Täze neşirlerimiz

Türkmenistanda döwlet gurluşy halkymyzyň baý taryhy mirasyna, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýar. Milli Liderimiziň parasatly syýasaty jemgyýetde syýasy durnuklylygy, ýurduň öňe gidýän ykdysady ösüşini we adalatlylyk ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň berk kanunçylyk binýady döredildi. 
Türkmenistanyň Adalat ministrligi hakyndaky Düzgünnama laýyklykda, ministrligiň esasy wezipeleriniň biri neşir etmek işini amala aşyrmakdyr. Şunuň bilen bagly, ýurdumyzyň Adalat ministrligi tarapyndan kabul edilen wagtyndan bäri birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen Türkmenistanyň Zähmet kodeksi we «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň islegleri esasynda kitapça görnüşinde türkmen we rus dillerinde neşir edildi.
Raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmekleri üçin zerur durmuş-hukuk şertlerini we kepilliklerini döretmekden, ykdysady ösüşi gazanmaga, adamlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, zähmet bazarynyň netijeli işlemegini üpjün etmäge, işgärleriň, iş berijileriň, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň arasynda durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen zähmet gatnaşyklaryny, şeýle hem zähmet bilen gös-göni baglanyşykly beýleki gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň esasy wezipeleridir.
Türkmenistanyň Döwlet býujetine alynýan salgytlaryň ulgamyny, salgyt salmagyň umumy ýörelgelerini, salgytlary tölemek boýunça borçlaryň ýüze çykmagynyň (üýtgemegini, bes edilmegini) esaslaryny we ýerine ýetirmegiň tertibini, salgyt töleýjileriň, salgyt edaralarynyň hukuklaryny we borçlaryny, salgyt gözegçileriniň görnüşlerini we usullaryny, Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçiligi, salgyt edaralarynyň çözgütlerinden we olaryň wezipeli adamlarynyň hereketlerinden şikaýat etmek hukugyny bellemek «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň esasy wezipeleridir.
Täze çap edilen Türkmenistanyň Zähmet kodeksini we «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny almaga isleg bildiren halatlarynda, fiziki we ýuridik şahslar «Türkmenkitap» lomaý-bölek birleşigine ýüz tutup bilerler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kodeksleriň, gollanmalaryň neşir edilip, halk köpçüligine ýetirilmegi raýatlaryň hukuk düşünjeliliginiň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Raýatlaryň hukuk düşünjesiniň ýokarlanmagy olaryň hereket edýän hukuk ulgamyna we tejribesine, kabul edilen kanunçylyk namasy boýunça ýüze çykýan hukuklaryna, azatlyklaryna hem-de borçlaryna, jemgyýetde tertip-düzgüni ýola goýmak üçin işlenip düzülýän hukuk kadalaryna göz ýetirmegine itergi berýär. Şeýle-de ilatyň hukuk düşünjeliliginiň ýokary bolmagy olaryň hukuga laýyk özlerini alyp barmaklaryny hem-de kanunçylygy bozmakdan saklanmaklaryny üpjün edýär. Hukuk düşünjeliligi adamlaryň kanuny hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin möhüm şertleriň biri bolup durýar. 
Aýgözel HEZRETOWA, 
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň 
Kanunçylyk müdirliginiň hukuk 
maglumatlary merkezi bölüminiň 
müdiri.