Aýdyma aýlanan şäher

Şu günler Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparlaryny amala aşyryp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşýar. Döwrümiziň döredijilik hem gurujylyk kuwwatyny açyp görkezýän ol desgalar baş şäherimiziň binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşýar.
Hormatly Prezidentimiziň 25-nji ýanwardaky paýtagtymyza iş sapary wagtynda Aşgabat baradaky aýdymlardan söz açmagy ýüreklere ýakym, söýgi, buýsanç bolup siňdi. Munuň gözbaşynda milli Liderimiziň aýdym ýaly ýüregi, paýtagt şäherimize egsilmez söýgüsiniň üsti bilen, ähli halkymyza, Watanymyza Ogullyk söýgüsi durandyr. Söýgi, yhlas siňdirilip gurulýandygy üçin Aşgabat sungat şäherine öwrülýär, gözellige beslenýär. Diňe söýgi gatylansoň, ol hakdaky aýdymlar ganat açyp, ýüreklere ýetýär.
Biz Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabat hakyndaky aýdymlar bilen bagly aýdanlaryny olary ýerine ýetirýän ussat aýdymçylaryň käbiri bilen söhbetdeşlik arkaly dowam etdirmegi makul bildik. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew bilen gürrüňdeşligimizde bir zada ýakyndan göz ýetirdik. Ajaýyp, gözel zatlaryň ählisine mahsus bolşy ýaly, gowy aýdymlarda hem özüne çekijilik, ýakym, adamlary biri-birine ysnyşdyrmak has güýçli bolýar. Atageldi halypanyň ýerine ýetirýän «Aşgabat» diýen aýdymy hem onuň sazyny ýazan kompozitor Nury Halmämmedow bilen ýakyndan dostlaşmagyna getiripdir.
— Bu Aşgabat hakda döredilen irki aýdymlaryň biri. Has anygy, geçen asyryň 60-njy ýyllarynda dörän aýdym. Ol wagtlar Nury Halmämmedow bilen Rejep Rejebow ikisi Leningradda (häzirki Sankt-Peterburg) ekenler. Nury şonda «Aşgabat» diýen aýdymyny, Rejep Rejebow bolsa meşhur «Türkmen tansy» eserini döredýär.
Men ol wagtlar Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde okaýardym. 1968 — 1969-njy ýyllardy. Fortepiano saz guralynda «Aşgabat» diýen aýdymyň üstünde işläp otyrdyk. Birden orta boýly bir adam gapyny açyp, ýapdy. Oňa çenli ýanymda sazandarlyk edýän «Nury, Nur!» diýip, ony çagyrdy. Meniň şonda Nury Halmämmedowy ilkinji gezek görşümdi. Sazanda oňa «Aşgabat» diýen aýdymyň üstünde işleýändigimizi aýtdy. Nury bizi diňledi-de, soňra fortepianony özi çalyp başlady. Döredijiniň döreden sazyny özi çalanda has ajaýyp bolýandygyna men şonda göz ýetirdim. Ol şonda maňa: «Şu aýdymy seň üçin ýazdym-da!» diýipdi. «Aşgabat» diýen aýdymyň belent ses aýlawly bir ýeri bar. Biz oňa saz dilinde «passaž» diýýäs. Şeýdip, bu aýdymy menem özümçe ýerine ýetirip başladym. Onuň bir bendini rusça hem aýdardyk. Şol döwürde hem Aşgabada jahankeşdeler kän gelerdi. Sazçylyk mekdep-internatynyň zalynda olar üçin konsert berlerdi. Şol konserte Wladimir Sapegin bilen Aýdogdy Gurbanow hem gatnaşardy. Men şonda «Aşgabat» atly aýdymyny aýdypdym.
Nury Halmämmedow soňra meni Gurbannazar Ezizow bilen tanyşdyrdy. 1971-nji ýylda Nury Halmämmedowyň sazyna, Gurbannazar Ezizowyň sözlerine «Maňa seniň gözleriňden gitme ýok» diýen aýdymy opera we balet teatrynda ýerine ýetiripdim. Şeýdip, biziň dostlugymyz bilelikde aýdym döretmek sungatyna çenli uzap gitdi.
Moskwada, konserwatoriýada okaýarkak hem Nury meniň ýanyma kän barardy. «Aşgabat» atly aýdymy nusgawy aýdymlaryň birine öwrüldi. Onuň sözleri häzirki Aşgabadyň keşbine has laýyk gelýär. Daşary döwletlerde çykyş edenimizde, öz baýramçylyk konsertlerimizde hem çykyşlarymyzy hökman «Aşgabat» ýa-da «Türkmen sährasy» aýdymlary bilen başlaýaryn. «Aşgabat» owadan aýdym bolansoň, ony rus dilinde-de ýerine ýetirerdiler. Nurynyň dostlary, Moskwadaky Uly teatryň solistleri hem bu aýdymy aýdardylar.
Gahryman Arkadagymyzyň 25-nji ýanwarda paýtagt şäherimize bolan iş saparyna «Watan» habarlar gepleşiginiň üsti bilen syn etdik. Hormatly Prezidentimiziň Aşgabat hakdaky aýdymlar bilen baglanyşykly aýdanlary bizde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Sungata belent sarpa goýýan, Watanymyzy gülledip ösdürýän, medeniýetiň, sungatyň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Nesip bolsa, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny ak şäherimiz hakyndaky täze aýdymlar bilen garşylap, hormatly Prezidentimizi, halkymyzy begendirjekdigimize ynandyrýarys.
Atageldi halypa soňra türkmen estradasynyň beýik zehinleriniň biri Myrat Sadykowy ýatlap, şeýle diýdi:
— Myrat Sadykow meniň halypam. Onuň owadan sesi bar. Şol sesi bilen hem halkymyzyň, sungat muşdaklarynyň göwnüni awlap bildi. Öz döwründe rus dilinde aýdan «Aşgabat» aýdymy hem onuň zehinli aýdymçydygynyň güwäsi. Bu aýdymdan «Watan» habarlar gepleşiginde bir parçanyň eşitdirilmegi göwnümizi galkyndyrdy. Aýdymy diňläniňde, aýdymçynyň owazyna owaz goşýan güýjüň Aşgabada bolan egsilmez mähir-söýgüsidigini duýmak bolýar.
Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň aýdyşy ýaly, Aşgabat hakdaky aýdymlar ýürekden çykýan söýgi-mähir bilen beslenýär. Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň, Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň ýerine ýetiren «Aşgabat» atly aýdymlarynyň hem halkymyzyň kalbynda ýer edendigi üçin şu güne çenli ýaňlanyp gelýär. Türkmenistanyň halk artisti Parahat Amandurdyýewiň «Aşgabat» diýen aýdymyny diňläniňde, paýtagtymyzyň gül açýan gözelliklerine gaýybana seýil eden ýaly bolýarsyň.
Türkmenistanyň halk artisti Suhan Orazberdiýewiň «Aşgabat» aýdymy hem şowly çykan aýdymlaryň biri. 1998-nji ýylda dörän bu aýdym şu güne çenli halkyň söýgüsini gazanyp gelýär. Baýram Mämmedowyň sözlerine, Türkmenistanyň at gazanan artisti Şirmyrat Gurbanowyň sazyna döredilen bu aýdymyň kämil, owadan ýaňlanmagynda halypa aýdymçy Suhan Orazberdiýewiň ýerine ýetiriş ussatlygy aýratyn orun tutýar. Ol aýdymyň başyndan başlap, gitdigiçe owadan heňler bilen baýlaşdyrmagy başarypdyr. Aýdymy diňläniňde, muňa açyk-aýdyň göz ýetirmek bolýar. Zehinli aýdymçy şol aýdym bilen 1998-nji ýylda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginde hem ýeňiji bolupdy.
— «Aziýanyň merjeni» diýen ada mynasyp bolan, özüniň täsin binalary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen gözel paýtagtymyz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gülläp, gül açýan ak şäherdir. 2019-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynda Oş şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp geçirilen jemleýji dabarada hem men «Aşgabat» aýdymyny ýerine ýetirdim. Şonda bu aýdymy diýseň gowy garşyladylar. Olaryň käbiri bu aýdymy öwrenip, ýerine ýetirmäge hem isleg bildirdiler. Türkiýeli aýdymçy bolsa ony özüniň gowy öwrenip, ýerine ýetirjekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň Aşgabat hakdaky aýdymlar bilen bagly aýdanlary bize egsilmez ylham berdi. Nesip bolsa, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, şonuň bilen utgaşyp gelýän paýtagt şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna täze aýdymlarymyz bilen sowgatly bararys. Aýdym-saz sungatymyzyň ussat halypasy, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! — diýip, Suhan Orazberdiýew gürrüň berdi.
Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabat hakdaky aýdymlar bilen bagly aýdanlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda medeniýet, sungat işgärlerine döredijilik işlerinde täze badalga boldy. Goý, Aşgabat hakdaky aýdymlar nesilleriň Watanymyzyň ýüregine — gözel paýtagtymyza synmaz söýgüsiniň beýany bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has belentden ýaňlansyn!
Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».