Ak şäheriň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen günsaýyn gözel keşbe eýe bolýan ak şäherimiz Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň iri, has ösen we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hatarynda mynasyp orun aldy. Ýer ýüzünde ak mermerli binalaryň şäheri hökmünde giňden tanalýan paýtagtymyzda gurulýan desgalaryň her biri gaýtalanmajak sungat eseri hasaplanýar. Munuň şeýledigine Aşgabadyň birnäçe desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun alandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiziň ýurdumyzyň paýtagtyny dünýäniň döwrebap we ösen şäherleriniň hataryna çykarmak ugrunda sanlyja ýylyň içinde ägirt uly işleri amala aşyrandygyny aýratyn bellemek gerek. Geçen sanlyja ýyllaryň içinde Aşgabatda iri binagärlik taslamalarynyň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirildi. Muňa mysal edip paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji, 15-nji we 16-njy tapgyrlarynyň çäginde gurlan desgalary, Parahat 7, Çoganly ýaşaýyş toplumlaryny görkezmek bolar.
Golaýda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyza amala aşyran nobatdaky iş saparynyň çäklerinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy bilen gabat gelýändigini, onuň giňden baýram ediljekdigini belledi. Beýik ösüşlere beslenýän üstümizdäki ýylda hem halkymyzyň erkana, eşretli ýaşaýşyny üpjün edýän desgalaryň ençemesi gurlup ulanylmaga berler. Buýsanç bilen bellemeli zat, ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalarynda ilki bilen halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy göz öňünde tutulýar. Şeýle beýik işleriň ählisi «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugruna öwrülip, Gün şuglaly paýtagtymyzyň nurana keşbinde hem özüniň aýdyň beýanyny tapýar.
Goý, ata Watanymyzy, ak mermerli paýtagtymyzy ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
Gülälek ANNAGELDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.