna wajyp orun degişlidir. Çünki ygtybarly multimodal ulag geçelgeleri we ulag düzümleri bolmazdan, durnukly ösüşiň gazanylmajakdygy öz-özünden düşnüklidir. Hut şu zerurlyk hem adatdan daşary şertlerde halkara ykdysady hyzmatdaşlygy dowam etdirmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuny görnetin ýokarlandyrdy.
Ýeri gelende, hormatly Prezidentimiz tarapyndan howply ýokanjyň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda adatdan daşary ýagdaýlar döwründe durnukly halkara ulag gatnawyny üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berlip, serhetlerde serhetýaka, gümrük we migrasiýa düzgünleriniň arassaçylyk-zyýansyzlandyryş gözegçiligini güýçlendirmek, ýurtlardyr sebitleriň arasynda ulaglaryň we ýük akymlarynyň howpsuz hereketini üpjün etmek boýunça degişli işleriň öz wagtynda amala aşyrylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Ulaglar we harytlar Döwlet serhediniň gözegçilik geçiriş ýerlerinden geçirilende, häzirki döwürde talap edilýän sanitar-karantin düzgünlerini berjaý etmekde öňdebaryjy halkara tejribäniň, iň täze tehnologiýalardyr sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagy işleriň netijeliligini artdyrmaga, söwda amallarynyň durnukly ýagdaýda saklanylmagy arkaly ilaty zerur bolan azyk önümleridir durmuş harytlary bilen üznüksiz üpjün etmäge ýardam berýär.
Belli bolşy ýaly, häzirki zaman dünýäsinde bir ugur boýunça ýükleriň eltilýän ýerine çenli ulaglaryň dürli görnüşlerini — awtomobil, demir ýol, deňiz, howa ulaglaryny ulanmak arkaly daşalmagyny aňladýan «multimodal» diýen adalga işjeň ulanylyp başlady. Gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşip, Gündogar bilen Günbataryň siwilizasiýalaryny baglanyşdyran ýurdumyzda hem ulaglaryň dürli görnüşleri boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli zerur şertler bar. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly çäklerde ýerleşmegi — Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlary boýunça geçelgeleriň çatrygynda möhüm halka bolup hyzmat etmegi döwrebap ulag düzümlerini kemala getirmäge hem-de ony bütin adamzadyň bähbidine gönükdirmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda ulag ulgamy boýunça diňe bir sebit däl, eýsem, dünýä ähmiýetli iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ulag geçelgeleri, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça üstaşyr-ulag taslamasy (Lapis Lazuli) Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman görnüşde gaýtadan dikeltmekde möhüm ähmiýetli işlerdir.
Milli Liderimiz ulag-üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça halkara hukuk gurallary bolup hyzmat etjek möhüm başlangyçlary öňe sürüp, olaryň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidilmeginiň möhümdigini nygtamak bilen, iş ýüzünde anyk hereketleri durmuşa geçirýär. Durnukly ulag ulgamy boýunça 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», Baş Assambleýanyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň üçüsiniň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilmegi ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň dünýä derejesindäki ykraryny alamatlandyrýar. Şeýle hem ol Türkmenistanyň mundan beýläk-de halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň gatnaşmagyny, ulag pudagynda ählumumy derejedäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşmagyny şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiz geçen, 2020-nji ýylyň dowamynda onlaýn görnüşde gatnaşan halkara maslahatlarynyň we forumlarynyň ählisinde hem ulag ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça täze teklipleri dünýä bileleşiginiň dykgatyna ýetirdi. Ýurdumyzyň bu ugurdaky halkara işini yzygiderli dowam etdirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji mejlisinde-de anyk başlangyçlary öňe sürendigini aýtmak gerek. Hususan-da, Türkmenistan adatdan daşary ýagdaýlar döwründe durnukly halkara ulag gatnawyny üpjün etmek meselelerine köptaraplaýyn garamak hakynda çagyryş bilen çykyş edip, degişli Kararnamanyň taslamasyny işläp taýýarlady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýylda Türkmenistanda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegi teklip etdi. Bularyň ählisi bolsa dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine görnetin täsirini ýetirýän ulag ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň täze çemeleşmelerini kemala getirmekde hukuk binýady bolup hyzmat edýär.
Aýgül RAHYMOWA,
«Nesil».