Baglarynda bilbilleri saýraýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merjen paýtagtymyz Aşgabat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde gün-günden gözelleşýär. Milli Liderimiz Diýarymyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak bilen bir hatarda, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrýar. Bagy-bossanlyga bürenen gözel paýtagtymyz binagärlik sungatyna eýe bolýar. Ak mermerli gözel paýtagtymyz Aşgabadyň görki günsaýyn owadanlaşýar. Ýaşaýyş jaý we jemgyýetçilik gurluşygynyň uly gerimi, ilatyň medeni derejesiniň ýokarlanmagy halkyň çeperçilik däpleriniň ornunyň artmagyna ýardam edýär. Gün-günden rowaçlanýan, täze sepgitleriň eýelenýän döwründe gazanylýan netijeler Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň binagärlik ulgamynyň milli ýörelgeler bilen döwrüň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagynda sazlaşykly ösdürilýändiginden hem-de bu ösüşleriň bolsa ýurdumyzyň halkynyň ertiriniň eşretli boljakdygyndan habar berýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyrmagy halk hojalygy toplumynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň hemişe üns merkezinde saklanýandygynyň mysaly bolup durýar. Şeýle hem, ol Aşgabadyň abadanlaşdyrylmagy we şäher gurşawynda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde alabaý itleriniň taryhyna, olary idetmegiň milli ýörelgelerine degişli maglumatlary içgin öwrenmek we milli itşynaslyk düzümini ösdürmek işlerine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady. Muňa mysal hökmünde, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda ýörite desgalar toplumynyň gurulýandygyny görkezmek bolar. Köpetdagyň eteginiň gözel künjekleriniň birinde gurulýan bu toplum amatly giňişlikde ýerleşmek bilen, häzirki döwrüň talabyna we alabaý itleriniň tebigatyna kybap gelýär.
Gözel paýtagtymyzyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp desgalary az däl. Bu bolsa ak mermerli şäherimizi ösdürmekde gazanan ägirt uly üstünliklerimiziň dünýä derejesinde ykrar edilendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, Garaşsyz Türkmenistanyň gözel paýtagtynyň dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi ýöne ýere däldir.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, paýtagtymyzyň eteginde nusgalyk obalaryň döredilmegi, olaryň bagy-bossanlyga bürelmegi, bu gurşawda tokaý zolaklarynyň giňeldilmegi howanyň ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Şeýle hem, bu ugurda alnyp barylýan işler, agaç nahallarynyň köpçülikleýin oturdylmagy, seýilgähleriň emele gelmegi ilatyň durmuş ulgamynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagynyň möhüm şertidir.
Türkmenistanda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän işlere möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan tebigaty, biologik köpdürlüligi goramaga, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmäge, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga, hem-de çölleşme hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen ekologiýa syýasaty netijeli alnyp barylýar. Şeýle-de, jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmagy, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar.
XIX asyryň ortalarynda hem Köpetdagda uly tokaýlyklar bolupdyr. Bu sebitleriň tebigy ýagdaýy kuwwatly şäherleriň we galalaryň gurulmagyna mümkinçilik beripdir. Syýasy-ykdysady taýdan ösen şäher-galalarda ýaşaýyş gülläp ösüpdir. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belläp geçýär.
Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda kabul edilen kanunçylyk namalarynyň arasynda adamyň amatly, arassa, sagdyn, tebigy gurşawa bolan hukuklaryny amala aşyrmaga gönükdirilen kanunlara möhüm orun berilýär. 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Kanun ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hojalyk we beýleki iş amala aşyrylan mahalynda, ekologiýa howpsuzlygy babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Şeýle hem, adamyň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň möhüm bähbitlerini üpjün etmäge, daşky gurşawa antropogen we tebigy täsiriň netijesinde ýüze çykýan howpdan ony goramaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen paýtagtymyz tapgyrlaýyn esasda ösdürilýär. Bu ugurda gurluşyk işlerine aýratyn üns berilmek bilen, onuň çägi esli giňeldilip, onda medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar toplumy bina edilýär. Onuň aýdyň mysaly hökmünde paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynyň gurulmagyny görkezmek bolar.
Ýurdumyzda ilatyň işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, döwrebap söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly işler hemişe hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar.
Bu gün il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylýan bagtyýarlyk zamanasynda ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen sanlyja ýylyň dowamynda görlüp-eşidilmedik derejede ösdi, özgerdi. Gün-günden rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzyň şu günki durmuşyny synlanyňda bolsa, tüýs ýürekden buýsanýarsyň. Daş-töweregimiziň lälezarlygyna, daşymyzy gurşap alan dünýämiziň gözelligine, beýik binalarymyza, täze keşbe giren obalarymyza, hatda her bir ädimde, her pursatda diýen ýaly bolup geçýän şanly wakalara syn edip, hoş habarlary eşidip, göwnüň göterilýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ak şäherimiz Aşgabady okgunly ösdürmek we abadanlaşdyrmak, iň owadan şähere öwürmek, paýtagtymyzyň ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň şeýledigini «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Şähergurluşyk-binagärlik ulgamynyň kanunçylyk hukuk gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi hem-de binalar, desgalar gurlanda, öňdebaryjy halkara tejribesiniň gazananlarynyň ulanylmagy pudagyň ösmegine oňaýly täsirini ýetirýär. Kanunyň 10-njy maddasynda paýtagtyň çäginde binagärlik, şähergurluşyk we gurluşyk işi paýtagty ösdürmegiň we gurmagyň baş meýilnamasyna, şähergurluşyk dessuryna we resminamalaryna, döwlet şähergurluşyk kada ölçeglerine we düzgünlerine, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýandygy berkidilen.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda önümçilik we medeni-durmuş maksatly örän köp desgalaryň we binalaryň gurulýandygyny, şol sebäpli hem gurluşyk we binagärlik babatda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek, binagärlik işinde ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemäge gönükdirilen kanunlary taýýarlamak möhüm bolup durýandygy barada çykyşlarynda aýratyn nygtaýar. 2017-nji ýylda kabul edilen «Binagärlik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem binagärlik işiniň hukuk, ykdysady syýasaty we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek bilen, ol adamyň ýaşaýşynyň amatly durmuş gurşawyny emele getirmäge hem-de türkmen halkynyň medeni mirasyny aýap saklamaga, şeýle hem jemgyýetiň, döwletiň we raýatyň binagärlik işi babatda bähbitlerini sazlaşykly utgaşmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Umuman, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde beýik binaly, ak mermerli paýtagtymyz sanlyja ýyllaryň içinde Merkezi Aziýanyň hakyky merjenine öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda dowam edýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýändigi biziň hemmämizi ruhlandyrýar we buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň zähmetsöýerligidir, ruhubelentligidir, watansöýüjiligidir hem-de agzybirligidir.
Goý, biziň ata Watanymyzda mundan beýläk-de hemişe toýlar toýa ulaşsyn!
Aziza HANMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.