Edep bir täçdir

Ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biri onuň edebidir. Ata-ene perzentlerini terbiýeli, süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, Watana wepaly, zähmetsöýer, ar-namysly edip ýetişdirmek üçin uly alada edýär. Bu geçmişde-de şeýle bolupdyr. Nusgawy edebiýatymyza ser salanymyzda, olaryň ençemesiniň öwüt-ündew äheňlidiginden çen tutsaň, munuň şeýledigine aňryýany bilen göz ýetirýärsiň. Olardan miras galan bu asylly gymmatlyklarymyz häzirki bagtyýar döwrümiziň buýsançly, gujurly, asylly ýaşlaryna ýol görkezijidir. Bu mukaddes ýörelgede sagdyn jemgyýet, kämil döwlet, abadan ojak bitewüligi jemlenýär. Edep-ekram, arassa ahlaklylyk maşgalanyň berkliginiň görkezijisi bolupdyr. Terbiýeli, sagdyn ruhly maşgala bolsa, jemgyýetiň, döwletiň daýanjy bolup durýar.
Näme üçindir, edep-ekram hakynda söz açanymyzda, ilki bilen, Aý ýüzli, şirin sözli zenanlarymyz göz öňüne gelýär. Türkmen zenanlarynyň ajaýyp keşbi asyrlarboýy halkymyzyň aýawly garaýan mukaddesligi bolup gelipdir. Olar taryhyň ähli döwürlerinde-de özleriniň asyllylygy, mähribanlygy, maşgalasyna wepalylygy, eliniň çeperligi bilen saýlanypdyrlar. Olar gerek ýerinde erkekler bilen deň durup, ata Watany, ene topragy, milletiň ar-namysyny goramakda gaýduwsyzlyk görkezipdirler. «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eserlerimizde zenan akylynyň, paýhasynyň, wepalylygynyň ajaýyp nusgasyna göz ýetirmek bolýar. «Gorkut ata» eposyndaky ene duýgusy, ene söýgüsi bilen oglunyň ýagdaýyny syzan we ene süýdüniň keramaty bilen ogluny ölümden halas eden Burla hatyny, zalym Kiri dyza çökeren Tumary, Togrul bege hemişe hemaýatly sözleri, paýhasy bilen ýardam eden Altynjan hatyny, meşhur «Görogly» şadessanyndaky Aýsoltany, boljak-geljegi Görogla duýduryp oturan Agaýunusy taryhy we edebi şahslar hasaplamak bolar. Bulardan başga-da, maşgala ojagynyň abat, asuda bolmagynda zenan akyly, zenan paýhasy ertekilerdir rowaýatlara siňip, terbiýeçilik mekdebine öwrülen gahrymanlaryň keşbi hem edep-terbiýäniň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýandygyny görkezýär.
Ata-babalarymyz «Ata sözi hikmet, ene sözi rehmet», «Gyz edebi — il edebi», «Edep zenan üçin geýim ýalydyr», «Edep bir täçdir», Enäniň mähri — zor, terbiýesi — zer», «Edenli gelin ojaga — şeker, edebi ýüregiňe nur bolup çöker», «Asuda maşgalaň gelni edepli, ol ojagyň duzy-tagamy datly», «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen — tagt» ýaly pähimli sözleriň üsti bilen zenanlaryň maşgaladaky, jemgyýetdäki ornunyň uludygyny, olaryň adamzadyň dowamatyny dowam etdiriji mähribanlardygyny beýan edipdirler. Şunuň ýaly dana pähimler nesillerimiziň terbiýesinde hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Ynsan bir daragt bolsa, perzent — onuň miwesi. Ata-eneleriň arzuwlarynyň naýbaşysy bolsa, çagasynyň edepli-terbiýeli bolup, iliň ýagşysyny ýaran edinmegidir.
Agaçlaryň kökden boý alşy ýaly, nesillerem öz ata-enesiniň ýol-ýörelgelerinden ugur alýar. Oglan çaga köplenç atanyň edenini gaýtalasa, gyz enäniň hereketlerini häsiýetine geçirýär. Şonuň üçin enä uly borç düşýär. Kişi maşgalasy bolansoň, enelerimiz gyzlaryny baran ýerlerinde bir hojalygyň işini alyp gider ýaly terbiýeleýärler. Eneler ilki bilen gyzlaryna üst-başlaryna, boý-syratlarydyr şamar saçlaryna timar bermegi öwredýärler, beden saglygyny we tämizligini saklamagy ündeýärler. Ýagşy edep-terbiýe alan gyzlar säher bilen örüp, öýleriniň içini-daşyny syryp-süpürip, gül pürkülen ýaly edýärler. Şeýle öýlere gireniňde, ilki bilen, öý-goşlarynyň ýerbe-ýerligi, gap-gaçlarynyň arassalygy gözüňe ilýär. Soňra gyz maşgalanyň yhlasyny siňdirip, bişiren naharyndan dadyp, geljekde onuň baran öýüni mähri, yhlasy bilen gurşajakdygyna ynanýarsyň. Şeýle işjanly gyzy ogluňa gelin edinip, öz öýüňden örmegini islärsiň.
