Aşgabat — belent ösüşleriň kerwenbaşysy

Hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz bedew bady bilen özgerýär, ösýär. Gözel paýtagtymyzda gurluşyk işleri batly depginlerde alnyp barylýar.
Paýtagtymyzyň binagärlik keşbi gün-günden özgerip, dünýäde iň owadan şäherleriň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegi şähergurluşyk maksatnamalarynyň üstünlikli berjaý edilmegine, paýtagtymyzyň tapgyrlaýyn we toplumlaýyn usullarynda ösdürilmegine uly ýardam etdi.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyna bagyşlanyp ulanylmaga beriljek gurluşyk toplumynyň çäklerinde paýtagtymyzyň Tähran köçesiniň ugrunda gurulýan desgalar hem bar.
Şähergurluşyk-binagärlik keşbi barha kämil görnüşe gelýän mähriban paýtagtymyz bu gün bagtyýar halkymyzyň göz-guwanjyna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň buýsanjyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Aşgabatda ençeme medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz 25-nji ýanwarda Tähran köçesiniň ugrunda ýerleşýän Söwda we dynç alyş merkezinde bolup, toplumda gurluşygyň barşy, bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bu toplum 4 gatdan ybarat bolan 708 orunlyk ýapyk awtoduralgaly Söwda we dynç alyş merkezini, 147 orunlyk ýapyk awtoduralgaly 124 öýlerden ybarat bolan we 11, 14 we 17 gatly belent ýaşaýyş jaýlaryny, 19 sany iş orunly 6 gatly işewürlik merkezini, 800 orunlyk 2 gatly toý mekanyny, 100 orunlyk kafeni, tehniki binalary, suw çüwdürimini, umumy uzynlygy 309 metr bolan emeli kanaly, giňligi 18 metr we umumy uzynlygy 1320 metr bolan estakada köprüsini we meýdany 15,5 gektar bolan abadanlaşdyryş meýdançalaryny öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiz öýleriň içki bezeg işlerine tanyşlyk geçirende, olarda ulanyljak mebeller we enjamlar ýaşaýjynyň isleglerine laýyklykda türkmeniň gadymdan gelýän we häzirki zaman millilik usullarda ýerine ýetirilse maksadalaýyk bolar diýip belledi. Bu ýerdäki öýleriň köp çagaly maşgalalar üçin niýetlenip, 6 we 7 otaglardan ybarat bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Hormatly Arkadagymyz özünde köp binalary we desgalary jemleýän bu toplumyň her bir binasynyň we desgasynyň kaşaňlygy, özboluşlylygy we ajaýyplygy bilen tapawutlanýandygyny, ýanaşyk ýerlerinde gök zolak meýdançalarynyň ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilýändigini we ähli tarapdan ýaşaýyş we dynç alyş mümkinçilikleriň göz öňüne tutulandygyny nazara alyp, toplumy «Aşgabat» diýip atlandyrylsa paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuna uly sowgat bolar diýip bellemegi halkymyzyň guwanjyny goşalandyrdy. Aşgabadyň durmuş düzümini ösdürmek işleriniň sazlaşykly häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesi bolup durýar. Ilatyň işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, döwrebap söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly işler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar.
Ak mermerli paýtagtymyz özüniň binagärlik aýratynlygy, sazlaşykly ösüşi bilen haýran galdyrýar. Dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyrýan Aşgabat täsin binagärlik çözgütlerine eýe bolan özboluşly desgalary bilen birnäçe gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşany bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler bilen gyzyklanyp, paýtagtymyza amala aşyrýan iş saparlarynda baş şäherimizi gözel mekana öwürmek üçin özüniň birnäçe tekliplerini berýär. Ýollaryň gurluşygyna, desgalaryň binagärlik aýratynlyklaryna, inženerçilik-tehniki desgalara, ýaşaýyş-durmuş binalaryna, köçeleriň yşyklandyrylyşyna, dynç alyş zolaklarynyň döredilişine, şonuň ýaly-da, bu düzümleri gür baglyga, gülzarlyga öwürmek babatdaky işlere aýratyn üns berýär. Paýtagtymyzda gysga döwürde amala aşyrylan beýik işler hem-de berkararlygyň we bagtyýarlygyň aýdyň nyşany hökmünde şöhratly döwri alamatlandyrýan köşkler, kaşaň binalar özüniň owadanlygy, ajaýyp tebigaty, çuň pelsepewi many-mazmuny bilen akylyňy haýrana goýýar. Paýtagtymyzyň günortasynda seleňläp oturan gojaman Köpetdagyň eteginde şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde gysga döwrüň içinde gurlan halkara derejeli gür baglyga bürenýän şaýollary, kaşaň ýaşaýyş jaýlarydyr edara binalaryny, saglygy goraýyş desgalaryny synlanyňda, hormatly Arkadagymyzyň öz halkyna eşret mekanyny peşgeş edýändigine magat göz ýetirmek bolýar.
Şäheriň daşky umumy görnüşiniň çeperçilik-estetiki taýdan oňyn çözülmegi, binalaryň ak mermere örtülmegi, bularyň ählisi özboluşly owadan sazlaşygy emele getirýär. Paýtagtymyzdaky binalaryň agramly böleginiň, ýagny, köşk toplumlaryndan, edara we ýaşaýyş jaý binalaryndan başlap, mekdeplerdir çagalar baglaryna çenli ähli desgalaryň ak mermer bilen örtülmegi, ajaýyp binagärligiň döredilmegi, tebigatyň gözel görnüşiniň kemala getirilmegi mähriban Arkadagymyzyň çuň paýhasynyň aýdyň netijeleridir. Watanymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyzyň durmuşyna ser salanyňda, ýurdumyzyň ykdysady we syýasy ösüşi, jemgyýetimiziň medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň derejesi, aň-bilim mümkinçilikleri, halkymyzyň dünýä derejesindäki ýaşaýyş-durmuşy has aýdyň görünýär.
Goý, gözel paýtagtymyzy beýik ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, il-ýurt ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Bazar MUHAMMETGULYÝEW,
Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Senagat we gurluşyk 
bölüminiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy.