Täze maksatnama — täze wezipeler

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda aýratyn ähmiýetli wakalaryň biri boldy.
Bu maksatnama ýurdumyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döretmekde, ýaşlaryň tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarmagyny üpjün etmekde, olara döwrebap hünärleri ele almaga, kompýuter we maglumat ulgamyny, sanly innowasion tehnologiýalary özleşdirmäge ýardam bermekde täzeçil çemeleşmeleri özünde jemleýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde uly üns berilýär. Olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, ýokary hilli bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaş raýatlarymyz täze iş orunlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Ýaşlar syýasaty boýunça geljek bäş ýyl üçin niýetlenen maksatnamada ýaş telekeçileriň kemala gelmegine ýakyndan ýardam bermek, obalardaky orta mekdepleri we mekdebe çenli çagalar edaralaryny döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek we ýaş maşgalalary goldamak ýaly wezipelere aýratyn orun berilmegi hem munuň şeýledigini dolulygyna tassyklaýar.
«Diňe umumadamzat we milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryna çuňňur sarpa goýýan, täze bilimlere ymtylýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bilen, biz geljegimize ynamly seredip bileris» diýýän milli Liderimiziň ýurdumyzyň ýaş raýatlaryny goldamak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri biz — ýaşlary täze üstünliklere, belent maksatlara ruhlandyrýar.
Göwher KERIMOWA,
Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyby.