Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna resmi taýdan badalga berildi

BMG-niň we halkara guramalaryň wekilleri dünýä ähmiýetli möhüm wakany mübäreklediler
AŞGABAT, 29-njy ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk hem-de ynanyşmak häzirki wagtda adamzada iňňän zerur bolup durýar, sebäbi biri-biri bilen baglanyşykly bu iki düşünje hyzmatdaşlygyň, ählumumy howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmegiň möhüm şertidir.
Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, netijeli özara gatnaşyklaryň berkidilmegine, sebit hem-de global çäklerde durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilmegine anyk goşant goşýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli bu strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de goldawa eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama olaryň örän möhümdigine şaýatlyk edýär hem-de Bitarap Türkmenistanyň häzirki zaman şertlerinde we geljekki parahatçylyk döredijilik tejribesiniň zerurdygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hem-de ilatdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik birleşmelerinden we syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly teklipleriň esasynda şu ýylyň şygarynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmeginiň düýp manysy hem şu resminama bilen baglanyşyklydyr.
Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabara daşary ýurtly diplomatlar, ýurdumyzda işleýän abraýly halkara guramalaryň wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Şol sanda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky wekili hanym Kristina Weýgand, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa German, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Natalýa Drozd hem-de Mejlisiň deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde wideoaragatnaşyk arkaly BMG-niň, beýleki abraýly sebit hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, ÝUNISEF-niň wekili Kristina Weýgand dabarany açmak bilen, parahatçylygy, durnuklylygy hem-de halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi goldamakda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini, onuň durnukly ösüşiň girewidigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri türkmen tarapynyň adyndan çykyş edip, şu gün resmi taýdan badalga berilýän uly ähmiýetli syýasy waka — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli başlangyja goldaw berendikleri üçin dabara gatnaşyjylara tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan goldanyldy hem-de 2019-njy ýylda degişli Kararnama bilen berkidildi.
Döwlet Baştutanymyz bu teklibi öňe sürmek bilen, onuň anyk häsiýetini aýratyn belledi hem-de halkara bileleşigi kabul edilen resminamany iş ýüzündäki çäreler bilen berkitmäge, ony hakyky işler bilen goldamaga çagyrdy.
Şunda bu başlangyjyň tötänden ýüze çykmandygy hem-de düýpli esaslandyrma eýedigi nygtaldy. Ol halkara ýagdaýy, döwletara gatnaşyklaryň häsiýetini hem-de meýillerini jikme-jik hem-de düýpli seljermegiň netijesinde döredi.
Soňky ýyllarda olaryň häsiýetleriniň käteler ýaramaz ýagdaýlaryň ençemesi arkaly kesgitlenendigini gynanç bilen belläp geçmeli bolýar. Şol ýagdaýlaryň hatarynda harby-syýasy bäsdeşligiň güýçlenmegini, halkara hukugyň äsgerilmezligini we beýlekileri görkezmek bolar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy ähli döwletlere parahatçylygyň ykbaly üçin öz jogapkärçiligini duýmaga, artýan oňşuksyzlygy togtatmaga, häzirki zaman halkara ýagdaýy akylly-başly seljermäge, oňa taryhyň we geljegiň nukdaýnazaryndan täzeden baha bermäge özboluşly çagyryş boldy. Bu çagyryşyň kabul edilendigi hem-de goldanandygy guwandyrýar. Bu gün halkara gatnaşyklary oňyn ugra gönükdirmek, dünýä syýasatynda ynanyşmagy dikeltmek, halklaryň arasynda hormat goýmak gatnaşyklaryny berkitmek üçin şertleri döretmek boýunça bilelikdäki tagallalara badalga berilýär. Häzir bar bolan ulgamlaýyn halkara meseleler babatynda bu ýörelgeler hem-de maksatlar aýratyn wajypdyr.
Şu jähetden, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hyzmatdaşlyga hem-de özara düşünişmäge, nukdaýnazarlaryň ýakynlaşmagyna, parahatçylygy ilerletmäge, uzak möhletleýin geljek üçin oňyn meýilleri kemala getirmäge gönükdirilen kuwwatly döredijilik işine öwürmek umumy wezipe bolup durýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň öň ýanynda diňe bir milli çäklerde däl, eýsem, geçen ýylyň möhüm dünýä wakasyna öwrülen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň bellenilmeginiň özboluşly çuňňur syýasy manysy bardyr. Şanly senä bagyşlanan foruma iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, dürli döwletleriň ýokary wezipeli wekilleri, meşhur syýasy işgärler, diplomatlar, alymlar, işewürler toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Bu doly kanunalaýyklykdyr. Bitaraplygyň parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, hyzmatdaşlyga hem-de özara düşünişmäge, ýüze çykýan meseleleri syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmäge, döwletara gatnaşyklarda harby güýji gural hökmünde ret etmäge, halkara hukuga hem-de BMG-niň Tertipnamasyna hormat goýmaga ygrarlylyk ýaly binýatlaýyn ýörelgeleri bu gün dünýä bileleşiginiň bähbitlerine we meýillerine has doly laýyk gelýär hem-de artýan goldaw bilen ykrar edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça birnäçe ýyl mundan ozal ählumumy syýasy senenamada täze senäniň — her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň peýda bolmagy tötänden däldir.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň birnäçesinde, bu derejäniň ähmiýetine bagyşlanan resminamalarda, şonuň ýaly-da, biziň ýurdumyzyň Merkezi Aziýada sebit durnuklylygyny hem-de hyzmatdaşlygy berkitmek we öňüni alyş diplomatiýasynyň ornuny ýokarlandyrmak baradaky öňe süren Kararnamalarynda Bitaraplygy goldamak anyk beýan edilýär.
