Bukjasy bar daraýy

Ata-enesiniň ak patasy bilen bu gün-ertir «Bagt öýüne» tarap ugrajak bolýan gyzyň seplerine gözümiz düşende, gülälekli meýdana seýle geldikmikäk diýipdiris. Läle-reýhan ýaly, gyzylly-ýaşylly owadan lybaslar, ýuka bolsa-da gelinligiň süýjüligini ýaýmakdan saklaýan, tawusyň ýelegi ýaly owadan öýmeler, gonjy uzynly-gysgaly örme joraplar, kitap ýaly gat-gat edilip çatylan, gyzlaryň «iň soňky gül» diýip öwýän gaty we zerli ýaglyklarynyň onlarçasy leýs bolup durdy. Ah, bu seçekleri şabramanyňky ýaly seçelenip duran, älemgoşar öwüşginli, dürli nagyşly düýpli gyňaçlary diýsene! Ony başyndaky topbusynyň üstünden orap, alkymynyň aşagyndan aýlap alyp, pisse dodaklaryny gizläp, yzyna atanda, türkmen gözelleri hüýr-melekleri ýadyňa salýar ahbetin. Keteni, ýüpek, panbarhat, atlaz, parça ýaly milli önümlerden tikilen köýnekleriň ýakasyna we ýeňine nepislik bilen sünnälenen keşdeleri göreniňde welin, hormatly Prezidentimiziň gyz maşgalany ýaşlygyndan milli keşdeçilik, oglan perzentleri bolsa ussaçylyk hünärine ugrukdyrmak baradaky gyzyldan gymmatly sözleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Geçen ýylyň tomus aýlarynda Gahryman Arkadagymyz welaýatlarymyzda bolup, oba zähmetkeşleri bilen duşuşanda, ýaş nesillere zähmet terbiýesini bermek hakynda aýratyn nygtapdy. Şonda milli Liderimiziň: «Gyza iňňe ber, oglana pil» diýen dürdäne sözleri terbiýeçilik, öwüt-ündew işleri bilen meşgullanýan ildeşlerimizdir ata-eneler bilen birlikde gazet-žurnallaryň žurnalistlerini hem gozgalaňa salypdy.
Şeýle ýakymly ýatlamalardan soň, ýaşajyk gül-gunçalar ýaly gözelleri synlamagyň lezzeti başgaça bolýar. Giň we ýagty otagda gelin-gyzlaryň birnäçesi gözellik dünýäsiniň içinde ýylgyryşyp oturyşlaryna, toý engamlaryny bukjalara ýerleşdirýärdiler. Owadan mata böleklerinden taslanan, barmakboýy gyýkyndylardan guralan, mahmal, parça, mawut ýaly berk matalardan tikilip, agzydyr dört tarapy nagyşlanan bukjalary bolsa, görmäge göz gerekdi. Olary synlap, enelerimiziň gyz maşgala ýaşlygyndan başlap «Gönezlikden doýumlyk, ýeňsapydan geýimlik» taýýarlamagy öwretmekliginiň manysyna düşünýärsiň. Tygşytlylygy, aýawlylygy aňrybaş derejä ýetirip, päk zähmeti bilen gazanan her bir halal zadynyň gadyryny bilmekligini ündeýän bu endikler soňra zenan maşgalanyň iň ajaýyp häsiýetleriniň arasynda orun alýar. Şol barmana, goşa örüm saçlaryny sallap, egni üçgülli «gurultaý» köýneklije, başy ýaglyklyja, keşde ýakasyndaky gülýakasynyň ýalkymy alkymyna düşüp duran, sadadan nurana durmuşa çykjak gözelimiz uýaljyrap gapydan girdi. Ony görüp şahyrlaryň:
On dördi gijäniň Aýy,
Gyzyl bägülüň taýy.
Garçyn-çuwal içinde,
Bukjasy bar daraýy...

— diýen setirlerini ýatladyk. Şeýle tarypy ýetirilýän asylly, zähmete çulum, erjel gyz maşgalanyň ýaňy saçy örüme girip, eli iňňe tutandan müň bir höwes bilen sünnäläp çekýän keşdeleri, ajarlapjyk saklaýan lybaslary şeýdip, bukja üstüne bukja bolup gidiberýär. Düýp bukja, sep bukja, syr bukja, sowgat üçin niýetlenen, aýna-darak salynýan, iňňe-sapakdyr ownujak esbaplar üçin tikilen şeýle milli senetlerimiz özbaşyna öwrenilmäge we ýaş gelin-gyzlaryň arasynda giňden wagyz etmäge mynasypdyr.
DÜÝP BUKJA
Ene-mamalarymyzyň «El bukjam — hünär bukjam» diýen aýtgysy, esasan-da, milli lybaslaryň salynýan düýp bukjasynda öz manysyna eýe bolýar. Sebäbi ony açanyňda, gyzyň düýpli eden işlerine şaýat bolýarsyň. Ulugyzlarymyz bukjalary üçin elmydama iň owadan keşdelenen milli lybaslaryny aýap saklapdyrlar. Hasam 16-17 ýaşap, kaddy-kamaty kemala gelensoň tikilen köýnekler, aýakgeýimler, ýeňsizdir çabytlar oňa salnypdyr. 70-nji ýyllaryň ulugyzlarynyň bukjalaryndaky 18 — 25 sapakdan durýan basma nagyşlaryny synlamak şol wagtky çaga kalbymyza öz täsirini ýetiripdir. Gyzyň eşikli bukjasy toý güni oba zenanlary tarapyndan dykgat bilen synlanylýar. Nagyşlarynyň diňe bir nepisligine görä däl, eýsem, keşde, köjüme, basma, tersgaýma, kanwa... ýaly görnüşlerine görä hem gyzyň el işlerine baha berýärler. Ylaýta-da, ýakalardyr aýakgeýimleriň nagyşlary syn bilen seramata düşýär. Harsal, çig-çarşy işleri görseler, ekabyrrak aýallar sypaýyçylyk bilen: «Keýigim, şujagaz ýakany sepleriň arasyndan aýyrsaň gowy bolardy. Birden gaýyn obanyň aýallaryna gülki bolaýmaly» diýip maslahat berýärler. Gyzyň ilkiräk, entek eli düzülmedik wagty tiken işini şeýdip lybaslaryň arasyndan sogurdyp, gyra goýdurýarlar. Şeýlelikde, bu sözleri diňläp oturan gyzjagazlarda hem çekýän keşdelerini ýylmanak, tekiz, syk, nepis görnüşe getirmek barada düýpli oý-pikirleri döredýärler. Şeýdibem keşdeçilik hünäriniň ömri uzalýar.
SEP BUKJA
Oňa gyzyň ýaglyk, tahýa, jorap ýaly kiçeňräk sepleri girýär. Toýdan gelen düwünçegiň içinden oňatja bir ýaglyjakdyr öýme çyksa-da, eneler ýagşy yrym bilen, adatça, göze görnüp ugran gyzlarynyň öňüne ataýýarlar. Daýy-daýzadan, goňşy-golamdan sowgatlyk gelen göze ýakymlyja elýaglyjakdyr jorapjyk bolsa-da, gyzlar sep bukjasy üçin ýygnap goýaýýarlar. Ulugyz çykyp, haçan-da biziň ýaly degişgenräk gelnejeler: «Tüweleme, Aknur jan, sendenem-ä gatlamanyň ysy gelip ugrapdyr» diýseler dagy, gözellerimiz hasam işlerine çynlary bilen ýapyşýarlar. Owadan sapaklardan gonçlary uzynly-gysgaly ýüň we ýüpek joraplary örüp, sanlaryny köpeldýärler. Haçan-da, olara şol bir sapakdan, meňzeş nagyş salyp, toplum edeniňde welin, hasam göze gelüwli bolýar. Türkmen gözelleri başlary ýaglyklyja hasam salykatly, saýhally, sypaýy görünýärler. Oňa göz ýetirýän gyzlar her köýnegiň reňkine görä alan ýaglyklaryny müň bir höwes bilen daňynanlaryndan soňra, epläpjik, sepi üçin sandygyň düýbüne atýarlar.
SYR BUKJA
Ynsanyň içki duýgulary, gizlin saklaýan syrlary ýaly aýawly zat barmyka? Ylaýta-da, ulugyzyň syrlaryny diýsene! Ýaşlykdan asylly terbiýe berlen gyz maşgala ýüregindäki iň näzik duýgularyny elmydama gizlin saklaýar. Onuň diňe bir enesidir ejesine däl, hatda ýeňňesine-de uýaljyrap aýdyp bilmeýän syrlary bolýar. Şularyň arasynda geljekki ýanýoldaşy boljak söwer ýaryna bolan gizlin duýgularyň aýratyn orny bar. Gyz şol ter we näzik duýgularyny, hiç kime ynanmadyk sözlerini ýigide niýetläp tiken akgaýmalaryna, dokan bilguşaklaryna siňdiripdir. 80-nji ýyllarda durmuş guran gyzlar şol däbi has ösdüripdirler. Dördünji gelnejemiň getiren sepiniň arasynda agama niýetläp tiken keşde tahýasyny, kemerini, boýunbagyny goňşularymyz elden-ele geçirip, ýeke-ýekeden synlapdylar. Şonda gudalarymyzyň biri: «Älhepus, bu gyzlaryň ökdeligini. Bular-a, zat diýmeseň, oglanlaryň köýneklerinem boýdan-başa keşdeläýjekler, öz çabytlaryna meňzedip» diýipdi. Şojagaz sözleriň özünde hem uly many bardy. Bir tarapdan, gelin-gyzlarymyzyň elleriniň çeperligine, başarnygyna, irginsizligine, zähmetsöýerligine baha berilýärdi. Ikinji bir tarapdan bolsa, halkymyzyň zenan maşgala bilen erkek kişiniň milli lybaslaryna keşde çekmek meselesinde aýratyn tapawut goýýandygyndan nyşandy. Erkek kişileriň geýýän donlaryna, ýeňsizlerine, mawutlaryna ýeňilräk we insizräk keşde salmagyň oňlanylýandygynyň alamatydy.
SOWGAT BUKJA
Ilimizde gyzyň gaýyn öýüne getiren sowgatlyk engamlary bilen bilelikde goýýan hormat-sylagy deňeşdirilýär. Özem geň ýeri, gep sowgatlygyň gymmatlygynda ýa-da arzanlygynda däl-de, eýsem, gelen gelniň mähir-yhlasyny siňdirip, öz elleri bilen tiken lybaslaryna aýratyn üns berilýänligindedir. Sowgat bukjada gelen zatlar gelnalyjy güni ýa-da ertesi baş salanlarynda paýlanylýar. Gaýynata, gaýynagalaryna, ýüwürjilerine niýetlenip tikilen akgaýmalar elden-ele geçirilip synlanylýar. «Ýylanýoly», «çopanýoly», «ak süňşük», «gyýak» ýaly nagyşlaryň döreýşi hakynda gürrüň edilýär. Gaýynenä niýetlenen sowgat gabarasy hem üýtgeşik nagyşlary bilen saýlanýar duruberýär. Elin tikilen, ýanly-ýeňli, goltugy begeýikli şeýle köýnekler ýaşy durguşan zenan maşgalany has salykatly görkezýär. Täze gelniň hatda sallançakda ýatan bäbejige çenli niýetläp bir zatjyk sowgat getirmegi, geljekde eltisi bilen boljak süýji gatnaşyklara ýol açýar.