Şu ýerde ýene bir zady aýratyn belläsim gelýär. Zenan maşgalanyň hormata-sylaga mynasypdygy onuň görküne bagly däldir. Sypaýy hereketleri, asyllylygy, gymmat bahaly däl-de, sada geýinmegi, mylaýymlygy onuň gözelligine gözellik goşýar. Çaga wagtymda mamam bilen bolup geçen bir wakany ýatlasym gelýär. Doganlarymyň hemmesinden garaýagyz bolamsoň, özümi görmeksiz hasaplardym. Bir gün mamam bize gezmäge geldi. Hemmämiz begenişip, ylgaşyp çykdyk. Mamam ýeke-ýeke agtyklarynyň adyny tutup başlady: «Buýralyjam, saryjam, owadanjam, derek boýlujam», maňa gezek gelende: «Garajam» diýip bagryna basdy. Ine, saňa gerek bolsa, öňem janym ýanyp ýören halyma, «Men näme üçin, ala-böle kakam ýaly garaýagyz bolupdyryn» diýip aglamaga başladym. Şonda mamam: «Wah, çagam, reňkiň sähel üýtgäni bilen, görmeksiz bolaňok. Bir zady bek bellegin, daşky gözelligiň hiç zady aňladanok, esasy zat, ynsanyň içki gözelligi bolmalydyr» diýdi. Şol barmana-da, kakamdan bir zat soramak maksady bilen, goňşymyzyň ýaşulusy ardynjyrady-da, gapydan girdi. Mamam öýe gelensoň, uly gyňajyny aýryp, kiçi ýaglykda otyrdy. Goňşy salam berenden, derrew uly gyňajyna ýapyşyp, ýaşmagyny ýaşyndy. Ýaşy birçene baran mamamyň bu hereketlerine hezil edip gülüşdik. Goňşymyz kakamdan gerekli zadyny alyp gidensoň, onuň näme üçin beýle edenini soradyk.
Ol bize: «Agzyňa ýaşmak alyp, ýaşuly adamy sylamaklyk, hem-ä ula goýulýan hormat, hemem zenanyň öz mertebesini goramagydyr» diýdi-de, bize ýene durmuşda gerek bolan maslahatyny berdi oturyberdi.
Hawa, şeýle bir nusgalyk enelerimiz bar, olaryň çaga terbiýesine berýän ünsi akylyňy haýran edýär. Mukaddeslige deňelýän eneler agzybirligiň açarydyr. Olaryň her bir sözi, ädýän ädimi, hereketi ýaşlar üçin mekdepdir. Sawçylyga baryljak bolnanda-da, ilki bilen, «Pylanynyň gyzynyň edep-terbiýesi ýetikdir» diýlip, onuň ejesiniň durmuşdaky orny göz öňünde tutulýar. Şonda ýene-de bir gezek ene terbiýesiniň, ene göreldesiniň ähmiýetiniň biçak uludygyna göz ýetirýärsiň.
Hormatly Prezidentimiz ýaşlar barada edýän her bir çykyşynda ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlary, türkmençilik ýoluny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmegiň wajypdygyny nygtap, ýaşlary terbiýelemekde şu ýörelgelerden giňden peýdalanylmalydygyny aýdýar. Ýaşlarymyzyň ertirki gün durmuşda mynasyp orunlaryny tapyp, çeper elli, süýji dilli, sagdyn synaly, milli ruhda terbiýelenen asylly ynsanlar bolup ýetişmegi bagtyýarlykdan nyşandyr. Şonuň üçinem bagtyýar döwrümiziň bagtly ýaşlary turuwbaşdan türkmeniň süňňüne siňen ajaýyp häsiýetleriň, ýagşydan-ýagşy edim-gylymlaryň ählisini aňlaryna siňdirmegi başarmalydyrlar.
Leýli GURBANOWA,
"Nesil".