Toý şatlygyny artdyran binalar

2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly halkymyza ýatdan çykmajak şatlykly pursatlary bagyşlaýar. Bu ýylda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy ýokary derejede belleniler, il bähbitli, taryhy ähmiýetli işler amal ediler, kaşaň-kaşaň binalar gurlup, ulanylmaga berler.
Düýn, 27-nji ýanwarda ýurdumyzda ata Watanymyzyň polat galkany hasaplanýan Watan goragçylarynyň güni ýokary derejede bellenildi. Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzüminde hem ähli amatlyklary özünde jemleýän ajaýyp binalar açylyp, ulanylmaga berildi.
Türkmen halkynda täze jaýa göçüp gelen maşgalalara «Toýly jaý bolsun!», «Ýurt garşy alsyn!» diýen ýagşy dilegler edilip, süýjüden-süýji arzuwlar aýdylýar. Täze ýaşaýyş jaýlarynda harby gullukçylarymyza we olaryň maşgala agzalaryna ýaşamaga, dynç almaga ähli amatlyklar göz öňüne tutulypdyr. Döwrebap ýaşaýyş jaýlaryň bosagasyndan ätläniňde, ilki bilen, ýagty hem giň otaglarda nazaryň eglenýär. Dürli mebelleriň, aşhana üçin niýetlenen enjamlaryň ýerleşdirilmegi otaglara aýratyn bezeg berýär. Buýsandyrýan ýeri, otaglaryň içinde ýerleşdirilen mebeller, telewizorlar — öz Watanymyzyň önümi.
Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işleri serhetçi gurluşykçylarymyz tarapyndan ýerine ýetirildi. Gullugymyzda şeýle binalary ýokary derejede gurmaga, bezeg işlerini alyp barmaga ähli mümkinçilikler bar. Gurluşyk işlerini bökdençsiz ýerine ýetirýän serhetçi gurluşykçy — hünärmenlerimiziň dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnikalar, gurallar bilen yzygiderli üpjün edilýändigini aýratyn bellemelidiris. Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan serhetçi gurluşykçylarymyz binalary öz wagtynda we ýokary hilli gurup, harby gullukçylarymyzyň hyzmatyna berýärler. Şeýle ajaýyp binalary sowgat berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza serhetçileriň alkyşlary bimöçberdir.
                                    ***
Lebap welaýatynda täze gurlan ýene-de bir ýaşaýyş jaýy hem-de döwrebap derejä getirilen serhet galasy Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ajaýyp sowgat boldy. Gatbar-gatbar daglaryň gujagynda görünýän serhet galasynda serhetçilerimiz üçin ähli zerur şertler döredilipdir: kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan aragatnaşyk, lukmançylyk hyzmatlary, syýasy-ynsanperwer taýýarlygy, gulluk, hyzmat ediş, okuw otaglary, kitaphana, esgerler ýatakhanasy we naharhanasy, gök önümleri, lybaslary, hojalyk hem-de gulluk-durmuş maksatly emläkleri, tehniki enjamlary saklamak üçin döwrebap ammarlar, harby awtoulaglar üçin duralgalar... Serhet galasy döwrebap harby tehnikalar bilen üpjün edilipdir. Merdana serhetçilerimiziň ýakyn ýardamçylary bolan atlary, alabaý itleri saklamak, olary idetmek üçin hem ýörite ýerler bar. Serhet galasyna ýanaşyk ýerde täze ýaşaýyş jaýy ýerleşýär. Dost-doganlyk serhedimiziň goragçylaryna niýetlenip gurlan täze ýaşaýyş jaýyň açylyş dabarasyna gatnaşan serhetçilerimiziň we olaryň maşgala agzalarynyň buýsançly, alkyşly sözleri ýürek töründen gaýdýar.
                                    ***
Gullugymyzyň harby bölümlerinde lukmançylyk hyzmatlarynyň täze binalary serhetçilerimiziň hyzmatyna berildi. Olarda kabul ediş, sanjym we sargy, fiziobejergi, näsaglar üçin, lukmanlaryň iş, arassaçylyk, nobatçy, çetleşdiriş otaglary, dermanhana, naharhana bolup, dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilipdir. Bulardan başga-da, lukmançylyk binasynda howany ultramelewşe şöhlesi bilen arassalap geçiriji enjam hem-de ulanylan enjamlary ýokary basyşda bug bilen zyýansyzlandyryjy enjam hem bar. Serhetçi harby gullukçylarymyz özleri hakynda edýän aladalary üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza tükeniksiz alkyş aýdýarlar.
Bize şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama üstünliklere beslensin!
Selbi AŞYROWA,
harby gullukçy, leýtenant.