AÝNA-DARAK BUKJA
Gyz maşgalanyň terbiýesinde, özüne timar bermegi öwretmekde, arassaçylyk düzgünlerini birkemsiz berjaý etmekde aýna-daragyň ähmiýeti uludyr. Halkymyzyň «Ýagşy gyz ertir turup aýna garar, ýalta gyz saçak sorar» diýen aýtgysynyň manysy uludyr. Saba-säher bilen oýanyp, kepderi kimin daranyp, soňra öý işlerine başlamak päkizeligiň alamaty. Şeýle arymsy gözelleriň elmydama saçlary örülgi we bejerilgidir. Şamar ýaly örümler onuň kaddy-kamatynyň gelşigidir. Şeýle owadan örümleri ýuwup-bejermek, timar bermek gyz-gelinleriň endigine öwrülip gidýär. Şol sebäpli-de, aýnadyr darak elmydama olaryň hemdemi bolýar. Durmuş tejribesine baý bolan ene-mamalarymyz ýörite kiçeňräk bukjalary tikmegi, onuň içinde gerekli esbaplaryny saklamagy ýaşlara öwredipdirler. Saç daramak meselesinde türkmen halky aýratyn bir ýazylmadyk türkmençilik ýoluna uýupdyr. Zenan maşgalanyň saçy nahar-şor taýýarlanýan ýerden çetde, ygrak künjekde daralypdyr. Darakda galan gyrlan tarlar, öňüne ýazylan ýaglygyň üstüne düşen gyrymsylar bir ýere jemlenipdir. Saçy zyňmak, zir-zibiliň arasyna taşlamak, keçäniňdir haly-palasyň aşagyna salmak ilimizde unalmaýar. Şu milli ýörelgeler, ylaýta-da, ýaş gelin-gyzlara düýpli öwredilýär. Şeýle aýdyň ýol-ýörelgäniň netijesinde «saç bukjasy» oýlanyp tapylypdyr. Bukja bir ýylyň dowamynda gyrlan, düşen saç tarlary ýygnalypdyr. Her ýylyň gurban aýynda bukja boşadylypdyr. Üýşen saç gyrymsylary topbagy bilen çuňňur ýere gömlüpdir. Bu gadymy ýörelge häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilýär.
APAK-MAPAK, IŇŇE-SAPAK...
Şahandaz eneler göwni joşanda: «Apak-mapak, iňňe-sapak, //Keteni-parça, atlaz-ýüpek...» diýip sazlaşdyryberýändirler. Sebäbi türkmen gözelleri iňňeden sungat, darakdan gudrat ýasamagy başarypdyrlar. Gyz sepiniň arasynda iňňe-sapak salmak üçin aýratyn bukjanyň bolmagy onuň güwäsidir. Bulardan başga-da, gyzlar bukjasynyň içine keşde çekip, basma basanlarynda barmaklaryny iňňeden gorar ýaly ýüwse, oýmak salypdyrlar. Temen, iňňebagjyk ýaly gerekli serişdeler hem bukja ýerleşdirilipdir. Gerek ýerinde gyzlar keşdeläp oturan kiçeňräk işini hem wagtlaýynça onuň içine ataýypdyrlar. Şeýle bukjanyň bolmagy ähli ownujak esbaplaryň bir ýere jemlenmegine, çaga-çuga üçin howpsuz durmagyna hemaýat edipdir. Şonuň bilen birlikde gyz-gelinlerde ünslülik, eserdeňlik, ykjamlyk ýaly häsiýetleriň kemala gelmeginde bukjalaryň peýdasy uly bolupdyr.
Şeýdip asly dana, halal zähmete bişişen, belent adamkärçilikli halkymyz durmuşyň ähli pursatlarynda-da ýaş nesillere edep-ekram bermegi ýatdan çykarmandyrlar. Gadymy senetçiligiň dürli hünärlerine ugrukdyrmak arkaly perzentlerini geljegiň ýagty ýollaryna atarypdyrlar.
Ogulbeg JUMAÝEWA,
"Nesil".