Şunuň bilen baglylykda, eýýäm döwletleriň 20-den gowragynyň BMG-niň binýadynda döredilen Bitaraplygyň dostlarynyň toparyna goşulmagy möhüm görkezijidir.
Parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy goldamakda Bitaraplygyň wajyp hem-de ykrar edilen gurallaryň biri hökmündäki mümkinçilikleri bu gün barha giňden goldanylýar. Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem özüniň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini hem-de tejribesini ulanmak arkaly, onuň çäklerinde bellenilen maksatlary hem-de wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary eder.
Nygtalyşy ýaly, öňde durýan döwürde hemmeleriň birnäçe möhüm ugurlar boýunça tagallalary güýçlendirmegi zerurdyr. Birinjiden, bu halkara hukugyň pugtalandyrylmagydyr, BMG-niň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goldamakdaky öňbaşçylyk ornunyň tassyklanylmagydyr, onuň köpugurly ygtyýarnamaly hem-de hukukly ýeke-täk gurama hökmündäki ornunyň berkidilmegidir.
Ikinjiden, bu strategik durnuklylygy saklamakdan we onuň aýrylmaz bölekleri bolan ýaragsyzlanmak hem-de köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmagynyň öňüni almak işlerini goldamakdan ybaratdyr.
Üçünjiden, bu halkara terrorçylyga, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga garşy barlyşyksyz göreşmekdir. Şunda BMG-niň global terrorçylyga garşy strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi aýgytlaýjy şert bolup çykyş edýär.
Beýleki ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda jedelleriň hem-de gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, energetika, ulag, suw, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, bosgunlaryň hem-de migrantlaryň meselelerini çözmekde möhüm gural hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny goldamak we berkitmek bar.
Elbetde, wirus pandemiýasyna garşy göreşmekde hem-de onuň täsirlerini ýok etmekde halkara tagallalary birleşdirmek şu ýylyň möhüm wezipesidir.
Şu we beýleki global wezipeler binýatlaýyn şertde — hoşniýetli erkiň, özara ynanyşmagyň, jogapkärçiligiň hem-de öňdengörüjiligiň bar wagtynda amala aşyrylyp bilner.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy hem bu düşünjeleri berkitmek, olary dünýä syýasatynyň kesgitleýji faktorlaryna öwürmek erk-islegi bilen baglanyşyklydyr.
Bu ýyl başlandy we onuň çäklerindäki bilelikdäki hyzmatdaşlyk netijeli bolar hem-de bütin dünýäde abadançylygyň, öňegidişligiň we ösüşiň bähbitlerine öz netijelerini berer diýip ynanmaga esas bar. Bilelikdäki tagallalar netijesinde işlenip taýýarlanylan ýylyň “Ýol kartasy” islendik teklipler we başlangyçlar üçin açyk bolmagynda galýar hem-de ol üstünlikli durmuşa geçiriler.
Çykyşyň ahyrynda Türkmenistanyň adyndan BMG-ä hem-de oňa agza döwletleriň, ýurdumyzyň bütin dünýädäki köp sanly dostlarynyň we hyzmatdaşlarynyň adyna şu günki ajaýyp waka mynasybetli gutlaglar hem-de işleri üstünlikli alyp barmak baradaky arzuwlar aýdyldy.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa German hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we dabara gatnaşyjylaryň ählisini şu günki ajaýyp waka bilen mähirli gutlady.
Hanym Natalýa German türkmen Lideriniň başlangyçlaryny doly goldap, dünýä bileleşiginiň parahatçylygynyň we gülläp ösüşiniň hatyrasyna agzybirligi berkitmäge gönükdirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtady.
Maslahatyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy jenap Wolkan Bozkyryň, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewanyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hadi Soleýmanpuryň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň Başlygy jenap Altaý Jengizeriň, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýanyň, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň Afrika ýurtlary boýunça orunbasary jenap Firmin Eduard Matokonyň, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary jenap Lassina Zerbonyň wideoçykyşlary diňlenildi.
Dabaranyň dowamynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahata gatnaşýan beýleki daşary ýurtlulara, şol sanda BMG-niň ýanyndaky dürli döwletleriň wekillerine söz berildi.
Çykyşlarda şu günki şanly waka gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi hem-de Bitarap Türkmenistanyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy berkitmek, häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň oýlanyşykly çözgütlerini işläp düzmek işinde umumy tagallalary birleşdirmekdäki işjeň orny nygtaldy.
Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmek we raýdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek, mizemez umumadamzat gymmatlyklaryna hem-de umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän hormat goýmak gatnaşyklaryny we köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek işindäki öňe sürýän başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýeti we wajypdygy bellenildi.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Natalýa Drozdyň çykyşynda Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen durmuş-ykdysady taýdan täzeden dikeldilmegine Bitarap Türkmenistanyň goşýan goşandyna ýokary baha berildi. Ýakynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina — Andhoý beketleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýoluň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem iki goňşy ýurduň arasynda Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Dabaranyň barşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, sebit we halkara guramalaryň binýatlaryndaky işleri giňeltmegi goşmak bilen, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda pikir alşyldy. Maslahatyň jemleri boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmegiň «Ýol kartasy» kabul edildi.
Şeýlelikde, 2021-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň özi Bitarap Watanymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Ýer ýüzünde durnukly ösüşiň we öňegidişligiň bähbidine oňyn sebit hem-de ählumumy işleri höweslendirmek, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmek ugrunda amala aşyrýan işleri babatyndaky wajyp ornuny aýdyň tassyklaýar.