Dogana gadyr bar, dostluga — sarpa

Halkymyzyň gadymyýetden gözbaşly we ýurduň asudalygyny, parahatçylygyny, döwletiň berkararlygyny, ilatyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen ýörelgeleri hemişe rowaçlyga eýe bolupdyr. Asylly maksady nazarlaýan şol ynsanperwer ýörelgeler nesilden-nesle, asyrdan-asyra geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Häzirki wagtda bu ýörelgeler ynsanlaryň, halklaryň biri-birine ýakynlaşmagynda, dostlaşmagynda, doganlaşmagynda, ýurtlaryň dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemeginde möhüm ähmiýete eýe bolýar. «Arkalaşan dag aşar» diýlişi ýaly, arkalaşyk ösüşe ýardam berýär.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halky agzybirlige, dostluga, doganlyga aýratyn sarpa goýýar. Muňa halkyň paýhas çeşmesiniň dürdänelerine nazar aýlanymyzda-da, olaryň many-mazmunyny tirenimizde-de aýdyň göz ýetirýäris. Olarda beýleki ynsanperwer, asylly häsiýetler bilen birlikde abadan, asuda, bagtyýar durmuşy, parahatçylygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan hem-de ilkinji zerurlyk hasaplanylýan agzybirlik, dostluk, doganlyk, arkalaşyk, özara sylanyşyk ündelýär. Şeýle asylly we ynsanperwer häsiýetleri ruhy-medeni gymmatlyklar arkaly ündeýän halkymyzyň özünde şol häsiýetleriň jemlenendigi mälim, aýan hakykat.
Täze taryhy eýýamda, diňe bir ýurduň içinde däl, eýsem sebitde, tutuş dünýäde gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýe bolan döwründe gürrüňi edilýän ynsanperwer ýörelgeler has-da möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi bu ýörelgeler, ilkinji nobatda, adamlaryň arasynda bolşy ýaly, halklaryň, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarda-da ynanyşmaga, birek-birege hormat goýmaga esaslanýar. Munuň özi bu ýörelgeleriň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ähmiýetini, derwaýyslygyny aýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň senaly sözleri bilen aýdanymyzda, hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri Türkmenistanyň alyp barýan halkara işiniň esasyny düzýär. Biz muňa “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar bilen geçýän 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda türkmen — owgan hyzmatdaşlygynyň täze ugurlarynyň açylmagynyň, ýagny halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmeginiň dabaralarynyň mysalynda ýene-de bir gezek aýdyň göz ýetirdik.
Şu ýylyň ilkinji aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerini, Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul edende parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini goldanýan Türkmenistanyň bu ýurtlar bilen döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi dabaralandy.
Dünýäniň beýleki döwletleri, şol sanda goňşy ýurtlar bilen bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan strategik hyzmatdaşy bolan Koreýa Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy bilen däbe öwrülen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly üns we möhüm ähmiýet berýär. Özara hormat goýmaga esaslanýan şeýle gatnaşyklar diňe bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda däl, eýsem iri halkara taslamalary durmuşa geçirmekde hem ähmiýetlidir. Muny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul edende döwletara serhetler açylansoň we ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygy geçirmek üçin amatly şertler emele gelensoň bu dostlukly ýurda jogap saparyny amala aşyrjakdygyny aýtmagy hem tassyklaýar. Watanymyzyň paýtagtynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama dabaraly ýagdaýda gol çekilmegi bu iki doganlyk ýurduň energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyry alamatlandyrýan möhüm waka boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biz ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegi ugrunda halkara giňişlikde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýäris” diýip belleýär.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda bu hyzmatdaşlygyň oňyn netije berýändigini bellemek gerek. Sport — parahatçylygyň ilçisi. Nesip bolsa, şu ýyl paýtagtymyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlary, şeýle hem beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli medeni çäreler muny ýene-de bir gezek aýan eder. Türkmenistanyň iri halkara ýaryşlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge ukyply döwletdigini, parahatçylygyň rowaçlanýan Watanydygyny dabaralandyrar.
Bu halkara çärelerine gelen daşary ýurtly myhmanlar ak şäherimiz Aşgabadyň gözel ýerleri, halkymyzyň myhmansöýerlik, dostluk, doganlyk ýörelgeleri, ajaýyp däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar, şeýle hem bu halkara çäreler halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna ýardam eder. Bu bolsa Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da artmagyny şertlendirýär.
Hawa, milli Liderimiziň “Açyk gapylar” syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan parahatçylyk, hoşniýetlilik, döredijilik ýörelgelerini öňe sürüp, umumadamzat bähbitli wajyp wezipeleriň üstünlikli çözülmegine saldamly goşant goşýar.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideoduşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Şol wideomaslahatlarda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar.
Elbetde, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklaryň onlaýn görnüşinde geçirilmegi innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly amala aşyrylýar. Ine, şunuň özi hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ulgama geçmek işine giň gerim bermek, ähli pudaklarda sanly ulgamy, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, bu ugurdan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny nygtamak, muňa ýakyndan ýardam bermek bilen öňde goýýan wezipesiniň ähmiýetini, belent maksadyny aýan edýär.
Halkyň asylly ýörelgesinde dost-doganlyk gatnaşyklary esasy orunda durýar. Asylly ýörelgeler rowaçlandyrylýan, doganlyga gadyr, dostluga sarpa goýulýan ýurdumyzda milli Liderimiziň “Açyk gapylar” syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylmagy bilen beýleki halklar türkmeni dogan saýýar, Türkmenistany dostluk mekany hökmünde ykrar edýär.
Dogana gadyr, dostluga sarpa goýulýan, dostluk bagy gülleýän, dostlukly ýurtlaryň sungat ussatlarynyň aýdym-sazlary, dostluk mukamlary belent ýaňlanýan ýurda hemişe rowaçlyk, üstünlik ýardyr. Biz şeýle ýurduň öz eziz Watanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistandygyna buýsanýarys. Bu buýsanç biziň Watanymyza söýgimizi artdyrýar, milli mertebämizi belende göterýär.
Tirkeş MÄMMEDOW,
«Mugallymlar gazeti».