Ady aýdym Aşgabat

Aşgabat — yzygiderli özgerip duran sungat eseri. Hut şonuň üçin hem gözel Aşgabadymyz barada söz açylanda, bada-bat Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň:
— Märekeli, myhmanlydyr ojagyň,
Elwan güller gelişigi gujagyň,
Ak şäherim, ah, ajabym, ajabym,
Bezeneňde bezenýärin, Aşgabat! —

diýen ajaýyp setirleri seriňe gelýär. «Aşyklaryň şäheri» diýlip şirin owazlarda waspy ýetirilen gözel paýtagtymyzyň, hakykatdan-da, ady hem, özi hem ajaýyp aýdymy, sungat eserini ýada salýar. Onuň serhowuzly seýilgählerinden başlap, her bir köçesi, her bir binasy aýratyn sungat eserinde waspy ýetirilmäge mynasyp. Bu aýdanlarymyza göz ýetirmek üçin bolsa paýtagtymyzyň islendik künjegine baryp görmek ýeterlik.
Daşary ýurtly myhmanlar bu topraga ilkinji gadam basan pursatyndan, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza, nesillere peşgeşi bolan ajaýyp Halkara howa menziliniň ak laçynly görkana keşbinden başlap haýran galýarlar. Olar gözelliklerden, ýatdan çykmajak pursatlardan doly, ertekileri ýatladýan ýakymly wakalaryň gujagyna dolýarlar. Täsin pursatlardan soň bolsa olarda: «Aşgabat — ajaýyp zamanada ýaşaýan halkyň söýgüsinden, ýurduň milli Lideriniň paýhasyndan dörän şäher» diýen buýsançly düşünje kemala gelýär. Şeýdibem dünýä ýüzünde «Aşgabat söýgüden kemala gelen şäher» diýen jümle öz ýörişini dowam etdirýär.
Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan kemal tapan gözel paýtagtymyz özboluşly binagärlik aýratynlyklary bilen göreni haýrana goýýar. Aşgabadyň täsin binagärlik çözgütlerine eýe bolan özboluşly desgalarynyň birnäçesiniň Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Onuň binalarynyň, seýilgähleriniň... üsti ýylyň-ýylyna täzeleri bilen doldurylyp durulýar. Yzygiderli özgerýän bu sungat eserini döredýän Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 26-njy ýanwarynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň, onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň we Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň barşynda aýdanlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň toýlanylýan ýylynda ildeşlerimize ajaýyp sowgatlaryň garaşýandygynyň buşluknamasy boldy. Milli Liderimiziň teklibi bilen «Laçyn» diýlip atlandyryljak paýtagtymyzyň Halkara howa menziline çenli uzalyp gidýän ajaýyp seýilgäh, nesip bolsa, ýakyn günlerde aşgabatlylaryň we onuň myhmanlarynyň oňaýly dynç alýan ýerine öwrüler.
Paýtagtymyzyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda 3 we 4 otagly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň alnyp barlyşy bilen tanyşlygynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna gabat gelen paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli 140 hojalygyň täze öýlerde jaý toýuny toýlamagynyň olar üçin hakyky toý sowgady boljakdygy barada aýdanlary ýüreklerimizi Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerinden pürepürledi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri — günlerimiziň toý-baýramlara, şanly ösüşlere beslenýän döwri. Bu baýramlaryň her biri bolsa halkymyzyň ykdysadyýetde, medeniýetde, sungatda... ýeten belent sepgitleri bilen baglanyşyklydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen alabaý itleriniň baýramyny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyryp geçirilmeginiň, baýramçylyk gününde alabaý itleriniň gözellik bäsleşiginiň, degişli päsgelçiliklerden geçmek boýunça ýaryşlarynyň guralmagynyň, gözellik bäsleşiginiň jemi boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen derejäniň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdanlary-da halkymyzyň ruhy-medeni ýörelgelerine goýulýan sarpanyň uludygyny görkezýär.
Milli Liderimiziň taryhyň dowamynda Aşgabady wasp edýän birnäçe sungat eserleriniň döredilendigi, Myrat Sadykowyň Aşgabady wasp edýän aýdymynyň köp nesilleriň ýadyndadygy, häzirki döwürde hem A.Garýagdyýew, S.Orazberdiýew, P.Amandurdyýew we beýleki bagşy-sazandalaryň şeýle aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýändikleri barada belläp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşiginiň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdanlary bolsa biz sungat işgärleriniň göwnüni ganatlandyrdy.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik paýhasy, il-gününe, eziz Watanymyza söýgüsi netijesinde dünýäniň merjen şäherine öwrülen Aşgabat mundan beýläk-de güllesin, gül açsyn!
Ajaýyp zamanamyzda her birimiziň şirin aýdym deý ýakymly, sungat eseri deý owadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz üçin yzygiderli tagallalar edýän, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi bilen halkymyzy öňe sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun.
Ogulgerek DURDYNIÝAZOWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy.