Ädimme-ädim sanly geljege tarap

Häzirki zaman dünýäsinde sekuntsaýyn bolup geçýän ösüş-özgerişler adamzat durmuşyny ählitaraplaýyn gurşap alýar. XXI asyryň häsiýetli aýratynlygy bolan maglumat tehnologiýalarydyr sanly gurluşlar gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Hyzmatlar ulgamyndan başlap, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar wagty tygşytlamaga, zähmet öndürijiligini artdyrmaga, işleri ýeňilleşdirip, onuň hilini ýokarlandyrmaga, täze önümçilikleri döretmäge, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, dünýä ýurtlary öz ösüşiniň täze tapgyrynda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy möhüm ugur hökmünde kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklamagy bu babatda tapgyrlaýyn işleri amala aşyrmaga badalga boldy. Tapgyrma-tapgyr ýola goýulýan işleriň çäginde bu gün türkmenistanlylar gündelik durmuşynda, her ädimde sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden we artykmaçlyklaryndan peýdalanýarlar. Biz bu makalamyzda onuň diňe bir ugry — neşirýat-çaphana işiniň sanlylaşdyrylyşy dogrusynda söhbet etmekçi.
Poligrafiýa önümleri hemme ýerde duş gelýär: habardyr täzelikleri gyzgyny bilen köpçülige ýetirýän gazet-žurnallar, kitaplardyr okuw gollanmalary, çeper eserler çap edilende, bukletlerdir broşýuralar, mahabat önümleri, dürli görnüşli sowgatlyk gutular taýýarlananda, biz onuň mümkinçiliklerinden ýygy-ýygydan peýdalanýarys. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň neşirýat-çaphana ulgamy önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde düýpli özgerişlikleri başdan geçirýär. Metbugat öýi toplumynda öňdebaryjy sanly tehnologiýalardyr programmalaryň ornaşdyrylmagy poligrafiýa işiniň ýokary hil derejesini hem-de bellenilen möhletinde ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Neşir işinde bu ugurda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan «Prinect», «ASystem», «ASystemTouch» programmalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işine elektron resminamalar dolanyşygynyň girizilmegi, okyjylary habardyr täzelikler bilen dessin habarly etmek üçin elektron saýtlaryň döredilmegi we onlaýn abunanyň ýola goýulmagy ulgamyň işini sanlylaşdyrmakda gazanylan oňyn netijelerdir.
Belli bolşy ýaly, Metbugat öýi toplumynda ulanylýan «Prinect» programmasy neşir işine gözegçiligi amala aşyrmaga, özüne birikdirilen islendik enjamdan ýerine ýetirilen tabşyryklar, ulanylan materiallar, şekilleriň sany barada maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Ol neşir işine başlamazdan ozal, çap etmegiň barşynda we ol tamamlananda ulanylýan serişdeleri hem-de ýerine ýetirilýän işleri bitewi görnüşde birleşdirip, önümçiligi dolandyrýar. Bu programma arkaly çap etmekden öňki işleriň bitewi ulgama salynmagy bolsa müşderiniň sargydyny almakdan başlap, işiň ähli tapgyrlaryny awtomatlaşdyrmaga we maglumatlary gaýtadan işläp taýýarlamagyň depginini ýokarlandyrmaga şert döredýär, şeýle-de enjamy çap işine taýýarlamagyň wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär, ýagny sargyt baradaky maglumatlary, çap edilen sahypanyň makedini dolandyryş panelinde görkezýär, syýa zolaklaryny belleýär we sazlaýar, çap etmegiň ähli tapgyryndaky maglumatlary ýatda saklaýar hem-de indiki tabşyryga geçilendäki iş wagtyny azaldýar. Meselem, bir gijäniň dowamynda 10 töweregi gazetiň çap edilip, ýetişdirilmegini göz öňünde tutanyňda, onuň näderejede ähmiýetlidigi öz-özünden düşnüklidir.
«ASystem» programma üpjünçiligi bolsa poligrafiýa önümçiligini dolandyrýan ulgam bolup, iş ýüzünde sargytlary hasaba almak, tabşyrygy meýilleşdirmek, wagty we deslapky sargytlary hasaplamak, önümçilik we täjirçilik resminamalaryny taýýarlamak, şeýle hem bar bolan gorlary meýilleşdirmek, önümçilik-buhgalteriýa maglumatlaryny ýygnamak, kagyzlaryň, materiallaryň, taýýar önümleriň ammar hasaby ýaly resminamalaryň elektron dolanyşygyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Önümçilik bölüminde sargyt alnandan we ilkinji maglumatlar tablisa girizilenden soň, zerur materiallar deslapdan hasaplanylýar we sargyt önümçiligine gatnaşýan material ammarlarynyň müdirleriniň we önümçilik ýolbaşçylarynyň kompýuterlerine gelip gowuşýan sargytlar taýýarlanylýar. Şeýlelikde, resminamalary kagyz görnüşinde doldurmak we soňlugy bilen olary önümçilik zynjyryna geçirmek zerurlygy aradan aýrylýar. Toplumda bölümler boýunça material gorlaryna edilen çykdajylaryň hasabatlary hem awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Indi ähli resminamalary ýygnamak we hasabat taýýarlamak zerurlygy ýok, ähli işler sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýär. Alnan materiallar saýlanyp, taýýar görnüşe girizilenden soň, hasabatlar dessine buhgalteriýa bölümine iberilýär.
Metbugat öýi toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen ornaşdyrylan ulgamlaryň ýene biri — «ASystemTouch» poligrafiýa önümçiligindäki sargyt baradaky maglumatlary iş amala aşyrylyp duran wagty hasaba almaga niýetlenendir. Bu ulgamy işe ornaşdyrmak maksady bilen, önümçilik ýerlerinde işgäriň şahsy kartyny okamak üçin skanerli sensor ekranlar oturdylan. Ekranda hünärmeniň şahsy karty açylýar we onda işgäriň işe gelmegi, sargyt saýlamagy, ýerine ýetiren işleri, iş wagty, abatlaýyş işleri we şuňa meňzeş ähli hereketleri bellige alynýar. Bularyň ählisi bolsa önümçilik işiniň ýerine ýetirilişine onlaýn usulda gözegçilik etmäge ýardam berýär. Sanly çap ediş ulgamy arkaly neşir önümlerini tiz çap edýän bölümde bolsa gysga wagtyň dowamynda bir nusgadan durýan, şeýle hem az sanly nusgadaky we Braýl elipbiýi usulyndaky kitaplardyr beýleki poligrafiýa önümlerini çap etmäge mümkinçilik bar.
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işine geçen ýylyň ahyryndan ornaşdyrylyp başlanan elektron resminama dolanyşygy ulgamy, öz gezeginde, kagyz resminamalaryň möçberini azaltmaga, çap etmek we olary ugratmak bilen bagly sarp edilýän serişdeleri tygşytlamaga, işleri awtomatlaşdyrylan usulda ýola goýmaga zerur şertleri döredýär. Şunda gelip gowşan we iberilen resminamalar elektron bukjalarda saklanýar hem-de olary aňsatlyk bilen tapmak üçin degişli funksiýalar girizilýär. Elektron resminama dolanyşygy arkaly kabul edilen hem-de iberilen resminamalaryň alnan we gol çekilen wagty ulgamda hasaba alynýar. Wideomaslahatlary geçirmek üçin ornaşdyrylan ulgam bolsa diňe bir daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaga däl, eýsem, gullugyň içinde-de iş wagtyny netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Sanlylaşdyrmak işi häzirki zaman dünýäsinde ösüşiň esasy görkezijisi bolmak bilen, halkara maglumatlar giňişligine aralaşmagyň hem ygtybarly ýoly hasaplanýar. Şu maksat bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmak boýunça tapgyrlaýyn amala aşyrylýan işler bu gün mynasyp netijelerini berýär. 2019-njy ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň metbugat.gov.tm internet saýtynyň döredilmegi bu ugurda ilkinji tejribe boldy. Bu saýtda ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallaryň 30-dan gowragynyň PDF nusgalary bilen tanyşmaga hem-de olary ýükläp almaga mümkinçilik bar. Şeýle hem gündelik çapdan çykan neşirlerdäki habardyr makalalaryň arasynda iň gyzyklylary metbugat.gov.tm saýtynda ýerleşdirilýär. Bu saýtyň okyjylary gullugyň düzümine girýän çaphanalaryň hödürleýän hyzmatlary bilen hem tanşyp bilýärler.
2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenmetbugat» internet neşiriniň maglumatlar giňişligine çykarylmagy bolsa ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallary elektron görnüşde köpçülige elýeterli etmek hem-de olaryň onlaýn abunasyny ýola goýmak boýunça täzeçe çemeleşmelere badalga berdi. Indi okyjylar «Play Market» ýa-da «App Store» internet dükanlaryndan «Türkmenmetbugat» mobil goşundysyny telefondyr planşetine, kompýuterine ýükläp, onlaýn abuna ýazylmak arkaly, islän wagty, islän ýerinde täzeliklerdir habarlar bilen tanşyp bilýärler. Özi-de birbada 26 sany gazet-žurnal hem elektron, hem PDF görnüşde hemmä elýeterli! Gazetdir-žurnallar çapdan çykyp, okyjylara gowuşýança, bu mobil goşundy arkaly islendik neşiri ýükläp alyp, täzelikler bilen dessin tanyşmak, şeýlelikde, hem wagtyňy, hem serişdäňi tygşytlamak mümkin. Munuň özi habardyr maglumatlaryň minutsaýyn däl, hatda sekuntsaýyn Ýer ýüzüniň islendik künjegine ýaýraýan «maglumatlar asyrynda» ýurdumyzyň ösüş-özgerişleri, ýeten we ýetýän sepgitleri hakynda dünýä jemgyýetçiliginiň habarlylygyny artdyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen baryp 2015-nji ýylda Metbugat öýi toplumy açylyp, ulanmaga berlende, pudagyň işine şeýle öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň neşirýat-çaphana ulgamyny ösdürmek boýunça tagallalaryň uzak geljegi nazarlaýandygyndan habar berýär. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki zamanyň iň ösen tehnikalarydyr enjamlarynyň satyn alynmagy toplumyň kuwwatlylygyny birnäçe esse artdyrmaga ýardam berdi. Sanly tehnologiýalaryň ähli ulgamlaryň işine barha çalt ornaşmagy ýokarda agzalan tehnologiýalaryň arzysyny has-da artdyrýar. Biziň bu sananlarymyz diňe neşirýat-çaphana işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlerden mysallaryň käbiri. Milli Liderimiz tarapyndan tassyklanan sanly ykdysady konsepsiýa laýyklykda, bu ugurdaky işler durmuşymyzyň ähli ulgamlaryna barha giňden ornaşýar. Döwür bilen aýakdaş gitmegiň, dünýäniň syýasy, ykdysady, tehnologiýalar we maglumatlar giňişligine ynamly goşulyşmagyň anyk-aýdyň maksatlary, ine, şu hili başlangyçlardan myrat tapýar.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.