«Gyzgyn düwmeler»

Klawiaturada işlemegiň ýeňil usullary
Häzirki wagtda biziň maglumatlar bilen bagly işlerimiziň köpüsi kompýuteriň üsti bilen amala aşyrylýar. Köpimiz günde diýen ýaly kompýuter enjamyndan peýdalanmak bilen, birnäçe amallary ýerine ýetirýäris. Elbetde, döwür şony talap edýär. Maglumatlary ýygmak, göçürmek, ibermek we şuňa meňzeş işlerde günüň dowamynda biz ençeme gezek kompýuteriň syçanjygy bilen klawiaturasynyň düwmelerine basýarys. Ýöne käbirlerimiz belli bir maglumaty kesmek, göçürmek ýa-da goýmak ýaly amallarda klawiaturadaky «Gyzgyn düwmeleriň» deregine aglaba ýerde syçanjygy ulanýarys. «Gyzgyn düwmeler» nämekä?» diýýänsiňiz. Bu, ýönekeý söz bilen aýdanyňda, tiz işlemegiň ýeňil ýoly diýmekdir. Bu barada käbir maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.

Göçür, kes, goý!
Biziň köpimiz «Word» programmasynda işlänimizde-de, ýa bolmasa iş stolunda ýerleşen (Рабочий стол) dürli görnüşdäki maglumatlary (bukja, wideo, surat) kompýuteriň «C» we «D» ýatlaryna (Жесткий диск) hem-de başga bir bukja geçirenimizde-de, syçanjygyň sag düwmesine basyp, çykan penjiräniň göçürmek (копировать), kesmek (вырезать), goýmak (вставить) diýen mümkinçiliklerinden peýdalanýarys. Muňa derek iň aňsat usullar bar. Bellän maglumatymyzy ýa-da «Word» programmasyndaky syçanjyk bilen goýaldan tekstimizi klawiaturanyň kömegi arkaly göçürmek üçin «Ctrl+C», kesmek üçin «Ctrl+X», belli bir ýere goýmak üçin bolsa «Ctrl+V» düwmelerine basmak ýeterlik. Bu amaly her gezek çep eliňiziň barmaklaryna öwrenişdirseňiz, hem-ä işiň netijeliligine tiz ýetersiňiz, hemem klawiaturadaky harplar bilen ýazmaça hatlary ýygmakda, ýagny kompýuteriň «aňyna» salmakda kämilleşersiňiz.
Maglumatlaryňyzy goraň!
Maglumat goraglylygy islendik kärde-de iň möhüm zerurlyk bolup durýar. Biz kompýuterlerimizde «Word» maglumatlar bilen birlikde, şahsy suratlarymyzy ýa-da wideolarymyzy saklaýarys. Mundan başga-da, günde diýen ýaly «mail.ru», «gmail.com», «online.tm» ýaly internet sahypalaryna birigip, maglumatlary alyş-beriş edýäris. Ol ýerde gizlin syrly açarjygymyzy (пароль) ýerleşdirýäris. Muňa garamazdan, biz birnäçe gezek kompýuteriň başyndan turup, başga işlere gümra bolýan, günortanlyk naharyna çykýan wagtlarymyz bolýar. Elbetde, işläp oturan ýerimizden kompýuteri şol durşuna goýup, turup gitmeklik daş-töwerekdäki adamlara siziň kompýuteriňiziň içindäki maglumatlaryň elýeterliligini döretmeklikdir. Şonuň üçin kompýuteriňize girmek üçin, ilkinji nobatda, gizlin syrly açarjygy goýuň, ikinjiden, islendik wagt kompýuteriň başyndan turan wagtyňyz hökmany suratda klawiaturada «Win+L» düwmelerine basyň. «Win» düwmesi klawiaturanyň çep ýüzünde, ýagny «Ctrl» bilen «Alt» düwmeleriniň arasynda penjiräni ýatladyp duran düwmedir. Şeýtseňiz, şahsy maglumatlaryňyz ygtybarly goralar.
Penjireleriň hemmesini ýapmak
Kompýuterde işläp oturan mahalymyz birnäçe bukja açýarys, «Word», «Photoshop» ýa-da aýdym diňlenilýän «Windows media player» ýaly programmalardan hem peýdalanýarys, «Google», «Opera» brawzerlerinden internet sahypalaryna girýäris. Birdenem, bize kompýuteriň iş stoly gerek bolýar, agzanlarymyzyň bolsa hemmesi açyk dur. Olary bir-birden ýapyp çykmak üçin penjireleriň ýokarky sag burçundaky «Eplemek» (Cвернуть) ýa-da «Ýapmak» (Закрыть) diýen hyzmatlaryna ýekänme-ýekän basyp çykmaly bolýar. Bu «Haçan iş stoluna ýeterkäm?!» diýmek bilen, wagt ýitirmekdir. Iň gowusy, öňüňizdäki klawiaturadan «Win+D» düwmelerine basyň, birbada ähli penjiräni ýüzugra epleýär. Soň gerek penjiräni klawiaturadan «Alt+Tab» düwmelerine basyp saýlabermeli.
«Ýardamçy F5»
Klawiaturanyň iň ýokarky setirine seretseň «F1, F2, F3...» ýaly düwmeleri görýärsiň. Olaryň her biriniň özüniň ýerine ýetirýän hyzmaty bar. Olardan «F5-iň» orny uludyr. Haçan-da kompýuteriňiziň işleýiş güýji haýallap ugrasa, ýagny käbir programmalary açanyňyzda doňmak bilen bolsa, haýal açylsa, onda ol bukjanyň içi bolsun, iş stoly bolsun, tapawudy ýok, «F5» düwmesine yzygider bassaňyz, kompýuteriň doňmak häsiýeti azalyp ugrar. Şunluk bilen «F5» kompýuteriň süňňüni «ýumşadýar», ulanyja çalt işlemekde ýeňilligi döredýär. Bu amaly siz syçanjygyň sag düwmesine basyp hem ýerine ýetirip bilersiňiz.
Ymykly boz!
Gerekmejek «Word» maglumaty, suraty, wideony bozmak üçin onuň üstünde syçanjygyň sag düwmesini basyp, «Pozmak» (Удалить) hyzmatyndan peýdalanýarys. Köpimiz ýönekeýje usul bilen klawiaturadaky diňe «Delete» düwmesine basmak bilen oňaýýarys. Ýöne bozulan maglumatlar kompýuterden ymykly çykyp gidäýenok. Olar kompýuteriň sebedine (Корзина) baryp düşýär. Ýadymyzdan çykarsak, bozulanlaryň birnäçe günläbem sebetde ýatýan pursaty bolýar. Her gezek zerur däl maglumatlary bozmak bilen, onuň içi dolup gidýär. Munuň bir tarapy gowy, üç-dört gün mundan ozal bozan maglumatyň birden gerek bolsa, göni sebediň içine giräýmeli. Eger-de siz bozýan maglumatlaryňyzyň ymykly bozulmagyny, bozan wagtyňyz sebede-de düşmezligini, «yzyna dolanyp gelmezligini» isleseňiz, onda «Gyzgyn düwmeleriň» biri bolan «Shift+Delete» düwmelerine basmak ýeterlik. Bu sebede düşürmezden, islendik maglumaty ymykly bozýar, kompýuteriň «aňyndan» öçürýär.
Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory.