Welosiped

ulagynyň adam bedenine peýdaly täsiri
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda ýurdumyzda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Dewisiň Kubogyny almak boýunça abraýly halkara ýaryşyň saýlama tapgyry geçiriler. Oňa daşary döwletleriň 40-a golaýyndan türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Welotrek sportunyň ýaryşlary 10 görnüş boýunça geçiriler. Şunda olaryň erkekleriň we zenanlaryň hersiniň arasynda geçiriljekdigini göz öňünde tutanyňda, jemi 20 ýaryş guralar. Bu ýaryşlara taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, hormatly Prezidentimiz 20-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Olimpiýa şaherçesiniň üsti ýapyk Welotrek sport toplumyna baryp gördi, ol yerde türgenler, eminler we janköýerler üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. 
Ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda özüniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen aýratyn  tapawutlanýan bu ulag serişdesi, ilkinji nobatda, adam bedeniniň sagdyn bolmagy üçin ýörite gural bolup hyzmat edýär. Arassa howada welosipedli gezelenç etmegiň adamyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy, fiziki işjeňligiň ýokarlanmagy üçin örän peýdaly hereket bolup durýandygy eýýäm dünýäniň ençeme ýurtlarynda alymlar tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde subut edildi. Ýagny, arassa howada her gün yzygiderli welosiped sürmegiň netijesinde adam bedeninde ýadawlyk, dartgynlylyk, närahatlyk ýaly duýgularyň döremek mümkinçiligi örän pes derejede bolýar. Şeýle hem bedendäki madda çalşygynyň durnukly ýagdaýda saklanmagyna, emele gelen artykmaç ýaglaryň aradan aýrylmagyna getirýär. Ýeri gelende bellesek, welosiped sürlen wagtynda, bedende bolup geçýän fiziki ýagdaýlaryň täsiri sürüp bolanyňdan soň hem 2-3 sagatlap dowam edýär.
Welosiped sürmegiň bahasyna ýetip bolmajak peýdasy bardyr. Çünki ol adamyň pikirleniş ukybynyň ýokarlanmagyna, ýadynyň güýçlenmegine hem-de berkemegine ýardam edýär. Welosipedi dolandyrýan pursadymyzda ýa-da ylganan wagty hereket etmeýän köp sanly myşsalar hem işläp başlaýar. Bedendäki bar bolan ähli kiçijik damarlaryň işe girmegi bilen, öýjüklere gerek bolan kislorod üpjünçiligi kadalaşýar we umumy işjeňlik artyp, beden berkeýär. Esasy belläp geçmeli zatlaryň ýene biri, yzygiderli welosiped sürmek adam bedeniniň Günüň ýiti we göni şöhlesiniň ýetirýän zyýanly täsirlerine bolan garşylyk ukybyny ýokarlandyrýar. Şonuň netijesinde hem adamyň beden öýjüklerindäki bolup geçýän garramak hadysasynyň derejesi pese düşýär. Hut şulary nazara alanymyzda, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagynyň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň öz halkynyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyna, ömür dowamlylygynyň artdyrylmagyna gönükdirilen tagallalarynyň durandygyna has aýdyň göz ýetirmek bolýar.
«Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen şygar bilen türkmen halkyny eşretli geljege alyp barýan milli 
Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt, umumadamzat bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Şöhrat SOPYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.